Hindistanyň azatlyk nyşanyna öwrülen Jawaharlal Neruwyň çykyşlarynyň birinde: «Rabindranat Tagor kimin türkmeniň beýik şahyry Magtymgula biziň-de şahyrymyz diýsek bolar» diýip belläp geçmegi ýöne ýerden däldir. Dana Pyragynyň döredijiligi milli öwüşginli bolmak bilen birlikde dünýä jahankeşdeligini hem özünde jemleýär.
Dünýäniň genisi bolan şahyryň eserleri stawropol türkmenleriniň hem guwanjy. Olar Magtymguly Pyragynyň eserlerini gymmatly hazyna hasaplaýarlar. Munuň şeýledigine 1965 — 1967-nji ýyllarda olaryň arasynda döredijilik saparynda bolanymda, milli toý-tomaşalaryna gatnaşyp, bagşylaryň aýdym-sazlaryny diňlänimde doly göz ýetirdim.
Ol ýerde meniň esasy işim bagşylaryň döredijiligini öwrenmek boldy. Stawropol türkmenleriniň halk bagşylary «Göroglyny», Magtymgulynyň şygyrlaryny aýdym edip aýdýarlar. Men ýüzbe-ýüz bolup, ol bagşylaryň aýdymlaryny ýazga geçirdim. Olarda bagşynyň ýanynda gyjakçy bolmaýar. Dutarlarynyň goýnuň içegesinden edilen iki tary bolup, daşky görnüşi gazaklaryň dombrasyna çalymdaş.
Bagşy dutaryny düzenden soň, aýdymyň heňine görä hiňlenýär. Bu ýönekeý bir hiňlenmek bolman, bogazyň kömegi bilen ýerine ýetirilýän mylaýym owazdyr. Onsoň, bagşy aýdyma başlamazdan öň aram ses bilen aýdymyň ilkinji bendini aýdýar, soňra ony belendräk owaz bilen ýene ýerine ýetirýär. Ol bogaza salyp, aýdyma doly öwrenişýär. Bagşylar islendik aýdymdan ozal onuň kyssa-kelamyny gürrüň berýärler, soňra aýdymy aýdýarlar. Aýdymyň many-mazmuny märekäniň ünsüni çekýär.
Stawropol bagşylarynyň iň uly halypasy hasaplanylýan Edilbaý obasyndan, şol wagt segsen alty ýaşy arka atan Baldan bagşynyň hormaty çenden belent ekeni. Maňa Çur obasyndan Muhammet hanafy bagşy, Nazar bagşy, Sarygamyş obasyndan Durdy bagşy, Sanan obasyndan Köçen bagşy bilen duşuşmak miýesser etdi.
Muhammet hanafy bagşy saz çalnanda «Ýar-ýar» atly sazyň başlangyç saz bolmalydygyny aýtdy. Ýaşy ýetmişe ser uran Muhammet Alynyň, Özen Suwar obasyndan Saparmuhammet bagşynyň garşyma-garşy oturyp, şahyryň «Parhy nämedir?» diýen sowal-jogaply şygryna aýdym aýtmaklary mende uly täsir galdyrdy. Soňra olar şahyryň şygyrlaryna «Ajap eýýam gelmedi», «Turgul diýdiler» ýaly aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.
Akademik W.W.Bartold: «...Magtymguly şahyr ähli türkmenler üçin, şol sanda stawropollylar üçin-de milli şahyrdyr» diýip, oňa ýokary baha berýär. Akademik A.N.Samoýlowiç bolsa stawropol türkmenleriniň arasynda bolup, Magtymgulynyň goşgularyny bagşylaryň aýdym edip aýdyşlaryny diňländigi barada ýatlaýar.
Men bu ülkede haýsy öýde bolsam-da, şol öýde uludan-kiçä Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny ýatdan bilýändiklerine göz ýetirdim. Çonkoý obasynda bolanymda, bir gün obanyň ýaşulusy meni toýa alyp gitdi. Bagşy bary üýşen ekeni. Oňa Baýramaly Ýolboldy ogly (Baldan bagşy) hem çagyrylan ekeni. Onuň ýany bilen ýaş bagşylar Sähetguly hem Jumaly, Kakyş Korçeý we beýlekiler gelipdirler. Baldan bagşyny görenimde Şükür bagşynyň keşbi göz öňüme geldi. W.A.Uspenskiniň Şükür bagşydan saz ýazyp almakçy bolanda, onuň has gartaşandygy barada aýdan sözleri Baldan bagşa hem degişli bolup dur. Ol üç-dört aýdym aýdandan soň beýleki bagşylara gezek berdi. Olar aýdym aýdyp, hezil berdiler. Ylaýta-da, Jumamyrat bilen Sopyguly bagşynyň biri-birine garşyma-garşy oturyp, Magtymgulynyň şygryna döredilen «Sowal-jogap» (Durdy şahyr bilen aýdyşygy) atly aýdymy aýtmaklary mähellede uly şowhun döretdi. Olar bagşylardan «Magtymguly» dessanyny aýtmagy haýyş etdiler. Dessany Nuryş bagşy bilen Jumaly bagşy ýerine ýetirip başlady. Galan bölegini bolsa Körseýit bagşy bilen Gurbannepes bagşy ýerine ýetirdi. Men şonda ilkinji gezek «Magtymguly» dessanynyň aýdylyşyna gabat geldim.
Toýdan soň Baldan bagşy bilen gürrüňdeş bolup, oňa Magtymguly Pyragynyň iki jiltlik kitabyny sowgat berdim. Ol şahyryň suratyny görüp, telim sapar ýüzüne syldy.
Rus syýahatçysy A.Wolodin stawropol türkmenleriniň durmuşyny, däp-dessurlaryny, adatlaryny öwrenipdir we 1900 — 1909-njy ýyllarda bagşy-sazandalaryň aýdan aýdymlaryny ýazga geçiripdir. Tamdyraly bagşylaryň fotosuratlaryny alypdyr. Magtymgulynyň şygyrlaryndan aýdan aýdymlaryny ýazgy edipdir. Onuň bu ýazgylary häzir Sankt-Peterburgdaky M.Saltykow-Şedrin adyndaky kitaphananyň «Seýrek neşirler» bölüminde saklanylýar. Umuman aýdanymyzda, Magtymguly Pyragy stawropol türkmenleriniň hem beýik akyldary, şahyry, baky buýsanjy bolup durýar.
Stawropol türkmenlerinde dessan aýtmak dessury gowy ornapdyr. Esasanam, toý-tomaşalarda “Göroglydyr”, “Şasenem-Garyp”, “Dostmämmetdir” “Saýatly-Hemra” dessanlaryny şeýle-de, Magtymgulynyň şygyrlar toplumyny dessana öwrüp aýtmak bilen halka hezil berýärler.
Edilbaý obasynda toýlar örän uly hormatlanýan Baldan bagşysyz geçmeýän ekeni. Men ony görenimde 86 ýaşynda bolup, bagşylara, baş, bolýan ekeni. Ýöne ol iki sany sazy çalyp, soň beýleki bagşylara gezek berýär.
Bagşylar haýsy mukamy çalmakçy ýa-da aýdymy aýtmakçy bolsalar ilki şonuň many-mazmunyny gürrüň berýärler. Olarda “Aýçyrar”, “Ödenyýaz”, “Şirwana”, “Aždarhan”, “Bäşlemäniň zybyrdygy” ýaly ürç edilip çalynýan mukam-sazlar bar.
Soňlamada “Ýar-ýar”, “Ylgaş”, “Daň sazy” ýaly sazlaryň çalynmagy aýdym- -sazly dabaranyň gutarýandygyny aňladýar. Millet ýuwaş-ýuwaşdan öýüne gaýtmak bilen bolýar.
Baldan bagşy bilen ikiçäk gürleşmek miýesser edende, ol meşhur bagşylarymyz bolan Palta bagşyny, Magtymguly Garlyny, Agamyrat Ýagmyrowy we Sahy Jepbarowy sorap, olaryň radioda berilýän aýdymlaryna ýokary baha berdi.
Stawropol bagşylarynyň söýgüli aýdymlary bolan “Boý, bibi»: “Bibijan”, “Ýelpeselendi” ýaly aýdymlar ürç edilip diňlenilýär. Babamyrat Hamdamow tarapyndan aýdylan “Ýelpeselendi”, Döwletgeldi Ökdürowyň täze öwüşgin bilen aýdýan “Bibijan” aýdymlaryny ürç edip diňleýändiklerini uly guwanç bilen gürrüň berdiler.
Umuman aýdanymyzda, türkmen halkynyň wekilleri nirede ýaşasalar-da, türkmen aýdym-sazlarynyň asyl nusgasyny saklap, mirasymyzy geljekki nesillere ýetirmegi dowam edýärler.
Salyh JUMALYÝEW.








