Bilimli bol, beg bol, her işe ýetersiň, bilimsiz bolsaň, ir-u-giç ýitersiň.
Diliňe eýe bol, başyň gitmesin, sözüňe eýe bol, dişiň döwülmesin.
Kişiniň gymmaty onuň işidir, akyllynyň sözi göwher daşydyr.
Ynsan diňe bir janly mahluk däl, ol akyl we bilim arkaly özüni beýiklige göterip bilýän gymmatlykdyr.
Akyl we bilim — ynsanyň çyrasy.
Akylly adam haýsy işe başlasa-da, şonuň soňuny görer we ýalňyşmaz.
Bilimli adam derman ýalydyr, ol dertlilere şypa berer. Bilimsiz adam bolsa, kesel ýalydyr töweregine zyýan ýetirer.
Köp sözleme, sözüň azyny aýt, ýöne şol az sözüň hem manyly bolsun!
Dil ýylana meňzär, ony ugruna goýberseň, öz eýesinem çakar.
Toplan
Hojageldi ATAÝEW.








