Ýoňlasak, dümewlesek babamyň gara öýi biziň gaçybatalgamyzdy. Agyryly hem «gorkunç» sanjymy alanyňdan, dabanyňa gyzyl burç goýduryp, mäjum iýip, üzärligiň tüssesine gözüňi ýaşardyp, içmege çolananyň müň paý gowudy. “Ýaz gelenini garyn biler, gyş gelenini burun biler” diýenleri. Burnumyzy çekip ugradygymyz babam çöle, üzärlige giderdi. Göýä öňünden çykyp, ýoluna garap otursak çalt geläýjek ýaly uzyn gün babama garaşardyk. Agşamam mamamyň pejiniň gübürdisini diňläp ýatyşymyza, uklamazlyga çalşardyk. Gije gara öýüň gapysy açylyp-ýapylyberse-de, uka çörňeşip ylgardyk. Sebäbi, babam çölden desse-desse üzärlikdir narpyzdan daşary, biz üçinem hökman, bir zatjyk getirerdi: tokar, çebşek, guzy, owlak... iň bolmanda, gulagy-guýrugy kesik tomalajyk güjüjek bize garaşyp ýatandyr. Mamam bolsa, eýýäm öýüň içine üzärlik tütedip ýörendir. Umuman-a, mamam, bir täzelik bolsa, öýe myhman gelse, täze ulag alynsa, hatda, täze bota ýa göle bolsa-da, hökman üzärlik aýlardy.
Obadaşlarymyz täze gelin getirilse, täze bolan bäbek garşylanylsa, ýa täze jaýa girilse: “Dili dogaly, döwletmen garry” diýip, mamamy äkidip, ýagşy dileg etdirip, üzärlik aýladardylar. Bir sapar Täze ýyl baýramçylygynda Aýazbaba bilen Garpamyk öýümize gelende, mamam «hyk-çok» edip, «Ýaman gözden, ýaman dilden gorasyn! Aýagyňyz düşümli bolsun! Hydyr ata nazar eýlesin, agzybirlik öýde güzer eýlesin!» diýen ýagşy dilegler bilen, üzärlik tütedip, aýlap ugrady. Biz bolsa, oglanlyk edip gülüşdik. Mamam: «Aý gyzlam, Aýa-Güne taý gyzlam. Üzärlik tämizlikdir, täzelikdir. Bu yrym — enelerden galan köne yrym. Yrymly-yrylmaz-a» diýipdi...
Her sapar gowulyklary görüp, täze zatlary alnyma sylanymda, üzärligiň ysy burnuma urup, mamam janyň ýagşy dilegleri ýaňlanyp gidýän ýaly bolýar.
Owadangözel ÝUSUBOWA.








