Habarlar
Iň täze habarlarTürkmenistanyň kubogyny almak ugrunda futbol ýaryşyndan pursatlar "Merw" - "Şagadam"
Suratlar
Döwüriň şanyna şan, ösüşleriň badyna bat goşýan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Milli Lider Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde uly üstünlikleriň we ösüşleriň ýoly bilen aýdyň gelejege tarap öňe barýar.Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, etrap we şäher geňeşleriniň işgärleri we işjeň agzalaryň, Mary welaýat kitaphanasynyň gurnamagynda, “Ýaşlar syýasaty-beýik ösüşiň badalgasy”atly maslahat duşuşygy geçirildi.Bu duşuşyga,sport ýaryşlarynda ýeňiş gazanan welaýatyň ýaş türgenleri, Bagtyýar talyp ýaşlary hem gatnaşdylar. Örän täsirli geçen bu maslahatda çykyş edenler parahatçylygyň, bagtyýarlygyň mekany hökmünde at-owazasy bütin düýä dolan asuda we abadan ýurdymyzyň her biri güniniň taryhy wakalara beslenýändigini aýdyp geçdiler. Maslahata gatnaşanlar halkymyzy ösüşiň ak ýolundan öňe alyp barýan Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Milli Lider Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar. Suwhan Kulyýew.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçirilýän çäreleriň çäginde tegelek stoluň başynda atly söhbetdeşlik geçirildi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen bu söhbetdeşlik Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň gurnamagynda geçirildi.Söhbetdeşligiň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň dünýä döwletleri bilen alyp barýan hoşniýetli dost –doganlyk goňşuçylyk gatnaşyklary, ýurdumyzyň halkara derejesindäki at –abraýy, daşary ýurtlar bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň täze many-mazmunyna eýe bolýandygy hakynda buýsançly gürrüňler edildi.Bitaraplygymyzyň 30 ýyly içinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda gazanylan üstünlikler we ýetilen belent sepgitler dogrusynda giňişleýin durlup geçildi.Halkymyzy ösüş ýollar bilen öňe alyp barýan türkmen hakynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdyldy. Çarymuhammet Saparow.
Ýakynda Mary şäherindäki 12-nji çagalar bakja-bagynda «Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy çagalar bakja-bagy» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň etrap-şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan çagalar bakja-baglary gatnaşdylar. Bäsleşigiň maksady hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossana öwürmek syýasatyny durmuşa geçirmek we daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işlere ýaş nesliň işjeň gatnaşmagyny gazanmakdan, olarda daş-töweregimizi gurşap alýan tebigata söýgini terbiýelemekden, ýaş nesliň ekologiýa medeniýetini ösdürmekden ybarat boldy. Netijede, 1-nji orna Mary etrabyndaky 5-nji çagalar bakja-bagy, 2-nji orna Mary şäherindäki 12-nji çagalar bakja-bagy, 3-nji orna bolsa Ýolöten etrabyndaky 9-njy çagalar bakja-bagy eýe boldular. Ýeňijilere welaýat baş bilim müdirliginiň diplomlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bahargül MEJIDOWA.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda öňe sürýän sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak,sporty giňden wagyz etmekde. Mary welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň bilelikde guramaklarynda geçirilen bu çärä köp sanly sport türgenleri, Hormatly Prezidentimiziň köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek barada amala aşyrýan işleriniň çäginde, ýurdumyzyň Mary welaýatynda hem yzygiderli sport ýaryşlary geçirilýär. Mary Şäherindäki 8-nji sport mekdebinde Taekwon-do WT bölüminiň bilelikde gurnamaklarynda geçirilen Sportuň Teakwon-do, ITF görnüşi boýunça Mary welaýatynyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşda türgenler ýaş aýratynlyklaryna görä dürli agram derejelerinde özara bäsleşdiler. Ýaryşda welaýatyň etrapdyr şäherlerinden gelen türgenler öz ussatlyklaryny açyp görkezdiler. Dartgynly häsiýet mahsus bolan bu ýaryş has ussat we erjel türgenleriň birnäçesini ýüze çykardy. Suwhan Kulyýew.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda tutuş ýurdumyz boýunça giň gerimde ýaýbaňlanan güýzki bag ekmek dabarasy Mary welaýatynyň hem ähli künjeginde ir säherden başlandy. Bag ekmek boýunça welaýat derejesindäki dabara Mary welaýat häkimliginiň gurnamagynda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň “Täze güýç” geňeşliginiň çäginde bag nahallaryny ekmeklige niýetlenen giň meýdanda geçirildi. Ýurdumyzy bagy – bossanlyga öwürmek baradaky asylly ýörelgelerden ugur alnyp geçirilen bu ählihalk bag ekmek dabarasyna welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat Halk maslahatynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara – kärhanalarynyň, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň ýolbaşçylary, bagçylyk pudagynyň işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri, mährem eneler we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy – bossanlyga öwürmek, daşky gurşawy goramak, bag nahallaryny ekmek, olara göwnejaý ideg etmek ýaly möhüm işler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Giň meýdanlarda ýaşyl bag zolaklarynyň döredilmegi, halkymyzyň ýaşaýyş – durmuş şertlerini ýokarlandyrmakda, tebigatyň tämiz howasyny üpjün etmekde we onuň gözelligini baýlaşdyrmakda döwletimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän işleriň aýdyň netijeleridir. Ata – babalarymyzyň bag ekmek ýaly sogaply işlerine, asylly ýörelgelerine eýerilip geçirilen bu bag ekmek çäresinde biziň howa we toprak şertlerimize durnukly bolan türkmen arçalarynyň nahallary ekildi. Hormatly Prezidentimiziň güýzki bag ekmek dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada beren gaýragoýulmasyz tabşyryklaryndan ugur alnyp geçirilen bu ählihalk bag ekmek dabarasy Mary welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň kalbynda ruhy galkynyş döretdi we ol hakyky zähmet baýramçylygyna öwrüldi. Welaýatyň ýaşuly nesilleriniň baş bolmagynda badalga berlen bag ekmek dabarasy giň gerimde ýaýbaňlandy. Tutuşlygyna ekin meýdanyny gurşap alan adamlaryň her biri bag nahallaryny oturtmak bilen zähmetsöýerligiň ajaýyp nusgasyny görkezip, ýurdumyzy gür baglyga öwürmek, daşky gurşawy goramak ýaly asylly işlere öz mynasyp goşantlaryny goşdular. Bag nahallaryny ekýän adamlaryň zähmet joşgunynyň şatlyk – şowhuny uzaklara ýaň saldy. Ählihalk bag ekmek dabarasy gününde welaýatyň zähmetsöýer adamlarynyň çekýän yhlasly zähmetleri netijesinde bag nahallarynyň müňlerçe düýpleri oturdyldy. Bu günki ählihalk bag ekmek dabarasyna bagtly döwrümiziň bagtyýar ýaş çatynjalary şeýle-de welaýatyň köp çagaly eneleri hem uly höwes bilen gatnaşdylar. Güýz paslynda ekilen bag nahallarynyň uzaklara uzap gidýän göni hatarlary töwerege görk berip, ozalky bar bolan baglaryň hem üstüni ýetirdi. Bu baglar geljekde bereketli toprakda kök urup, bagy – bossanly ýerleriň birine öwrüler. Howanyň tämiz we arassa bolmagyna, tebigatymyzyň gül – gülzarlyga öwrülmegine öz täsirini ýetirer. Bag ekmek dabarasynyň geçýän ýerinde guralan döwrebap aýdym – sazly çykyşlar hem dabara gatnaşanlaryň göwünlerini joşduryp, olara ruhy lezzet paýlady. Bu ýerde welaýatyň medeniýet we sungat ussatlary, estrada aýdymçylary, bagşy-sazandalary, tans toparlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne mahsus aýdym – sazlar bilen çykyş etdiler. Halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy bagy – bossanlyga öwürmekde alyp barýan rowaç işleri, türkmen tebigatynyň ajaýyp gözellikleri, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyz joşgunly wasp edildi. Hatar gurlan ak öýleriň töwereginde eli hünärli ussalaryň ýasaýan oba hojalyk we daýhançylyk hem-de zähmet gurallaryny, bagbanlaryň çekýän asylly zähmetleri netijesinde ýetişdirilýän bag nahallaryny, suratkeşleriň döreden eserlerini giňden beýan edýän sergilerem guraldy. Bu ýerde bagtyýar körpeleriň çaga dünýäsine mahsus oýunlara gümra bolmaklary hemmeleriň ünsüni özüne çekdi. Bag ekmek dabaralary welaýatyň ähli etrapdyr şäherlerinde, döwrebap binalarynyň, edara – kärhanalarynyň, okuw jaýlarynyň daş – töwereginde hem guramaçylykly geçirildi. Bu möhüm çärä hemmeler işeňňir gatnaşyp, bag nahallarynyň müňlerçe düýplerini oturtdylar. Bu ýerlerde ozalky bar bolan baglary timarlamak we daş – töweregi abadanlaşdyrmak işlerine-de giň gerim berildi. Bag ekmek dabarasyna gatnaşan welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylary ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde, daşky gurşawy goramakda, güneşli diýarymyzy bagy – bossanlyga öwürmekde alyp barýan işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Toýmyrat Gurbanow.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz boýunça giňden bellenilen Hasyl toýunyň baýramçylyk dabaralary Mary welaýatynda-da göwünleri joşa getirýän toý şatlyklaryna beslendi. Mary welaýat häkimliginiň, welaýat medeniýet müdirliginiň, Türkmenistanyň zenanlar birleşiginiň Mary welaýat bölüminiň, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda geçirilen belent tutumly toý çäresi welaýatyň gözel künjeginde ýerleşýän halkymyzyň milli ruhuna ýugrulan ,,Türkmeniň ak öýi” binasynyň çar ýanyny gurşap aldy. Bu baýramçylyk güninde welaýatyň ýaşuly nesliniň wekilleri bilen birlikde oba hojalyk işgärleri, hasyl ussatlary, pagtaçy-kärendeçileri, gallaçylary, ussat ekerançylary oba hojalyk pudagyna dahylly edara-kärhanalaryň işgärleri dabaranyň geçirilýän ýerine toý ýörişi bilen geldiler. Hasyl toýunyň dabarasynda çykyş eden adamlar welaýatyň ähli oba zähmetkeşlerini baýramçylyk mynasybetli mähirli gutlap, olara gelejekde hem yhlasly zähmet çekip Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba-hojalyk pudagyny ösdürmekde alyp barýan işlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşmaklaryny arzuw etdiler. Hasyl toýunyň dabarasynda döwlete bugdaý, pagta we beýleki oba hojalyk önümlerini tabşyrmakda belent sepgitleri eýeleýän kärendeçileriň birnäçesine Hormatly Prezidentimiziň adyndan baýramçylyk sowgatlary hem gowşuryldy. ,,Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňünde giň gerimde ýaýbaňlanan toý çäresi soňra welaýatyň medeniýet we sungat işgärleriniň, estrada aýdymçylarynyň birleşen tans toparlarynyň Hasyl toýuny belent heňlerde wasp edýän çykyşlary bilen dowam etdi. Bu ýerde welaýatyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň medeniýet işgärleri bilen bilelikde ýerine ýetiren edebi-sazly çykyşlary toý çäresine hasam bezeg berdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne mahsus ýerine ýetirilen çykyşlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmekde alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işlerini, oba hojalyk işgärleriniň gazanýan üstünlikleri, eşretli zamanamyzy hem-de Hasyl toýy wasp edildi. Aýdym-sazlaryň, döwrebap tanslaryň uzaklara ýaň salan şirin owazlary toý çäresine gatnaşýan mähelläniň göwünlerini joşdurdy. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyna uly ruhubelentlik bilen barylýan günlerde geçirilen bu hasyl toýunyň dabarasyna gatnaşýan welaýatyň ýaşuly nesliniň wekilleri, mährem eneler, oba hojalyk pudagynyň öňdebaryjylary kalplary joşa getirýän toý çykyşlaryndan ruhy lezzet aldylar. Döwrebap binanyň toý sahnasynda pagtanyň we bugdaýyň döredilen ajaýyp şekilleri bolsa baýramçylyk çäresine özboluşly gözellik çaýdy. Baýramçylyk dabarasynyň daş-töwereginde welaýatyň azyk we dokma senagaty kärhanalarynda, hususy kärhanalarynda ýokary tehnologiýalar arkaly öndürilen döwrebap harytlaryň we oba hojalyk önümleriniň şeýle-de gök we bakja önümleriniň dürli görnüşleriniň sergilerine-de uly orun berildi. Sergide görkezilen ýokary hilli harytlar we oba hojalyk önümleri ýurdumyzyň bu pudaklarynda uly ösüşleriň gazanylýandygyny aýdyňlygy bilen subut etdi. Bu sergide oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde ulanylýan dökünler hem-de amaly haşam sungatyna, el hünärine, senetçilige degişli milli gymmatlyklarymyz hem görkezildi. Tebigy ot-çöplerden taýýarlanylýan melhemlik çaýlaryň sergisi-de örän täsirli boldy. Soňra Hasyl toýunyň belent tutumly dabaralary ,,Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanaşyk ýerinde dowam etdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ähli halkymyza we oba hojalyk işgärlerine iberen mähirli gutlagyndan ruhlanan welaýatyň bagtyýar raýatlary bu toý çäresine hem ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Bu ýerde türkmen obasynyň ajaýyp keşbi emele getirilip, ak öýler dikilip, olaryň öňünde halkymyzyň milli toý däp-dessurlaryny giňden beýan edýän çykyşlar görkezildi. Welaýatyň etrapdyr şäherlerinden gelen medeniýet işgärleriniň, folklor we döredijilik toparlarynyň, bagşy- sazandalarynyň, ussat tansçylaryň çykyşlary toý dabarasynyň şatlygyny has hem artdyrdy. Bu ýerdäki çykyşlarda halk döredijiligi boýunça läleler kakylyp, hüwdüler ýerine ýetirildi. Toýlaryň şatlyk-şowhuny toý mähellesiniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne bolan buýsançlaryny belende göterdi. Baýramçylyk mynasybetli guralan çykyşlar medeniýet we sungat işgärleriniň Hormatly Prezidentimiziň milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmekde alyp barýan işlerine bolan alkyş sözleri bolup ýaňlandy. Bu ýerde bagtyýar körpeleriň toý şatlyklaryna goşulyp, aýterek-günterek oýnaýan, läle kakýan we gopuz çalýan pursatlary şeýle hem ertekilerdäki gahrymanlaryň keşplerine girip oýnan oýunlary has-da ýakymly pursatlaryň biri boldy. Hatar gurulan toý gazanlarynda, palow, dograma we çekdirme ýaly birnäçe tagamlar bişirilip, toý mähellesine hödür edilmegi halkymyzyň myhmansöýerlik, myhmana hezzet-hormat etmek ýaly ajaýyp däpleriniň häzirki ajaýyp döwrümizde hem giňden dowam etdirilýändigini äşgär etdi. Gelinleriň tamdyrda çörek ýapyp, hamyr ýugrup, pişmedir beýleki milli tagamlary taýýarlamagy, bereketli türkmen topragynyň bol hasylyndan gyşlyk azyklaryň taýýarlanmagy baýramçylyk dabarasyna aýratyn bezeg berdi. Welaýatyň ussat türgenleriniň, sport ulgamynyň işgärleriniň tanap çekip, ýaglyga towusmak, göreş tutmak ýaly sportuň köp sanly görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlary özboluşly aýratynlyklary bilen tapawutlandy. Hasyl toýunyň giň gerimde ýaýbaňlanan çäresine gatnaşan welaýatyň bagtyýar raýatlary we oba hojalyk işgärleri oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan belent maksatly özgertmeleri üçin Türkmen halkynyň milli Lideri Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Merjen Çaryýarowa, Göwher Ataýewa.
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde yglan eden “Türkmen keşdeçilik sungaty-milli mirasymyz” atly bäsleşiginiň jemleýji Mary welaýat tapgyry Mary şäheriniň “Bagt köşk” toý dabaralar merkezinde geçirildi. Mary welaýat zenanlar bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda geçirilen bu bäsleşige bäsleşigiň saýlama tapgyrlarynda ýeňiji bolan dürli pudaklarda zähmet çekýän elli çeper zenanlar gatnaşdylar. Bäsleşigiň dowamynda dünýä nusgalyk bolan türkmen keşdeçilik sungatyny we bäsleşik üçin saýlap alan keşdelerini giňişleýin wasp etdiler. Ýokary işjeňlik derejesinde geçirilen bäsleşigiň jemleri boýunça tapawutlanan ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Bäsleşikde çykyş edenler halkymyzy eşretli zamanada ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar. Dursun Ilbegiýewa.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda türkmen sporty barha rowaçlanýar. Ýurdumyzda türkmen türgenleriniň sport bilen yzygiderli meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär, sport desgalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Şeýle-de, kiçi ýaşly çagalary sporta çekmekde taýsyz tagallalar edilýär. Türkmen sportunyň halkara abraýynyň ýylsaýyn belende galýandygyny hem aýratyn bellemek gerek. Ýaş, ezber türgenlerimize döwlet derejesindäki ýaryşlar bilen bir hatarda halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlara hem gatnaşmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Olar hem şeýle amatly şertlerden peýdalanyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezip, ýaryşlarda ýokary netijeleri gazanyp, ýaşyl Tugumyzy al-asmanda parladýarlar. Munuň özi ýurdumyzda sportuň has-da ösmegi ugrunda döredilýän taýsyz tagallalaryň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Türkmen sportunyň gülläp ösmeginde, onuň at-owazasynyň bütin dünýä ýaýramagynda ençeme beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir. Begenç AMANOW.
Gyş gazaply gelende ýaplar bagry bilen gataýar, guýularyň ajy, şor suwlusy doňman, mallary ýakmaga ýaraýar. Sowuk boldugyça-da mallar köp suw içýän ýaly. Garam galyň düşüp aýaza ýüzi gyrpaklap buldurçyn basansoň, mallaryň injik hamyny sypyryp ýara salýar. Onsoň eldeki mallar kaşarda saklanýar. Ýöne dat, ýabanylaryň gününe. Kä aýazly gijeler aňzaga çydaman, kaşara gelýän keýikleri: «Awçy awy mert bolmaly. Ejizläne degmek namartlykdyr” diýýän çopan olary goraýardy. Şol aldajy aýazda dogulýan guzularam bize dertdi. Garawullap, oda tutup daşyny guratmasaň, olar saňgaty bolup, doňup galýardy. Ine şeýdip «Bir depämiz, bir dabanymyz degýän” döwürde, bir zat gözläp paty-puty goýýan ýerdöle kysmy jaýymyzy açsam, bir zat ilk-ä “hasss” edip soňam «gyggg” edýän sesi bilen zährämi ýardy. Ylgap: «Ýerdölede bir zad-a bar. Zemzen bilen ýylan-a gyş ukyda...” diýsem, çopan gaşynam galdyrman: «Döwük penjiräň öňünde garagulagyňmy, köwügiňmi aýak yzy bardy. O janawaram aýaza çydaman, bizi penalap gelendir. Belki, köpelmeli wagty golaýlandyr” diýdi. Derrew döwük aýnany berkläp, ýalpak gapda geçiniň süýdüni, galan nahary goýup başladym. Howa maýlap, arkamyza şemal çalanda köwük köpeldi. Itleriň ýok wagty awa çykýan köwügi, goş garawuly garry köpekden goramagam maňa dertdi. Gijenleriň köwükleriň gözi açylanda birini goşa getirip gizledim. Awdan gelen köwük esli wagtlap «a” sesini uzyn edip «wawlap” çagasyny gözledi, soňam çagalaryny agzynda hallanladyp ýitirim boldy. Goşda galan gijen (köwük) welin, azyk-owkadyňy nirede gizleseňem tapýan gemrijilere garşy göreşip hezil berdi. Saryja tomsuň öňýany başga guýa göçenimizde gijeni ýitirdik. Güýz gyrkymyndan soň ýene Çomuçla geldik. Mallar örä gitdem welin, apaň-apaň basyp gaplaň ýöreýşini edip, gijen bir ýerden çykdy. Aýagyma süýkenip, «myrryldap” ýallaklar öýtdüm. Eger-eger mizänogam. Gaýta gözüňe göni garap: «Men seň eýläňe-beýläňe geçip zat dileýän, bermeseňem ogurlaýan öýdeçi pişigiň däl. Öz awyny özi alyp, öz gününi özi görýän erkin köwük men” diýýän ýaly, goşda güberlip ýatyr. Çopan: «Göwresi öý pişiginden üç esse uly köwük çeýeden gelen çalasyn, dogumlydan gelen garadangaýtmazdyr. Gurt çagasyndan ekdi bolmaýşy ýaly, köwükdenem eldeki çykmaz. Köwük erkinligini elden bermeýän, Hydyr gören gumly garyndaş-da» diýip, gijeni guwanç bilen synlady. Ynsanyň yssy mährini dadyp, azabyňy puja çykarman, mahal-mahal habar tutýan köwük, diňe bir Çomuçly guýynyň töweregine “Gijen” adyny goýman, eýsem, ýakymly ýatlama bilen ýüregimde-de ýitmez yz goýdy. Döwletmyrat JUMADURDYÝEW.
Döwüriň şanyna şan, ösüşleriň badyna bat goşýan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Milli Lider Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde uly üstünlikleriň we ösüşleriň ýoly bilen aýdyň gelejege tarap öňe barýar.Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, etrap we şäher geňeşleriniň işgärleri we işjeň agzalaryň, Mary welaýat kitaphanasynyň gurnamagynda, “Ýaşlar syýasaty-beýik ösüşiň badalgasy”atly maslahat duşuşygy geçirildi.Bu duşuşyga,sport ýaryşlarynda ýeňiş gazanan welaýatyň ýaş türgenleri, Bagtyýar talyp ýaşlary hem gatnaşdylar. Örän täsirli geçen bu maslahatda çykyş edenler parahatçylygyň, bagtyýarlygyň mekany hökmünde at-owazasy bütin düýä dolan asuda we abadan ýurdymyzyň her biri güniniň taryhy wakalara beslenýändigini aýdyp geçdiler. Maslahata gatnaşanlar halkymyzy ösüşiň ak ýolundan öňe alyp barýan Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Milli Lider Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar. Suwhan Kulyýew.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçirilýän çäreleriň çäginde tegelek stoluň başynda atly söhbetdeşlik geçirildi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen bu söhbetdeşlik Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň gurnamagynda geçirildi.Söhbetdeşligiň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň dünýä döwletleri bilen alyp barýan hoşniýetli dost –doganlyk goňşuçylyk gatnaşyklary, ýurdumyzyň halkara derejesindäki at –abraýy, daşary ýurtlar bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň täze many-mazmunyna eýe bolýandygy hakynda buýsançly gürrüňler edildi.Bitaraplygymyzyň 30 ýyly içinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda gazanylan üstünlikler we ýetilen belent sepgitler dogrusynda giňişleýin durlup geçildi.Halkymyzy ösüş ýollar bilen öňe alyp barýan türkmen hakynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdyldy. Çarymuhammet Saparow.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Italiýa Respublikasyna resmi sapary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Şu waka mynasybetli daşary ýurt dillerine, aýratynam, italýan dilini öwretmeklige ýöriteleşdirilen mekdebimizde “Italýa syýahat” atly dabaraly duşuşyk geçirildi. Bu çäräni TDP-niň Baýramaly şäher komiteti, etrap bilim bölümi, TMÝG-niň etrap geňeşi bilelikde geçirdiler. Oňa atlary agzalan guramalaryň, etrap bilim bölüminiň işgärleri, mekdepleriň mugallymlary we okuwçylar gatnaşdylar. Dabaraly duşuşykda TDP-niň Baýramaly şäher komitetiniň başlygy Agamyrat Seýitberdiýew, TMÝG-niň Baýramaly şäher geňeşiniň başlygy Kemal Ýazgeldiýew, şäher bilim bölüminiň hünärmeni Aknabat Şyhyýewa çykyş etdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly daşary syýasatynyň rowaçlyklara beslenip, dünýäniň döwletleri bilen gatnaşyklaryň ösdürilýändigi barada gürrüň etdiler. Türkmen — italýan gatnaşyklarynyň has-da işjeň häsiýete eýe bolýandygy barada durup geçdiler. Dabaraly duşuşygyň dowamynda mekdebimiziň okuwçylary italýan dilinde aýdymlary aýtdylar, goşgulary labyzly okadylar. Gyzykly geçirilen zehin bäsleşigi, ýerine ýetirilen şowhunly tanslar dabaramyza gatnaşanlarda örän uly täsir galdyrdy. Şiraly MUHIÝEW.
Ýakynda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň baýramy mynasybetli welaýatymyzyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän ildeşlerimiziň hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda “Bitaraplyk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dabaralanmasy” atly aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen dabaraly maslahat hemmeler üçin örän täsirli boldy. Dabaraly maslahatda TKA-nyň Şatlyk şäher birleşmesiniň başlygy Gurbanmuhammet Babaýew, TKA-nyň Sakarçäge etrap birleşmesiniň başlygy Orazgül Abdyýewa, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň pudagara utgaşdyryjysy Bibihatyja Hatamowa, welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Bägül Begliýewa we beýlekiler çykyş etdiler. Çykyş edenler ýurdumyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda alnyp barylýan beýik işler, gazanylýan üstünlikler, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň baýramyna görülýän taýýarlyklar dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Dabaraly maslahatyň dowamynda welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Ajaýyp döwrümizi wasp edýän aýdym-sazlar maslahata gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. Oguldursun KAMAROWA.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat we Baýramaly şäher geňeşleriniň we Mary welaýat Maliýe – ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamaklarynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. ,,Eziz diýarymyz ösüşlere beslenýär” diýip atlandyrylan bu maslahata Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ösüşleri, Döwletimiziň Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti, Baky Bitarap ýurdumyzda ýetilen belent sepgitler dogrusyndaky gürrüňler bu dabaraly maslahatyň esasyny düzdi. Dabaraly maslahatyň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Dabarada sungata höwesjeň talyp ýaşlar hoş owazly çykyşlaryny uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler. Olar ýerine ýetiren çykyşlarynda Garaşsyz hem Baky Bitarap Watanymyza, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli alyp barýan rowaç işlerine bolan çäksiz buýsançlaryny belent joşgun bilen beýan etdiler. Toýmyrat GURBANOW.
Bilşimiz ýaly, golaýda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Italiýa Respublikasynda resmi saparda bolmagy mynasybetli Baýramaly şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 5-nji orta mekdepde “Dil bilen dünýäni gezer” diýen at bilen maslahat duşuşygy geçirildi. Işjeň häsiýete eýe bolan bu maslahaty Baýramaly şäher bilim bölümi, TMÝG-niň Baýramaly şäher geňeşi bilen bilelikde guradylar. Oňa ýokarda ady agzalan bölümiň we TMÝG-niň şäher geňeşiniň işgärleri, şäherdäki mekdepleriň mugallymlary we okuwçylary gatnaşdylar. Maslahatda Baýramaly şäher bilim bölüminiň hünärmeni Gunça Nazarowa, TMÝG-niň Baýramaly şäher geňeşiniň baş hünärmeni Selbi Çolukowa, şu mekdebiň müdiri Enebaý Agamyradowa çykyş etdiler. Olar hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň türkmen-italýan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekdäki taryhy ähmiýeti barada gyzykly gürrüň berdiler. Şeýle hem resmi saparynyň barşynda döwlet Baştutanymyzyň türkmen-italýan işewürlik maslahatynda hem-de Italýanyň paýtagty Rim şäherinde “Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary” atly arheologik sergisiniň açylyş dabarasynda eden çykyşlary dogrusynda durup geçdiler. Bagtygül GURBANOWA.
Golaýda Türkmengala etrap medeniýet öýünde etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap merkezi kitaphanasynyň, etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda “Berkarar döwletde bagtyýar Diýar, Şanly Bitaraplyk toýuna barýar” ady bilen hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýuna bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we etrapdaky edara-kärhanalaryň işgärleri gatnaşdylar. Dabaraly çärede etrap häkiminiň orunbasary, etrap zenanlar bölüminiň başlygy Gülbahar Nurýagdyýewa, TDP-niň etrap komitetiniň işgäri Aýjeren Işangulyýewa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Myratly Amannaýew, TMÝG-niň etrap geňeşiniň baş hünärmeni Bilbil Jumaýewa, etrap merkezi kitaphanasynyň kitahanaçysy Jennet Jumaýewa çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda hemişelik Bitaraplygymyzyň bize beren dost-doganlyk gatnaşyklary, ähli ulgamlarda gazanylan üstünlikler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan Diýarymyzyň ösüş-özgerişleri, daşary döwletler bilen söwda ykdysady gatnaşyklary barasynda durup geçdiler. Şeýle hem çäräniň ahyrynda etrabyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary belentden belent ýaňlandy. Muhammetnazar TÄŞLIÝEW.
Ýakynda TDP-niň Mary şäher komitetiniň, TMÝG-niň şäher geňeşiniň, welaýat kitaphanasy bilen bilelikde guran maslahaty «Bitaraplyk — hoşniýetliligiň beýany» diýlip atlandyryldy. Maslahata şäher halk maslahatynyň agzalary, ýaşuly nesliň wekilleri, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, kitaphanaçylar gatnaşdylar. Maslahatda TDP-niň şäher komitetiniň başlygy Hekimberdi Orazberdiýew, welaýat kitaphanasynyň direktory Ýazgül Sarykowa, TMÝG-niň şäher geňeşiniň esasy hünärmeni Humaý Amanowa çykyş etdiler. Çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň halkara derejesinde dabaralanjakdygy, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilendigi dogrusynda täsirli gürrüň etdiler. Annajemal MUHAMMETGYLYJOWA.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň hem-de Mary welaýat Zenanlar bölüminiň bilelikde gurnamaklarynda wagyz-nesihat çäresi geçirilip, oňa dürli ulgamlarda zähmet çekýän işewür zenanlar gatnaşdylar. ,,Zenanlar bagtyýar durmuşyň özeni” ady bilen geçirilen bu çärede çykyş edenler ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaş nesillerimizi milli ruhda terbiýelemekde, olaryň Watana, il-güne wepaly ynsanlar bolup ýetişmeklerinde hem-de maşgala mukaddesligini berkitmekde zenanlaryň tutýan orny dogrusynda täsirli gürrüňler etdiler. Şeýle-de bu ýerde Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda ýetilen belent ösüşler we şol ösüşlere zenanlaryň goşýan goşantlary hem-de döwletimizde zenanlara goýulýan hormat-sarpa dogrusynda-da aýratyn buýsanç bilen nygtalyp geçildi. Wagyz-nesihat çäresine gatnaşanlar ýurdumyzda zenan mertebesini belende göterýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Merjen Çaryýarowa.
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri







