Mary welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň gurnamagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly, at-myradyň mekany” ýylyna bagyşlanyp geçirilen maslahat hem çuň mazmuna beslendi. Bu maslahatyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda asuda Watanymyzda gazanylan beýik ösüşler, ýetilen belent sepgitler, şeýle hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly, at-myradyň mekany” ýylynyň şatlykly wakalary dogrusynda buýsançly gürrüňler edildi. Bu ýerde çykyş edenler halkymyzyň asyrlar boýy döredip sungat derejesine ýetiren milli gymmatlyklary we bedew atlarmyzyň dünýä ýaýran şan-şöhraty barada-da aýratyn durup geçdiler. Maslahata gatnaşanlar halkymyzy ösüşiň täze belentliklerine sary ynamly öňe alyp barýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş hem hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Merjen Çaryýarowa








