2025–2026–njy okuw ýylynyň üstünlikli tamamlanmagy mynasybetli geçirilýän baýramçylyk çäreleri ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly Mary welaýatynda-da hem giň gerime eýe bolýar. Şeýle çäreleriň biri hem Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň gurnamagynda orta mekdebi tamamlaýan uçurymlary “Gadymy Merw” taryhy medeni döwlet goraghanasyndaky ýadygärliklerimize, Mary welaýat kitaphanasyna we Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç gurnaldy. Gezelenjiň dowamynda ýaşlara “Gadymy Merw” taryhy medeni döwlet goraghanasynyň döredilmegi, “Soltan-Sanjaryň” hümmetiniň we “Gyzlar” galasynyň döreýşi, taryhy aýratynlyklary hem-de ýurdumyzda ykdysady hyzmatdaşlyk saklaýan halkara guramasy bolan ÝUNESKO-nyň taryhy we tebigy ýadygärlikleri ýüze çykarmak boýunça alyp barýan işleri barada giňişleýin maglumat berildi. Uçurymlaryň Mary welaýat kitaphanasyna we Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelençleri hem täsirli boldy. Bagtyýar ýaşlar kitaphananyň, muzeýiň bölümlerine aýlanyp, türkmen halkynyň baý kitap dünýäsi, taryhy geçmişimiziň we tebigatyň täsin gözellikleri bilen ýakyndan tanyş boldylar. Uçurymlar özlerinde galan täsirli gezelenjiň dowamynda gyzyklanýan soraglaryna jogap tapdylar.








