Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir adamyň bagtly durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen giň gerimli işler bilen birlikde dünýäniň ähli döwletleri we iri halkara guramalary bilen alnyp barylýan gatnaşyklar işjeň häsiýete eýe bolýar. Bu günki gün baky Bitaraplyk syýasatyny jahana ýaýýan Türkmenistan sebitde we bütin dünýäde ylalaşdyryjy merkez, umumadamzat bähbitli başlangyçlary öňe sürýän döwlet we dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygrarly bolan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde özüni tanatmagy başardy.
Watanymyzyň durnukly ösüşiniň, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň şeýledigini biz hünär gatnaşyklaryny döwrebaplaşdyrmakda hem-de durnukly ösüşe goldaw bermekde yzygiderli çykyş edýän Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň guramagynda ýakynda “Arçabil” myhmanhanasynda “Halkara zähmet standartlary we durnukly ösüşi öňe sürmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň orny” atly ylmy-amaly halkara maslahatynyň hem-de Halkara Zähmet Guramasy bilen bilelikde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň sebitara forumynyň geçirilmeginde hem görýäris.
Bu duşuşyklaryň paýtagtymyzda yzygiderli geçirilmegi bize halkara gatnaşyklarynda işimizi döredijilikli hem-de üstünlikli alyp barmaga ähli mümkinçilikleri döredýär. Sebitara foruma gatnaşmak bagty maňa hem miýesser etdi. Bu forumdaky çykyşlarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatda hoşniýetli, özara bähbitli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga, abraýly halkara guramalar, aýratyn-da, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümi bolan Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge ähmiýet berýändigi barada aýratyn bellenildi. Elbetde, halkara zähmet standartlaryny we durnukly ösüşi öňe sürmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň ornuna ählumumy derejede ünsi çekmäge gönükdirilen giň wekilçilikli dialogyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň duşuşygy bilen dowam etmegi-de onuň netijeleriniň amatly häsiýete eýe boljakdygyny tassyklaýar.
Duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň degişli ugurda ýeten sepgitleri barada giňişleýin durlup geçildi. Şonuň bilen baglylykda, olaryň işini ösdürmekde sanly ulgamlaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça gazanylan üstünlikler, işgärleriň zähmet hukugy babatda bilimlerini artdyrmak boýunça görülýän çäreler duşuşyga gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.
Goý, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! Il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Seýitmyrat ATAMURADOW.








