Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy
weather mary 4° C Mary
weather mary 4° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

822 01.05.2025

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Suratlar

19
19 05.12.2025
Täsirli maslahat

Mary lukmançylyk orta okuw mekdebinde geçirilen wagyz-nesihat çäresi hem çuň manyly çykyşlara baý boldy. Bu wagyz-nesihat çäresinde çykyş eden welaýatyň hukuk goraýjy edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan ösüşler we üstünlikler, şeýle hem ýaşlar bilen bagly kada-kanunlaryň doly we dogry berjaý edilmelidigi dogrusynda durup geçdiler. Ynsan saglygyna zeper ýetirýän zyýanly serişdeler we olary sagdyn jemgyýetimizde ýok etmeklige garşy köpçülikleýin alnyp barylýan işler dogrusyndaky gürrüňler hem wagyz-nesihat çäresiniň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Bu ýerde çykyş edenler ahlaklylyk, dogruçyllyk, halallyk we zähmetsöýerlilik ýaly ynsana mahsus bolan ajaýyp gyzlyk häsiýetler barada hem aýdyp, ýaşlara ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny, il-güne gerekli, Watana wepaly, hünärine ökde ýaşlar bolmaklaryny öwran-öwran nygtadylar. Merjen Çaryýarowa.

13
13 04.12.2025
Senagat  kärhanalarynda ýangyn  howpsuzlygy

Habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ÝHB-niň Mary şäher ÝHB-niň müdiriniň işgärler boýunça orunbasary, içerki gullugyň podpolkownigi Röwşen SALAROW bilen duşuşyp, senagat kärhanalarynda ýangyn howpsuzlygynyň kadalary barada gürrüň bermegini haýyş etdi. — Türkmenistanyň “Ýangyn howpsuzlyk hakynda” Kanunynyň talaplaryna laýyklykda, senagat kärhanalarynda ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek jogapkärçiligi şol kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň üstlerine ýüklenilýär. Kärhana täze işe girenler bilen ýangyn howpsuzlygyndan gözükdirme geçirilmelidir. Kärhananyň hemme binalaryna we desgalaryna päsgelçiliksiz barar ýaly şert döredilmelidir. Binalaryň, desgalaryň, çig mallaryň we harytlaryň üýşürilen ýerleriniň ýangyn ýodalaryny ýapmak gadagandyr. Kärhananyň çägi we önümçilik meýdançalary ýangyn howply zir-zibillerden we önümçiligiň galyndylaryndan arassalanan bolmalydyr. Kärhananyň çäginde ýangyn howply galyndylary açyk görnüşde saklamak gadagandyr. Olaryň saklanmagy üçin biri-biriniň arasy 100 metr aralykdan golaý bolmadyk, üsti gapakly (ýapylýan) demir gutular oturdylmalydyr. Galyndylar tozgalandyrmaýan ýöriteleşdirilen awtoulaglarda, gaplarda kärhananyň çäginden çykarylmalydyr.  Adamlaryň halas ediş ýollarynda hiç hili päsgelçilik bolmaly däldir. Ikinji halas ediş gapylaryny gulplamak, çüýlemek gadagandyr, olar diňe içinden kilt bilen ildirilmelidir. Senagat kärhanalarynyň önümçilik sehlerinde, edara jaýlarynda we binalarynda ýangyn dörände adamlary halas etmegiň meýilnamasy çyzylyp, görnükli ýerde asylyp goýulmalydyr. Olaryň çäginde açyk ot ýakmak, çilim çekmek, wagtlaýyn elektrosimleri, näsaz elektrik enjamlary ulanmak gadagandyr. Senagat kärhanalarynyň çägindäki suw howuzlary elmydama arassa, içi suwdan doly ýagdaýda saklanmalydyr, olaryň ýanyna ýangyn söndüriji ulaglary päsgelçiliksiz barar ýaly bolmalydyr, içki ýangyn kranlary ýangyn suw geçirijileri, suw pürküjileri bilen üpjün edilmelidir we ýörite gutularda saklanylmalydyr. Ýangyna garşy gurallary, enjamlary başga maksatlar üçin ulanmak gadagandyr. Senagat kärhanalarynyň binalaryndaky, önümçilik sehlerindäki, ammarlaryndaky agaç konstruksiýalar oda durnukly düzüm bilen işlenip geçilmelidir. Gürrüňi ýazga geçiren Baýram AMANOW.

15
15 04.12.2025
Farabynyň  parasatly  sözleri

Sabyr-takatly bolmak gyssanmaç ýagdaýda bir netijä gelip, soňra masgara bolmakdan halas eder. Kanagatlylyk we sabyr-takatlylyk erkinligiň esasy sütünidir. Nebis adamy masgaraçylyga eltse, kanagatlylyk diňe abraý getirer. Ynsanyň ähli edýän işleri, ilki bilen, onuň pikirinde döreýändir. Akylly adam özüne dost tutunmalydyr we çaganyň ýaşlygyndan terbiýelenişi kimin ýa-da ýaňy düýp tutan nahalyň idedilişi kimin, ony diňe ýagşy işlere gönükdirmelidir. Kimdir birinden üstün çykmak üçin ol adamyň aýbyny gözlemegin! Aýp gözlemek ejiz adamyň we namardyň işidir. Özüniň nebsini ýeňip, kimdir birine ýardam berip, eden ýardamyna derek hiç bir zat islemeýän adam sahy adamdyr. Ýaşaýşy, durmuşy, özi hakyndaky ýagşy ýatlama çalşyp bilýän adam edermendir. Ynsan ynanç bilen ýaşamalydyr. Ynsanyň ähli häsiýetleri jübütdir. Ýagşylygyň ýanynda ýamanlyk, adalatyň ýanynda zulum, gaharyň ýanynda bolsa rehimdarlyk bardyr. Nebis ynsany rahatlykdan we asuda ýaşaýyşdan jyda düşürer. Adamyň gylyk-häsiýeti onuň terbiýe alan maşgalasyna mahsusdyr. Dogry sözlülik päk kalpda orun tutýandyr. Dogry sözli adamlar adamlaryň arasynda uly abraýdan peýdalanýandyrlar. Pikirdeş adamlarda biri-birine gapma-garşylyk ýüze çykmaz. Pikiriňi diňe özüňe pikirdeş we goldajak adamlaryň arasynda aýt. Akyl haýyr-yhsan işleriniň çeşmesidir. Taýýarlan Penji DURDYÝEW.

26
26 04.12.2025
Ýagşy  kişä duş  bolsaň... (Bolan waka)

Öňräk körpe oglumyzy öýerip, toý tutduk. Uly gyzym toýa gelende özüniň owadan, galyň halyň üstünden ýazylýan matalaryndan “Toý geçýänçä ulanyň” diýip üç sanysyny getiripdir. Bir gün uly gyzym bizi nahara çagyrdy. Iki gelnim bilen agtygyma: “Taýýar bolan bolsaňyz, ulag tutup geljek” diýip uly ýoldan ulag tutup geldim. Matalary hem ulagyň yzyna atyp, ýola düşdük. Sürüji oňat oglan eken, ýolboýy gümür-ýamyr edişip, düşüp galdyk. Ulag gidensoň men birden: “Wiý, matalary almandyrys” diýip seslendim. Aljyrap, ulagyň yzyndan seretdim. Ulag eýýäm gözden ýitipdir.  Meniň iýip-içip hem mazam bolmady. Iki gulagym daşarda. Özümem: “Adamyň zadyna eýelik etjek oglana meňzänok, ýüzi-gözi nurana, gepi-sözi ýerbe-ýer eken” diýdim. Gyzymam: “Eje, arkaýyn iýip-içsene, getirer, getirmese-de zyýany ýok” diýdi. Gyzymyňkyda ep-esli wagt oturdyk, soň öýe geldik. Günortanyň yssysy geçdi. Şol wagt işikde ulagyň sesi eşidildi. Men turup, daş çykdym. Görsem, şol oglan ýylgyryp dur. Ol: “Daýza, bagyşlaň! Öýüme barýançam ýadyma düşmändir” diýip matalary tagta sekiniň üstünde goýdy. Men alkyş baryny aýdyp, özüniň niredendigini soradym. Ol: “Men Wekilbazar etrabynyň G. Atabaýew geňeşliginden” diýdi. Men: “Çaý-çörek iýip-içip gidäýiň, goşmaça ýol puluny hem bereýin” diýdim. Ol bolsa: “Ýok, daýza, zat gerek däl, sag boluň!” diýip, ulagyny sürüp gitdi. Men matalary göterip, begenip öýe girdim. Birdenem: “Wah-eý” diýip, seslendim. Gelnim: “Daýza, indi näme boldy?” diýdi. “Wah, ýaňky oglana toý ýaglyk bir beren bolsak bolmaýamydy?” diýip ahmyrly nazarymy toýa gelen süýji-kökelere aýladym. Bäş minut giç gelen pikirime ökünip, aňyrsyna çykyp bilmedim. Onsoň men öz düzen goşgularymyň içinden: “Gowular bar, şoň üçin ýaşaýar Zemin” diýen setirimi serimde aýlap, ýaňky ýigidiň ynsaply, halal häsiýetlidigine guwandym, ony terbiýelän ene-atasyna alkyş okadym. Megerem, meniň begenşimi duýmak, olar üçin iň gowy sowgatdyr. Gowular şeýle bolýar ahyry. Mährigözel DURDYÝEWA.

11
11 04.12.2025
Ýagly  çörek (Rowaýat)

Gadym zamanlarda juda agzybir ýaşap, il-ulusa görelde bolup ýören är-aýal bar eken. Aýaly her gün irden tamdyrda 4 sany ýagly çörek bişirip, onuňam ýagly ýerini ärine berip, aşaky — tamdyra ýapýan ýerini özi iýer eken.  Şeýlelikde, bular 30 ýyllap bile ýaşapdyrlar. Şol 30 ýylyň içinde her gün şu ýagdaý gaýtalanyp, olar süýji durmuşyň hözirini görüpdirler.  Şol günleriň birinde ýaňky aýalyň gulagyna daňdanlar şeýle owaz gelipdir: “Sen ony şeýle ezizläp söýseňem seniň äriň seni jany-teni bilen söýenok, sen indiden beýläk çöregiň ýagly ýerini özüň iý-de, çöregiň aşagyny äriňe ber!”. Bu owaz üç gezek dagy gaýtalanypdyr, ana, şol günden başlap aýaly ärine çöregiň aşaky gatyny berip ugrapdyr.  Günleriň geçmegi bilen bir gün äri aýalyna garap: “Wah, keýwany, ikimiz 30 ýyl bir saçakdan bile çörek çeýnäp ýörsegem göwnüňe bir zat alarmykaň öýdüp, men saňa şuny aýdyp bilmän ýördüm. Haý, şun-a özüňden bilip oňaraýypsyň-ow, köp sag bol” diýipdir.  Şunlukda adamzadyň et bilen derisiniň arasynda mesgen tutan nälet siňen şeýtanyň pirimi paşmandyr. Bular öňküsindenem has agzybirlikde ýaşap başlapdyrlar. Taýýarlan Atamyrat TORLYÝEW.

13
13 04.12.2025
OBA GYZLARY   (Aýdym)

Bagdaky guşlardan ir oýanarlar, Bägülden görmekli oba gyzlary. Saçyn ýel oýnanda timarlanarlar, Şirmaýy darakly oba gyzlary. Gelşikdir baýrama, bezegdir toýa, Zähmetde gahryman, soltandyr öýe, Öz guran bagtyna özleri eýe, Her işde deň hakly oba gyzlary. Islese, dünýäme ederler sapar, Toýda sallanarlar, işe tiz gopar. Başlasa gutarar, gözlese tapar, Sülük deý barmakly oba gyzlary. Ýigitler perwana, çeker näzini, Sawçylar söz aýdar üzmez yzyny, Synlamaga barsaň, synlar özüňi, Dodagy gaýmakly oba gyzlary. Çeperdir, parçasyn keşdelär otyr,  Edenin sünnälär, gidende getir, Ýaýdanmaz, ýaltanmaz, etmez howatyr, Ýigit deý ýürekli oba gyzlary. Seljerer adamdan adamyň parhyn, Dünýäme deň görüp, synlaýas hersin, Ýagşyny görjekler obama gelsin, Çykar duz-çörekli oba gyzlary. Magtymguly MYŞŞYÝEW.

10
10 04.12.2025
TEBIGATYŇ  ÝAŞYL  DERMANHANASY

Biziň ýurdumyz dürli ösümliklere baý. Olaryň aglabasy dermanlyk häsiýetli ösümliklerdir. Dermanlyk häsiýetli ösümlikleriň her biri hakynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki kitabynda giňişleýin beýan edilýär. Bu kitapda ösümlikleriň gory, dermanlyk häsiýeti, himiki düzümi, olardan melhemleriň taýýarlanylyşy barada gymmatly ylmy maglumatlar bar.  Her bir ösümligiň dermanlyk häsiýetiniň bolmagy üçin onuň dermanlyk mukdary bolmaly. Dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan dürli melhem çaýlar, gaýnatmalar, demlemeler keselleriň öňüni almak we netijeli bejergi üçin ulanylýar.  Biziň ýurdumyzda “Türkmendermansenagat” birleşiginiň “Saglyk” derman kärhanasynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitaby esasynda ýurdumyzda bitýän dermanlyk ösümlikleriň ençemesinden melhem çaýlar taýýarlanylyp, bir gezeklik gaplara gaplanylyp, halk köpçüligine hödürlenilýär. Her bir dermanlyk ösümligiň düzümine laýyklykda peýdaly täsiri bar. Olaryň belli bir topary nerw ulgamyny rahatlandyrýar, damarlary giňeldýär, beýleki bir topary immun ulgamyny ýokarlandyryp, ýiti ýokanjyň öňüni almaga ýardam edýär. Nerw ulgamyny rahatlandyrýan we gan damarlaryny giňeldýän narpyz dermanlyk ösümligidir. Onuň otunda uglewodlar, efir ýagy, C, K, PP, E witaminleri, organiki turşulyklar we beýleki peýdaly maddalar saklanýar.  Narpyz gadymy döwürlerden bäri belli we meşhur bolan dermanlyk ösümligidir. Onuň dermanlyk häsiýetleri barasynda Abu Ali ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» diýen eserinde hem beýan edilýär. Ösümligiň iýmit siňdiriş ulgamynyň kesellerinde, ýürek bulanmasynda peýdalydygy beýan edilýär. Halk lukmançylygynda bu ösümligiň otundan taýýarlanylýan şiresi gakylyk goparyjy serişde hökmünde, aşgazan kesellerinde, gepatitde ulanylýar. Narpyzyň jöwheri agyryny aýryjy, antiseptik, iç sürüji serişdedir. Narpyz öýken inçe keselinde, gastritde hem ulanylýar.  Orta asyr ermeni lukmançylygynda narpyzy gipertoniki we nerw-ruhy kesellerinde ulanypdyrlar. Türkmen halk lukmançylygynda bu ösümlikden taýýarlanylýan pet we jöwher diş agyrysynda oňa çaýkamak arkaly, guragyryda, ýürek agyrsynda we bagyr kesellerinde, aşgazanyň ýarasyny bejermekde peýdalanylýar. Narpyzyň ýapragy çaý deregine işdäni gowulandyryjy, keýpiňi çaglaýjy witaminli içgi hökmünde içilýär. Ylmy lukmançylykda narpyzyň otundan taýýarlanylýan dermanlyk serişdeleri rahatlandyryjy, dykynalmany açyjy, öt bölüp çykaryjy hökmünde peýdalanylýar. Onuň ýagyndan we ýapragyndan köp mukdarda dermanlyk serişdeler (walidol, burna damdyrylýan derman we başgalar) alynýar we toplumlaýyn bejeriş serişdelerine goşulýar.  Ýene bir peýdaly ösümlikleriň biri buýan dermanlyk ösümligi bolsa immun ulgamyny ýokarlandyryp, wiruslara garşy durnuklylygy üpjün edýär. Bu dermanlyk ösümligi barada Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň I jiltinde giň ylmy maglumat berilýär. Buýan kökünde dürli witaminler we peýdaly maddalar saklanýar. Buýan köki ylmy hem-de halk lukmançylygynda adamyň içindäki ýaraly kesellerde, üsgülewükde, böwrek, ýokarky dem alyş ýollarynyň, onkibarmak içegäniň sökelliklerinde, sürgi hökmünde ir döwürlerden bäri ulanylyp gelinýär.  Ýurdumyzda hereket edýän saglyk öýleriniň, şypahanalaryň düzüminde fito otaglar hereket edýärler. Fitootaglaryň lukmanlary ýüz tutýan raýatlara kesel kesgitlemesine laýyklykda dermanlyk ösümliklerden degişli çaýlary belleýärler. Bu melhem çaýlary her bir raýat ýurdumyzda hereket edýän dermanhanalardan satyn alyp biler.   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatymyzyň saglygyny berkitmäge döredip berýän ähli amatly şertleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Amanberdi TAGANGYLYJOW.

11
11 04.12.2025
DAGDANLY SALLANÇAK

Oba durmuşy, atam öýüm barada ýatlamalar kalbyma dolsa, näme üçindir, ilki bilen, enemiň gara öýi göz öňümde janlanýar. Çagakak ol öý biz üçin ajyksak — doly saçakdy, üşesek ýyly gujakdy. Dykma garyndyr asma süňk, gowurdakdyr jigirdek, toşapdyr saryýag, kakdyr sök, kişmişdir kişde, igdedir mäjum... Mahlasy gara öýe girseň, ol eliňi boş çykarmaýan hazynaly sandykdy. Tärimdäki torbadan, herekdäki bukjadan başga serpikbaga meňzeş goşa ýüp, ýygnalman ýylboýy tärime daňylgy durardy. Bizi özüne çekýän bu ýüp barada enemden soranymda, ol: “Bu ýüp biz gelinkäk bir topar çagany üwräp, ulaldan sallançak ýüpüdir. Türkmeniň meşhur “Aýgytly ädim” filmindäki Aýnanyň gara öýde çaga üwreýän asma sallançagy ähli öýde diýen ýaly bardy. Özem yrym üçin sallançak ýüpleri hiç haçan sökülmän, bir tarapy çözülip, çep tärimden asylgy durardy. Soň-soň kerpiç, pagsa tamlara göçülensoňam, asma sallançak üçin jaýyň diwarynda bilboýy beýiklikde demir halkalar durardy. Garşylyklaýyn diwara, tärime daňylýan goşa ýüpe çöpür goşulyp örülerdi. Çöpür çümegen bolansoň, oňa mör-möjek dyrmaşmazdy. Sallançak ýüpleriniň arasyny açmak üçin, iki ujy haçjaly, bilek ýogynlygyndaky tal agajy başuja-aýaguja gysdyrylardy. Barly öýler Ahal ýaly uzak ýerden ýörite sargap, gudratly gara dagda dörän dagdan agajyny hem getirderdiler. Köne yryma-ynanja görä, bu agajyň barmak ýalyjagyny dakynsaň hem ýaman gözden gorarmyş. Keramatly dagdan agajy ýasyja ýüzi ýörite nagyşlanan, iki gyrasy sallançak ýüpüni saklar ýaly kertikli, uzynlygy dört-bäş, ini ýarym garyş, galyňlygy bolsa, dört-bäş barmakdy.  Çaga ýatar ýaly ýörite dokalan sallançak kilimi bolsa, iki ujyna ýogyn işilen sapak dakylyp, iri temen ýa-da çuwaldyz bilen tikilerdi. Enelerimiz sallançagy üwrär ýaly düýe ýüňi goşulan alaja sallançak bagyny örerdi. Dagdanly asma sallançak badyman, ýagny, bir üwräp goýberseň, wagty bilen bady ýatmaýandy. Üwräp işe güýmenip ýörşüne käbir gelinler haçan ýüpi çekenini ýadyndan çykaryp: “Meniň balam, halatly. Onuň sallançagynyň özi üwrelip dur” diýip, öwünýärdilerem. Hataryň gelinleri çyrçyklyrak çagany getirip: “Ogultäjiň enesi, bu agtygyňyza-da donuňy ýapyp, üzärlik aýlap, dagdanly sallançagyňyza salyp, hüwdi bilen doga-dileg edäýseňiz...” diýip, ýüz tutardylar. Şeýdip eneler sallançak çekende aýdýan aýdymy-hüwdüsi bilen çaganyň aňyna, kalbyna bäbeklikden başlap ula hormaty, kiçä sylagy,         Watana, ene topraga söýgi, halallygy mähir-yhlas bilen siňdiripdirler...” diýip, enem ýatlamalar ummanyna çümerdi.  ...Nirelerdendir bir ýerden hüwdi sesi eşidilende, meniň ýadyma şahyr Gurbannazar Ezizowyň “Serdarym» goşgusynyň hüwdi görnüşinde aýdylyşy ýadyma düşüp, kalbyma mylaýymlyk aralaşyp gidýär. Ogultäç ANNAÝEWA.

11
11 04.12.2025
SEN  AMAN  BOL BU  DÜNÝEDE... (Şahyrana oýlanma)

Säheriň täsin gözelligini, şäheriň özboluşly başagaýlygyny synlap duralgada durun. Ýolagçylary gatnadyp ýören awtobuslar duralga gelip-gidip dur. Ynha-da, meniň garaşyp duran awtobusym hem geldi. Men awtobusa mündüm-de boş orunlaryň birine geçip oturdym.Ýolugra şäheriň gözelligini synladym. Howa-da, diýseň, ajaýyp. Awtobusyň açyk aýnasyndan ýüzüňi sypalap geçýän güýzüň şemaly juda mylaýym. Ol baglaryň şahalaryny yralap, saralan ýapraklary kowalap hezil edýär. Garagol şemal gijesini, gündizini bilenok. Ol ýapraklary nirädir bir ýerlere uçuryp alyp gidýär. Güýzüň altyn köýnegini geýen tebigat bolsa, hiç wagt soňlanmajak gözelligi ýatladyp dur. Men tebigatyň dünýämize bagyş eden gözelligini synlap, maýyl bolup barşyma awtobusyň radiosynda ýaňlanan aýdyma gulagymy gerdim: Ezizim, men saňa duşanym üçin, Saňa çenli ýoly aşanym üçin, Säherde, iňrikde joşanym üçin, Meni bagyşla, bagyşla! Erkimi, erkiňe baglanym üçin, Howaly göwnüňi awlanym üçin, Yşgyň alawynda çaglanym üçin, Meni bagyşla, bagyşla! Bu setirleri diňläp, men senli ýatlamalaryň gujagyna doldum. Men saňa ilkinji duşan günümden häzire çenli ýekeje pursady hem ýatdan çykarman göz öňüme getirdim. Sen meniň üçin juda mähriban, juda eziz. Eziz görülýän zatlar bolsa, gadyrly, arzyly bolýar. Sen hem meniň ýüregimiň arzylanysyň. Elbetde, durmuşda öz pikirdeşiňi, ýürekdeşiňi, duýgudaş adamyňy tapmak kyn. Sen bolsa şol ajaýyp häsiýetleri özüňde jemläp ýüregimiň hem ýüreginde orun alan bagtymsyň. Meniň ýüregimde yşk bar, Ony ölçerip görsene! Sensiz maňa bu dünýe dar, Dünýäňden dünýe bersene! Ömrüňden ömür dilämok, Duýgularyň paýlaşsana! Gussanyň-da mazary bar, Gussalarym jaýlaşsana! Bilýäňmi, men saňa duşup bir zadymy ýitiren ýaly boldum. Seredip otursam, ol meniň ýüregim ekeni. Meniň ýüregim sende. Men saňa ýüregimi aldyrypdyryn. Onuň orny bolsa, yşk, söýgi diýlen zatdan lemmerlenip dur. Sen kalbyma gözellik çaýdyň. Hiç haçan gutarmajak arzuw, öçmejek umyt berdiň. Men söýgi diýlen zadyň bardygyna düşündim. Söýgi ynsany ýaşadýar, bagt berýär. Men seniň yşkdan doly umman ýaly gözleriňi boýlasym gelýär. Ol gözleriň maňa näzikden dogumly, dogruçyl we duýguçyl ýüregiňi salgy berýär. Saňa ýarym diýesim gelýär. Ýarym diýmek bolsa bedeniň hem kalbyň ýary diýmekdir... Ynsanlary arzuw, umyt, geljek diýen zatlar ýaşadyp ýör. Durmuş bolsa öz akymy bilen akyp barýar. Men şol özboluşly akymyň öwrümlerinde saňa duşdum. Dünýä belli alymlaryň biriniň belleýşi ýaly: «Hemme zat gowy geçip barýar, ýöne olar deňimizden geçýär». Bu setirlerde uly many ýatyr. Ynsan ýüregi bolsa mähre, mähribanlyga, gözellige, ýaşaýşa mätäç... Senli hyýallaryň deňzinde küreksiz ýüzüp ýörşüme bir aýdymyň şeýleräk setirleri dilime geldi: Sen aman bol dünýede, Çytma, janym, gaşlaryň! Senden ýeke haýyşym, Käte menem ýatlagyn... Aýparça AKYMOWA.

13
13 04.12.2025
Ynanyşmak — halklaryň bähbidine

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň syýasy, ykdysady-durmuş we medeni taýdan durnukly ösüş depgini halkara abraýynyň täze belentliklere çykýandygy bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu guwançly ýagdaý hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýöredýän öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň uly üstünliklere beslenýändigini doly subut edýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda döwlet Baştutanymyzyň Garaşsyz Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp ýöredýän parasatly daşary syýasaty rowaçlanýar. Öňe sürülýän umumadamzat bähbitli beýik başlangyçlarda halkara abraýy täze belentliklere çykýar. Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň belent münberinden yglan edýän başlangyçlary adamzadyň bähbidine gönükdirilendir. Bitarap Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň özenini bütin dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy, ynanyşmagy, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak düzýär. Halkara ähmiýetli şeýle tagallalaryň giň gerime eýe bolup, dünýä jemgyýetçiliginde uly goldaw tapýandygy buýsandyrýar.  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde tutýan orny barha pugtalanýar. Çünki, Türkmenistanyň adamzadyň bähbitlerine gönükdirilen beýik başlangyçlary uly goldaw tapýar. Gadymy halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän parahatçylyksöýüjilikli, ynanyşmak we ynsanperwerlik ýörelgeleri döwletimiziň daşary syýasatynda möhüm orna eýe bolýar we rowaç alýar. Arslan ÇARYÝEW.

14
14 04.12.2025
Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şygaryndan äşgär bolşy ýaly, üstümizdäki ýyl halkara ähmiýetli wakalary bilen dabaralanýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň üçünji gezek biragyzdan kabul edilmegi şanly ýylymyzyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň guwançly miwesidir.  Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolanyna 30 ýyla golaý geçen döwrüň içinde Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk taglymaty täze many-mazmun bilen baýlaşdy. Dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmakda, birek-birege hormat goýup, deňhukukly hyzmatdaşlygyň, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine oňyn täsiri ýokarlandy. Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň halkara at-abraýy hil taýdan täze derejelere çykdy. Demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolan Türkmenistanymyzyň kanunçylyk-hukuk binýady ählumumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyklykda kämilleşdirildi. Döwletimiziň Bitaraplygy halkymyzyň parahat, asuda durmuşda abadançylygynyň ygtybarly kepilidigi il-günümiziň guwanjyny goşalandyrýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy parahatçylyksöýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň däplerine wepaly bolan türkmen halkynyň gadymy milli däpleriniň esasydyr. Garaşsyz Türkmenistanyň halkara abraýy, öňe sürýän oňyn başlangyçlary sebit boýunça goňşy we dünýäniň dürli döwletleri bilen özara bähbitli we deňhukukly işjeň hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge mümkinçilik berýär. Ali RAHMEDOW.

27
27 04.12.2025
Şan-şöhratly  menziller

Garaşsyz, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine buýsanyp ýaşaýan türkmen halkynyň her bir güni şanly senelere, taryhy wakalara beslenýär. Ýurdumyzyň ähli pudagynda uly ösüşlere eýe bolunýar. Ata Watanymyzyň ösüşli menzillere rowana bolmagy ugrunda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen uly işler ýola goýulýar. Şol sanda, halkara gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagy ugrunda ençeme işler durmuşa geçirilýär.  “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylan ajaýyp ýylymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyz barha berkeýär. Şu ýylyň dowamynda hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň birnäçe döwletlere amala aşyran iş saparlary häzirki wagtda alnyp barylýan ykdysady, diplomatik hyzmatdaşlyklarynyň mundan beýläk-de rowaç aljakdygyna doly şaýatlyk edýär. Munuň özi ýurdumyzda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň, işjeň hem hoşniýetli hyzmatdaşlyklaryň geljekde has-da pugtalandyrylmagynda uly ähmiýete eýedir. Amandurdy ŞADYÝEW.

24
24 30.11.2025
Baky bagtyň binýady

 Özüniň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň toýuny giňden toýlaýan Garaşsyz Watanymyz taryh üçin uzak bolmadyk döwürde bitaraplyk, dost- -doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri bilen halkara derejesinde uly abraý-mertebe gazandy. Häzirki wagtda döwletimiziň daşary syýasatda öňe sürýän parahatçylyksöýüjilikli ynsanperwer ýoly dünýä ýüzünde giň goldawa eýe bolýar.   Türkmenistan döwletimiziň bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga, durnukly ösüşi üpjün etmäge we beýleki möhüm ugurlara gönükdirilen başlangyçlary rowaçlyklara beslenýär. Dünýä döwletleri bilen dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, sebitde hem dünýäde ýüze çykýan meseleleri çözmek üçin oňaýly şertleri döretmek boýunça ýurdumyzyň halkara derejesindäki orny has-da pugtalanýar. Täze taryhy eýýamda bitaraplyk ýörelgelerine daýanýan hoşniýetli daşary syýasatymyz üstünlikli dowam etdirilýär.   Goý, halkymyzy rowaçlyklaryň ýoly bilen öňe alyp barýan, bütin dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň pugtalanmagy ugrundaky tagallalaryň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagyna mynasyp goşant goşýan Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, at-abraýlary mundan beýläk-de belent bolsun! Myratgeldi ÇARYÝEW.

28
28 30.11.2025
Rowaç ýolumyzyň röwşen şuglasy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalarynyň üçüsi bilen ykrar edilen Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy taryhy ähmiýete eýedir. Döwletimiziň Bitaraplyk hukuk derejesi döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň özenini düzýär. Şu syýasatyň netijesinde döwletimiz parahatçylygy, ynanyşmagy pugtalandyryp, döwletleriň arasynda deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär. Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty halkara abraýynyň ýokarlanmagyna netijeli täsirini ýetirýär. Parahatçylyk hakynda gürrüň açylanda Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly ajaýyp goşgusyndaky:  Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr —  — diýen setiri ýadyňa düşýär. Hakykatdanam, parahat, asuda, abadan durmuş geljekki nesillere iň mukaddes mirasdyr. Şonuň üçinem döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallalary bilen bütin dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň pugtalandyrylmagy ugrunda tutumly işleriň bady artýar. Çünki, durnukly ösüş ýoly gözbaşyny parahatçylykdan alyp, abadan geljegimiziň ygtybarly kepili bolup hyzmat edýär. Bilşimiz ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna 30 ýyl dolýar. Şu taryhy senä taýýarlyk işleri giň gerime eýe bolýar. Halkara derejesinde toýy uludan tutuljak bu taryhy sene Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň şan-şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylar.  Atamyrat KÖSSEKOW.

26
26 30.11.2025
Parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty üstünliklere beslenýär. Watanymyzyň şowly gadamynyň bady Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda has-da rowaçlanýar. Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp ýöredýän öňdengörüjilikli daşary syýasaty umumadamzat bähbitli başlangyçlarda uly gyzyklanma döredýär.  Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň özenini parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleri düzüp, ol sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmakdan, ýurtlaryň we halklaryň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy we gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslarynyň döwrebap kanunçylygy kabul edildi. Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň kabul edilmegi gürrüňi edilýän meselede möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu Konstitusion Kanun hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslaryny hem-de onuň halkara gatnaşyklarynda durmuşa geçirilmeginiň ýörelgelerini we maksatlaryny kesgitleýär. Şu Konstitusion Kanunda kesgitlenilişi ýaly, gürrüňi edilýän syýasat Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” hakynda Türkmenistanyň Konstitusion Kanunyna we şu Kanuna esaslanýar. Şeýle hem şu Kanun halkara ähmiýetli maksatlara eýerýär. Bu möhüm resminama Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirilmegine giň mümkinçilige ýol açjakdygy guwandyrýar.  Şu günler türkmen ili taryhy waka — Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň toýuna taýýarlyk görýär. Halkara derejesinde belleniljek baýramçylyga mynasyp zähmet sowgatly barmak bolsa, jana-jan borjumyzdyr. Akmuhammet BEKMYRADOW.

25
25 30.11.2025
Ýaşasyn parahat durmuş

     Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda Mary welaýatnda hem Hemişelik bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli dabaralara we maslahatlara giň gerim berilýär. Mary myhmanhanasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Mary welaýat we Mary şäher komitetleriniň gurnamaklarynda Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli maslahat geçirildi. ,,Ýaşasyn parahat durmuş” atly bu maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap Halk maslahatlarynyň agzalary, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Mary welaýat we Mary şäher komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Baýramçylyk mynasybetli geçirilen maslahatyň dowamynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli gutlaglar aýdylyp, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan hoşniýetli we ynsanperwer daşary syýasatlary, ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi, halkara guramalary bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlyklar, döwletimiziň halkara derejesidäki abraýy barada durlup geçildi. Şeýle-de Hemişelik Bitaraplygymyzyň saýasynda ýurdumyzda gazanylýan ykdysady ösüşler we ýetilýän belent sepgitler barada buýsançly gürrüňler edildi. Şanly sene mynasybetli geçirilen maslahatyň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.   Toýmyrat Gurbanow. 

36
36 26.11.2025
Türkmen döwletiniň asuda ösüşüniň binýady

  Parahatçylyk dörediji aýdyň maksatlary, ynsanperwer syýasaty bilen bütin dünýäde giňden tanalýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, köptaraplaýyn başlangyçlary bilen uly üstünlikleriň we ösüşleriň ýoly bilen öňe barýar. “Halkara Parahatcylyk we Ynanyşmak” ýylmyzda Hemişelik Bitaraplygymyza 30 ýyl dolýar. Şeýle taryhy ähmiýetli waka mynasybetli bolsa giň möçberli il-halk bähbitli çäreler, aýdym-sazly baýramçylyk dabaralary hem-de bu şanly toýa taýýarlyklar ýokary derejede alynyp barylýar. Mary welaýatymyzda hem Hemişelik Bitaraplygyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaraly çäreler yzgiderli geçirilýär. Şeýle çäreleriň biri-de Mary welaýat kitaphanasynda Mary welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Senagatçylar we Telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýasynyň welaýat komitetleriniň, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň, Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň, welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde gurnamagynda 2025-nji ýyly “Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak” ýyly hem-de Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyygynyň syýasy, taryhy, ykdysady ähmiýetine bagyşlanan “Arkdagly Gahryman Prezidentimiziň Bitaraplyga esaslanýan parahat söýüjülikli syýasaty-Türkmen döwletiniň asuda ösüşüniň binýady” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap Halk Maslahatynyň agzalary, syýasy partiýalaryň wekilleri we işjeň agzalary, jemgyýetçilik guramalaryň işgärleri hem-de köpçüplikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrynda beýik işleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Lidermiz, Gahryman Arkdagymyzyň halkymyzyň nurana gelejegi üçin alyp barýan döwlet syýasaty, Bitaraplyk ýyllary içersinde gazanylan uly üstünlikler, ýetilen belent sepgitler hem-de Hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy ähmiýeti dogrysynda uly buýsanç bilen çykyş etdiler. Maslahata gatnaşanlar halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrynda, dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçulyk gatnaşyklaryny ösdürmekde, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunde taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.  Azat Beglanow. 

44
44 25.11.2025
Bitaraplyk –bagtymyzyň gözbaşy

             Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiziň her bir güni toýdur baýramlara, şanly senelere beslenýär. ,,Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak,, ýylynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Mary welaýat etrap, şäher komitetleri tarapyndan Baky Bitaraplygymyzyň 30-ýyllyk baýramy mynasybetli “Bitaraplyk –Bagtymyzyň gözbaşy” ady bilen baýramçylyk duşuşyk çäresi geçirildi. Bu dabaraly çärä Mary welaýatynyň dürli pudaklarynda zähmet çekyän işjeň raýatlar gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda çykyş edenler bedew bady bilen öňe barýan eziz Watanymyzyň ösüşleri, Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik ynsanperwer syýasaty, halkymyza döretmäne, kuwwatly döwleti gurmana, ýurdumyzda hoşniýetli gatnaşyklary, dost-doganlygy pugtalandyrmakda öz miwelerini beren Bitaraplygymyzyň mukaddesliginiň , gadyr-gymmaty barada giňişleýin gürrüňler edildi. Şeýle-de halkymyzy eşretli zamanada ýaşadýan , ýurdumyzyň at-abraýyny has-da belende göteryän Hormatly PrezidentimizArkadagly Gahryman Serdarymyza bolan çäksiz alkyşly sözlerini aýtdylar. Nurjahan Mämmedowa.

1059
1059 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

869
869 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

1112
1112 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

941
941 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

986
986 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

1070
1070 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

821
821 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

963
963 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2025 | Ähli hukuklar goragly.