ÝOL-ÝÖRELGÄ ÖWRÜLDI
weather mary 6° C Mary
weather mary 6° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

ÝOL-ÝÖRELGÄ ÖWRÜLDI

42 12.11.2026

Däp-dessuryň, milliligiň ösen ýurdy eziz Türkmenistanda zenanlaryň sarpasy örän belentde tutulýar. Türkmen zenany hakynda söz açylanda, arassa ahlakly, asylly, edep-ekramly, el işine ökde, zähmetsöýer, mähirli, ýüzleri nurana eneler we gyz-gelinler göz öňüňde janlanýar. Şeýle häsiýetli zenanlar dünýämizi, ömrümizi bezemek bilen bir hatarda ýaşlara nusgalyk görelde bolýarlar. Ululardan görelde alýan her bir nesliň geljegi ene-atalaryň ilkinji aladasydyr. Ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, geçirimli bolmak, pessaý gürlemek, assa ýöremek türkmen gyz-gelinleriniň ganyna siňen iň asylly häsiýetlerdir. Könelerimiziň: «Il-iliň aýnasy» diýen pähimine eýerip, ýaşuly nesliň wekilleri bilen dürli kärde zähmet çekýän zenanlaryň, talyp we okuwçy gyzlaryň arasynda geçirýän wagyz-nesihat çärelerimizde köpçülik ýerlerinde özüňi gowy alyp barmagyň edebini öwran-öwran ündeýäris. Enelerimiziň öwüt-ündewleri bolsa durmuşymyzda ýol-ýörelgä öwrüldi. Annajemal MUHAMMETGYLYJOWA.

21
21 13.11.2026
Geljegi nazarlaýan dost-doganlyk duşuşygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir adamyň bagtly durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen giň gerimli işler bilen birlikde dünýäniň ähli döwletleri we iri halkara guramalary bilen alnyp barylýan gatnaşyklar işjeň häsiýete eýe bolýar. Bu günki gün baky Bitaraplyk syýasatyny jahana ýaýýan Türkmenistan sebitde we bütin dünýäde ylalaşdyryjy merkez, umumadamzat bähbitli başlangyçlary öňe sürýän döwlet we dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygrarly bolan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde özüni tanatmagy başardy.  Watanymyzyň durnukly ösüşiniň, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň şeýledigini biz hünär gatnaşyklaryny döwrebaplaşdyrmakda hem-de durnukly ösüşe goldaw bermekde yzygiderli çykyş edýän Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň guramagynda ýakynda “Arçabil” myhmanhanasynda “Halkara zähmet standartlary we durnukly ösüşi öňe sürmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň orny” atly ylmy-amaly halkara maslahatynyň hem-de Halkara Zähmet Guramasy bilen bilelikde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň sebitara forumynyň geçirilmeginde hem görýäris. Bu duşuşyklaryň paýtagtymyzda yzygiderli geçirilmegi bize halkara gatnaşyklarynda işimizi döredijilikli hem-de üstünlikli alyp barmaga ähli mümkinçilikleri döredýär. Sebitara foruma gatnaşmak bagty maňa hem miýesser etdi. Bu forumdaky çykyşlarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatda hoşniýetli, özara bähbitli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga, abraýly halkara guramalar, aýratyn-da, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümi bolan Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge ähmiýet berýändigi barada aýratyn bellenildi. Elbetde, halkara zähmet standartlaryny we durnukly ösüşi öňe sürmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň ornuna ählumumy derejede ünsi çekmäge gönükdirilen giň wekilçilikli dialogyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň duşuşygy bilen dowam etmegi-de onuň netijeleriniň amatly häsiýete eýe boljakdygyny tassyklaýar.  Duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň degişli ugurda ýeten sepgitleri barada giňişleýin durlup geçildi. Şonuň bilen baglylykda, olaryň işini ösdürmekde sanly ulgamlaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça gazanylan üstünlikler, işgärleriň zähmet hukugy babatda bilimlerini artdyrmak boýunça görülýän çäreler duşuşyga gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.  Goý, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! Il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! Seýitmyrat ATAMURADOW.

40
40 13.11.2026
Ýaşlar — bagtyýar ertirimiz

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen ýylymyz guwançly sepgitleri, taryhy wakalary bilen şan-şöhrata beslenýär. Toýlary-toýlara ulaşýan Diýarymyzda ýene bir şanly senä — Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň döredilen gününiň 35 ýyllygyna taýýarlyk görülýär. Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlygynyň aýdyň ýoluna düşeninden sähelçe wagtdan soň ýurdumyzyň ýaşlarynyň öňdebaryjylarynyň gatnaşmagynda 1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda TMÝG-niň döredijilik Gurultaýy geçirilip, guramamyz döredildi we onuň Tertipnamasy kabul edildi. Bu taryhy waka Garaşsyz döwletimiziň ýaşlary üçin möhüm ähmiýete eýe boldy. Şeýlelikde, geçen 35 ýylyň içinde guramamyz Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegine saldamly goşantly gurama öwrüldi. Şu döwürde geçirilen gurultaýlarda kabul edilen Maksatnamalarda kesgitlenen wezipeler üstünlikli amala aşyryldy. Guramamyzyň maksady hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny ýaşlaryň arasynda wagyz etmekden, ýaşlary watansöýüjiligiň, zähmetsöýerligiň, halallygyň ruhunda terbiýelemekden ybaratdyr. Türkmen ýaşlarynda ýokary ahlaklylygy, milli mirasymyza we däp-dessurlarymyza söýgini, olary aýawly goramagy, bedenterbiýä we sporta söýgini terbiýelemek hem guramamyzyň möhüm wezipeleri bolup durýar. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda, olaryň döredijilige, medeniýete we sungata höwesini ýokarlandyrmakda netijeli işler amala aşyrylýar. Abadan geljegimiziň eýeleri boljak ýaşlaryň ylym-bilimli, sagdyn bedenli, ruhubelent ýaşlar bolup ýetişmekleri, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekleri bilen bagly tagallalara-da uly üns berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlary Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň durmuş-ykdysady we medeni taýdan gülläp ösmeginiň hatyrasyna tutanýerli zähmet çekýärler. Ajap eýýamymyzyň mynasyp adamlary bolup ýetişmäge çalyşýarlar. Hormatly Prezidentimiz “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynda biz, ýaşlar barada şeýle ýazýar: “Ýaşlar türkmen halkynyň döwletlilik ýol-ýörelgesiniň mizemez mertebesidir, baky dowamatydyr”. Munuň özi ýaş neslimize örän uly ynamdyr. Ýaşlarymyz eziz Watanymyzyň mynasyp ogul-gyzlary bolmaga çalşyp, okap bilim almakda-da, hünär öwrenmekde-de, önümçilikde döredijilikli zähmet çekmekde-de uly üstünliklere eýe bolýarlar.  Türkmen ýaşlary üçin guwançly sene bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň döredilen gününiň 35 ýyllygy ýetip gelýär. Bu sene Mary şäher guramamyzyň ýaşlarynda-da ýokary ruhubelentligi döredip, täze sepgitlere galkyndyrýar. Biz, ýaşlara okap bilim almaga, hünär öwrenmäge, döredijilikli zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaç alsyn! Resul BAÝRAMOW.

21
21 13.11.2026
Stawropol bagşylary barada kelam agyz

Hindistanyň azatlyk nyşanyna öwrülen Jawaharlal Neruwyň çykyşlarynyň birinde: «Rabindranat Tagor kimin türkmeniň beýik şahyry Magtymgula biziň-de şahyrymyz diýsek bolar» diýip belläp geçmegi ýöne ýerden däldir. Dana Pyragynyň döredijiligi milli öwüşginli bolmak bilen birlikde dünýä jahankeşdeligini hem özünde jemleýär.  Dünýäniň genisi bolan şahyryň eserleri stawropol türkmenleriniň hem guwanjy. Olar Magtymguly Pyragynyň eserlerini gymmatly hazyna hasaplaýarlar. Munuň şeýledigine 1965 — 1967-nji ýyllarda olaryň arasynda döredijilik saparynda bolanymda, milli toý-tomaşalaryna gatnaşyp, bagşylaryň aýdym-sazlaryny diňlänimde doly göz ýetirdim. Ol ýerde meniň esasy işim bagşylaryň döredijiligini öwrenmek boldy. Stawropol türkmenleriniň halk bagşylary «Göroglyny», Magtymgulynyň şygyrlaryny aýdym edip aýdýarlar. Men ýüzbe-ýüz bolup, ol bagşylaryň aýdymlaryny ýazga geçirdim. Olarda bagşynyň ýanynda gyjakçy bolmaýar. Dutarlarynyň goýnuň içegesinden edilen iki tary bolup, daşky görnüşi gazaklaryň dombrasyna çalymdaş.  Bagşy dutaryny düzenden soň, aýdymyň heňine görä hiňlenýär. Bu ýönekeý bir hiňlenmek bolman, bogazyň kömegi bilen ýerine ýetirilýän mylaýym owazdyr. Onsoň, bagşy aýdyma başlamazdan öň aram ses bilen aýdymyň ilkinji bendini aýdýar, soňra ony belendräk owaz bilen ýene ýerine ýetirýär. Ol bogaza salyp, aýdyma doly öwrenişýär. Bagşylar islendik aýdymdan ozal onuň kyssa-kelamyny gürrüň berýärler, soňra aýdymy aýdýarlar. Aýdymyň many-mazmuny märekäniň ünsüni çekýär.  Stawropol bagşylarynyň iň uly halypasy hasaplanylýan Edilbaý obasyndan, şol wagt segsen alty ýaşy arka atan Baldan bagşynyň hormaty çenden belent ekeni. Maňa Çur obasyndan Muhammet hanafy bagşy, Nazar bagşy, Sarygamyş obasyndan Durdy bagşy, Sanan obasyndan Köçen bagşy bilen duşuşmak miýesser etdi.  Muhammet hanafy bagşy saz çalnanda «Ýar-ýar» atly sazyň başlangyç saz bolmalydygyny aýtdy. Ýaşy ýetmişe ser uran Muhammet Alynyň, Özen Suwar obasyndan Saparmuhammet bagşynyň garşyma-garşy oturyp, şahyryň «Parhy nämedir?» diýen sowal-jogaply şygryna aýdym aýtmaklary mende uly täsir galdyrdy. Soňra olar şahyryň şygyrlaryna «Ajap eýýam gelmedi», «Turgul diýdiler» ýaly aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Akademik W.W.Bartold: «...Magtymguly şahyr ähli türkmenler üçin, şol sanda stawropollylar üçin-de milli şahyrdyr» diýip, oňa ýokary baha berýär. Akademik A.N.Samoýlowiç bolsa stawropol türkmenleriniň arasynda bolup, Magtymgulynyň goşgularyny bagşylaryň aýdym edip aýdyşlaryny diňländigi barada ýatlaýar.  Men bu ülkede haýsy öýde bolsam-da, şol öýde uludan-kiçä Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny ýatdan bilýändiklerine göz ýetirdim. Çonkoý obasynda bolanymda, bir gün obanyň ýaşulusy meni toýa alyp gitdi. Bagşy bary üýşen ekeni. Oňa Baýramaly Ýolboldy ogly (Baldan bagşy) hem çagyrylan ekeni. Onuň ýany bilen ýaş bagşylar Sähetguly hem Jumaly, Kakyş Korçeý we beýlekiler gelipdirler. Baldan bagşyny görenimde Şükür bagşynyň keşbi göz öňüme geldi. W.A.Uspenskiniň Şükür bagşydan saz ýazyp almakçy bolanda, onuň has gartaşandygy barada aýdan sözleri Baldan bagşa hem degişli bolup dur. Ol üç-dört aýdym aýdandan soň beýleki bagşylara gezek berdi. Olar aýdym aýdyp, hezil berdiler. Ylaýta-da, Jumamyrat bilen Sopyguly bagşynyň biri-birine garşyma-garşy oturyp, Magtymgulynyň şygryna döredilen «Sowal-jogap» (Durdy şahyr bilen aýdyşygy) atly aýdymy aýtmaklary mähellede uly şowhun döretdi. Olar bagşylardan «Magtymguly» dessanyny aýtmagy haýyş etdiler. Dessany Nuryş bagşy bilen Jumaly bagşy ýerine ýetirip başlady. Galan bölegini bolsa Körseýit bagşy bilen Gurbannepes bagşy ýerine ýetirdi. Men şonda ilkinji gezek «Magtymguly» dessanynyň aýdylyşyna gabat geldim.  Toýdan soň Baldan bagşy bilen gürrüňdeş bolup, oňa Magtymguly Pyragynyň iki jiltlik kitabyny sowgat berdim. Ol şahyryň suratyny görüp, telim sapar ýüzüne syldy.  Rus syýahatçysy A.Wolodin stawropol türkmenleriniň durmuşyny, däp-dessurlaryny, adatlaryny öwrenipdir we 1900 — 1909-njy ýyllarda bagşy-sazandalaryň aýdan aýdymlaryny ýazga geçiripdir. Tamdyraly bagşylaryň fotosuratlaryny alypdyr. Magtymgulynyň şygyrlaryndan aýdan aýdymlaryny ýazgy edipdir. Onuň bu ýazgylary häzir Sankt-Peterburgdaky M.Saltykow-Şedrin adyndaky kitaphananyň «Seýrek neşirler» bölüminde saklanylýar. Umuman aýdanymyzda, Magtymguly Pyragy stawropol türkmenleriniň hem beýik akyldary, şahyry, baky buýsanjy bolup durýar. Stawropol türkmenlerinde dessan aýtmak dessury gowy ornapdyr. Esasanam, toý-tomaşalarda “Göroglydyr”, “Şasenem-Garyp”, “Dostmämmetdir” “Saýatly-Hemra” dessanlaryny şeýle-de, Magtymgulynyň şygyrlar toplumyny dessana öwrüp aýtmak bilen halka hezil berýärler. Edilbaý obasynda toýlar örän uly hormatlanýan Baldan bagşysyz geçmeýän ekeni. Men ony görenimde 86 ýaşynda bolup, bagşylara, baş, bolýan ekeni. Ýöne ol iki sany sazy çalyp, soň beýleki bagşylara gezek berýär. Bagşylar haýsy mukamy çalmakçy ýa-da aýdymy aýtmakçy bolsalar ilki şonuň many-mazmunyny gürrüň berýärler. Olarda “Aýçyrar”, “Ödenyýaz”, “Şirwana”, “Aždarhan”, “Bäşlemäniň zybyrdygy” ýaly ürç edilip çalynýan mukam-sazlar bar. Soňlamada “Ýar-ýar”, “Ylgaş”, “Daň sazy” ýaly sazlaryň çalynmagy aýdym- -sazly dabaranyň gutarýandygyny aňladýar. Millet ýuwaş-ýuwaşdan öýüne gaýtmak bilen bolýar.  Baldan bagşy bilen ikiçäk gürleşmek miýesser edende, ol meşhur bagşylarymyz bolan Palta bagşyny, Magtymguly Garlyny, Agamyrat Ýagmyrowy we Sahy Jepbarowy sorap, olaryň radioda berilýän aýdymlaryna ýokary baha berdi. Stawropol bagşylarynyň söýgüli aýdymlary bolan “Boý, bibi»: “Bibijan”, “Ýelpeselendi” ýaly aýdymlar ürç edilip diňlenilýär. Babamyrat Hamdamow tarapyndan aýdylan “Ýelpeselendi”, Döwletgeldi Ökdürowyň täze öwüşgin bilen aýdýan “Bibijan” aýdymlaryny ürç edip diňleýändiklerini uly guwanç bilen gürrüň berdiler. Umuman aýdanymyzda, türkmen halkynyň wekilleri nirede ýaşasalar-da, türkmen aýdym-sazlarynyň asyl nusgasyny saklap, mirasymyzy geljekki nesillere ýetirmegi dowam edýärler. Salyh JUMALYÝEW.

41
41 12.11.2026
ÝOL-ÝÖRELGÄ ÖWRÜLDI

Däp-dessuryň, milliligiň ösen ýurdy eziz Türkmenistanda zenanlaryň sarpasy örän belentde tutulýar. Türkmen zenany hakynda söz açylanda, arassa ahlakly, asylly, edep-ekramly, el işine ökde, zähmetsöýer, mähirli, ýüzleri nurana eneler we gyz-gelinler göz öňüňde janlanýar. Şeýle häsiýetli zenanlar dünýämizi, ömrümizi bezemek bilen bir hatarda ýaşlara nusgalyk görelde bolýarlar. Ululardan görelde alýan her bir nesliň geljegi ene-atalaryň ilkinji aladasydyr. Ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, geçirimli bolmak, pessaý gürlemek, assa ýöremek türkmen gyz-gelinleriniň ganyna siňen iň asylly häsiýetlerdir. Könelerimiziň: «Il-iliň aýnasy» diýen pähimine eýerip, ýaşuly nesliň wekilleri bilen dürli kärde zähmet çekýän zenanlaryň, talyp we okuwçy gyzlaryň arasynda geçirýän wagyz-nesihat çärelerimizde köpçülik ýerlerinde özüňi gowy alyp barmagyň edebini öwran-öwran ündeýäris. Enelerimiziň öwüt-ündewleri bolsa durmuşymyzda ýol-ýörelgä öwrüldi. Annajemal MUHAMMETGYLYJOWA.

20
20 12.11.2026
Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Mugallymçylyk kärinde 36 ýyl bäri zähmet çekip, uly abraýdan peýdalanýan mugallymlaryň biri-de Baýramaly şäherindäki 10-njy orta mekdebiň mugallymy Ogulsona Gurbandurdyýewadyr. Ussat mugallym häzirki Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebini üstünlikli tamamlap, şu günki gün okuwçylara sungatyň inçe syrlaryny öwredýär.  Mugallym dürli synplarda surat, proýektirlemegiň esaslary, hünär okuwy (suratkeşlik) sapaklaryny okadyp, okuwçylaryň zehinini ýüze çykarmakda yhlasyny gaýgyrmaýar. Ol okatmagyň täze usullaryndan peýdalanyp, ýaşlaryň bilim derejesini ýokarlandyrmakda uly tagalla edýär. Mugallymyň çekýän zähmetiniň ýerine düşýändigi onuň okatdýan okuwçylarynyň üstünliginden hem görmek bolýar. 

39
39 12.11.2026
Aýdym-saza höwes döredýäris

Garaşsyz döwletimizde ýaş nesil hakynda alada çagalar baglaryndan başlanyp, ösüp gelýän nesliň ylym-bilimden, edep-terbiýeden, aýdym-saz sungatyndan paýly bolmagy ugrunda uly tagallalar edilýär. Aýratynam, körpe nesilde aýdym-saz sungatyna höwes, söýgi döretmegiň ähmiýeti juda uludyr. Sebäbi bu inçe sungat çaga terbiýesiniň iň bähbitli ýörelgeleriniň biridir. Şonuň üçinem körpe nesilde aýdym-saz sungatyna söýgi döretmekde netijeli işler alnyp barylýar.  Şeýle bähbitli tagallalara biziň “Akpamyk” çagalar bakja-bagymyzda edilýän ýadawsyz aladalaryň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. Bakja-bagymyzyň aýdym-saz sapagyna niýetlenen otagy kemsiz abzallaşdyrylyp, bu ýerde oglanjyklardyr gyzjagazlarda sungata höwes döretmekde uly alada edilýär. Men körpeler bilen geçýän sapaklarymyň gyzykly bolmagyny gazanmaga çalyşýaryn. Bu bolsa çagalaryň aýdym-saza bolan höwesiniň artmagyna ýardam edýär. Şeýle hem biz çagalaryň arasynda aýdym aýtmak boýunça bäsleşikleri geçirip durýarys. Şu bäsleşiklerem körpeleriň aýdym aýtmaga bolan isleg-höwesini ýokarlandyrýar. Körpelerimiz aýdym aýtmak boýunça çagalar baglarynyň arasynda geçirilýän bäsleşiklere-de gatnaşyp, gowy netijeleri gazanýarlar.  Bahar MUHAMMETMYRADOWA.

19
19 12.11.2026
Ýusup balasagunlynyň pähimli sözleri

Bilimli bol, beg bol, her işe ýetersiň, bilimsiz bolsaň, ir-u-giç ýitersiň. Diliňe eýe bol, başyň gitmesin, sözüňe eýe bol, dişiň döwülmesin.  Kişiniň gymmaty onuň işidir, akyllynyň sözi göwher daşydyr. Ynsan diňe bir janly mahluk däl, ol akyl we bilim arkaly özüni beýiklige göterip bilýän gymmatlykdyr. Akyl we bilim — ynsanyň çyrasy.  Akylly adam haýsy işe başlasa-da, şonuň soňuny görer we ýalňyşmaz. Bilimli adam derman ýalydyr, ol dertlilere şypa berer. Bilimsiz adam bolsa, kesel ýalydyr töweregine zyýan ýetirer. Köp sözleme, sözüň azyny aýt, ýöne şol az sözüň hem manyly bolsun! Dil ýylana meňzär, ony ugruna goýberseň, öz eýesinem çakar. Toplan Hojageldi ATAÝEW.

20
20 11.11.2026
Aýdymyň menden (Aýdym)

Daşy ýaryp çykan ýazyň güli dek, Adatyň dagyny ýaryp çykan gyz. Saňa bagtyýarlyk isleýär ýürek, Dünýä aşyk gözler bilen bakan gyz.   Sen seýle çykaňda, Aý dek ýaldyrap, Göz degmesin diýdim, gözlerňe garap, Bir gulaç saçlarny başyna orap, Zülplerini al ýaňakdan döken gyz.   Baýram güni gördüm eliňde sazyň, Sazyňda çalýardyň waspyny ýazyň, Aklym haýran etdi bilbil owazyň, Şat mukamy şa perdeden çeken gyz.   Aýdyma laýykdyr seniň jemalyň, Aýdyma laýykdyr seniň kemalyň, Aýdyma laýykdyr seniň ykbalyň, Belent sazda bagt lälesin kakan gyz.   Döräňde döräpsiň Aý bilen Günden, Dünýäde päk gunça görmedim senden. Sen näçe aýtsaňam aýdymyň menden, Pyragynyň şägirdini ýakan gyz.    Gara SEÝITLIÝEW. Türkmenistanyň halk ýazyjysy.  

19
19 11.11.2026
Berme gyjalat — ýagar kesapat

Türkmeniň tohum atam edil özi ýaly namysjaň-da. Aýlawda yza galan çyn bedewiň namys edip iki ýaňagyndan syrykdyryp aglaýşyny gördüňizmi?! Şahyr ýürek bolsaň, özüňem aglatjak şol-a... ... Bir atçapar tälkewlik tapyp, aýlawda yza galan atynyň göwnüni götermek üçin, atyny idip, arkasyna haly ýapyp, “Baýrak gutly bolsun!” diýdirip, öýüne ýönelýär. Şol mahalam aty çykan ýeser çapyksuwar, at münüp, atam gomlap gelşine: “Ýer-ow, azaby reýgan, aty aldajak bolýarmyň?” diýip, gyjyt berýär. Eýesiniň ýüzüni sallap, baş ýaýkap, ahmyr çekişini gören at asmana bakyp bir nagra tartandyr-ow. Düşünseň iniň düýrügip, depe saçyň dim-dik bolýar. Geçip barýan garry seýis: “Häý, injigi inçe peläket, at çapman bagt çapýanyny bilmez belaket! Dilsiz-agyzsyz ata gyjalatyň nebela! Gyjyt berýäniň, minnet edýäniň göz göräýmesinden gorkmadyňmy?!” diýip, şu rowaýaty aýdyp beripdi...  ... “Ir zamanlarda «Bermezek taňrydan, irmezek awçy” diýýän bir azaballa “Ýatana berseň bize ber” diýýän ýalta bilen ekin goňşusy bolýar. Harman atymda janypkeş-ä alaň ýaly çäç alýar, ýaltada hakgulladan artdyryp, zordan ýylalapasyny alýar. Şonda-da, ol hasylyň kemligini özünden görmän: “Bugdaý başa duranda, bar guşy men tarapa kowdy” diýip goňşusyndan göwnigaramyş. lne, günleriň bir güni baharyň başynda ýygyn tartyp ýörişe çykan agyr goşun müňbaşylaryň günäsi bilen jepakeşiň ekin ýerinden ýol salýar. Maýsalar at toýnagynyň astynda tozýar. Azaballanyň agyr gününe göhi gelip guşy uçan görip: “Döwletliniň ýerinden ýap, bidöwletiň ýerinden ýol düşer” diýleni bolupdyr-da. Gaýrat et, bu ýyl azabyň reýganmyşyn-da” diýip gyjalat berip turuberýär. Janypkeşem: “Soltanyma gerek bolsa ol-a bir atyz bugdaý eken, gara başym gurban bolsun” diýip, azaldyr kündesini indiki ekine taýýarlaberýär. Aradan birnäçe gün geçensoň, “Ýeserdir Ülkeriň oýny” diýdirip, güwläp-şaglap gelen ak çabga düşýär gara dagyň gerşine. Ýüzugruna-da ak garlary ýygyp-düýrüp däli sile öwrülýär. Gelşine-de, hälki gyjyt berýäniň ýerini aran-jaran edip taşlaýar. Ykbalyň aýlawyna aňk bolan ýalta: “Wa-ah, işimi gören gyjalat, başymdan inen kesapat” diýip, ahmyr çekişine, pyşdyl ýörişini edip, goňşusyndan ekinýarpasyna ýer dilemäge ugranmyş... ...Goňşusy: «Ýalňyşana gyjalat, mätäje minnet etmek türkmene gelişmez, ogul” diýdi welin, gyjalatçy kişi kärdeşine el uzatdy.  Taýýarlan Döwletmyrat JUMADURDYÝEW.

21
21 13.11.2026
Geljegi nazarlaýan dost-doganlyk duşuşygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir adamyň bagtly durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen giň gerimli işler bilen birlikde dünýäniň ähli döwletleri we iri halkara guramalary bilen alnyp barylýan gatnaşyklar işjeň häsiýete eýe bolýar. Bu günki gün baky Bitaraplyk syýasatyny jahana ýaýýan Türkmenistan sebitde we bütin dünýäde ylalaşdyryjy merkez, umumadamzat bähbitli başlangyçlary öňe sürýän döwlet we dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygrarly bolan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde özüni tanatmagy başardy.  Watanymyzyň durnukly ösüşiniň, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň şeýledigini biz hünär gatnaşyklaryny döwrebaplaşdyrmakda hem-de durnukly ösüşe goldaw bermekde yzygiderli çykyş edýän Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň guramagynda ýakynda “Arçabil” myhmanhanasynda “Halkara zähmet standartlary we durnukly ösüşi öňe sürmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň orny” atly ylmy-amaly halkara maslahatynyň hem-de Halkara Zähmet Guramasy bilen bilelikde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň sebitara forumynyň geçirilmeginde hem görýäris. Bu duşuşyklaryň paýtagtymyzda yzygiderli geçirilmegi bize halkara gatnaşyklarynda işimizi döredijilikli hem-de üstünlikli alyp barmaga ähli mümkinçilikleri döredýär. Sebitara foruma gatnaşmak bagty maňa hem miýesser etdi. Bu forumdaky çykyşlarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatda hoşniýetli, özara bähbitli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga, abraýly halkara guramalar, aýratyn-da, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümi bolan Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge ähmiýet berýändigi barada aýratyn bellenildi. Elbetde, halkara zähmet standartlaryny we durnukly ösüşi öňe sürmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň ornuna ählumumy derejede ünsi çekmäge gönükdirilen giň wekilçilikli dialogyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň duşuşygy bilen dowam etmegi-de onuň netijeleriniň amatly häsiýete eýe boljakdygyny tassyklaýar.  Duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň degişli ugurda ýeten sepgitleri barada giňişleýin durlup geçildi. Şonuň bilen baglylykda, olaryň işini ösdürmekde sanly ulgamlaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça gazanylan üstünlikler, işgärleriň zähmet hukugy babatda bilimlerini artdyrmak boýunça görülýän çäreler duşuşyga gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.  Goý, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! Il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! Seýitmyrat ATAMURADOW.

44
44 10.11.2026
Ýaşlar diplomatiýasy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň guraly

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda brifing duşuşygy geçirildi. Bu duşuşykda 2026-njy ýylyň 15-16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine hem-de BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşyp, öňe süren halkara başlangyçlarynyň syýasy-ykdysady ähmiýetini, bu wakalaryň many-mazmunyny talyplara wagyz etmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Parahatçylykly dialog medeniýetini gaýtadan dikeltmek işine ösüp gelýän nesli çekmegiň guraly hökmünde ýaşlar diplomatiýasyny düýpli ösdürmegiň zerurdygyna ynanýarys» diýen parasatly sözlerinden ugur alnyp, talyp ýaşlaryň we mugallymlaryň arasynda pikir alyşmalar guraldy. Duşuşygyň dowamynda ýaşlar diplomatiýasynyň häzirki zaman dünýäsindäki ähmiýeti, halkara gatnaşyklarynda parahatçylygy, dost-doganlygy we özara ynanyşmagy pugtalandyrmakdaky orny barada giňişleýin söhbet edildi. Şeýle-de ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty, dünýä döwletleri bilen ýola goýlan dostlukly gatnaşyklar, ýaş nesliň halkara hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşmagy we bu ugurda döredilýän mümkinçilikler barada nygtaldy. Duşuşygyň dowamynda talyp ýaşlar hem öz pikir-garaýyşlaryny beýan edip, parahatçylykly dialogyň, özara hormatyň we ynanyşmagyň jemgyýetiň ösüşindäki ähmiýetini bellediler. Şeýle çäreler ýaşlaryň dünýägaraýşyny giňeltmäge, olaryň watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenmegine hem-de halkara gatnaşyklaryna bolan gyzyklanmalarynyň artmagyna ýardam berýär. Ata Watanymyzda ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, öz ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmegi we dünýä derejesinde mynasyp orun eýelemegi ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözleri beýan edildi. Ülker ORAZGELDIÝEWA.

45
45 10.11.2026
Parahatçylygyň we beýik ösüşleriň mekany

Mukaddes Garaşsyzlygymyz hem-de hemişelik Bitaraplygymyz bize asudalygy, parahatçylygy, bagtyýarlygy, sowulmaz bahary peşgeş berdi. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, şol sanda, ýaşlaryň durmuşynda hem guwandyryjy ösüşler gazanylýar. Şeýle ajaýyp öňegidişlikler hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesidir. Taryhy we şanly wakalara beslenýän her bir ýylymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ajaýyp şygar bilen atlandyrylýar. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagynda hem uly many bar. Çünki, biziň Türkmenistanymyz bedew batly beýik ösüşleriň, bagtyýarlygyň we parahatçylygyň mekanyna öwrülen döwletdir.  Parahatçylygyň bar ýerinde bagtyýarlyk bar, bagtyýarlygyň bar ýerinde ösüş bar, ösüşiň bar ýerinde bolsa döwletlilik bar. Bu şanly ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň toýy ýurdumyzyň ähli künjeginde uly dabara bilen bellenilip geçildi. Toýy sowgatly garşylan bagtyýar halkymyz joşgunly, ruhubelent zähmet çekýär. Goý, taryhy ýyllaryň goýnunda ýaşadýan Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! Gurbanmuhammet DIDAROW. 

45
45 09.11.2026
Bagtyýar ýaşlaryň buýsanjy

 “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylan ýylymyz ajaýyp ösüşleri bilen bedew batly öňe barýar. Eziz Watanymyzyň her bir güni toý-baýramlara beslenýär. Berkarar döwletimizde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly ýörelgeleriniň üstünlikli dowam edýändigini halkymyzyň bagtyýar durmuşynda görmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň her bir pudagynda ýokary netijeler gazanylýar. Biz — talyp ýaşlara okamaga, işlemäge, döretmäge ähli mümkinçilikler döredilýär.  Halkymyzy şeýle bagtyýar durmuşda ýaşadýan, ýaşlar hakynda yzygiderli aladalanýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! Il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! Humaý JUMAGELDIÝEWA.

215
215 04.11.2026
Şanly ýylyň belent sepgitleri

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe süren “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen şygaryny ýol-ýörelge edinýän türkmen halky eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekýär. Zähmet ýeňişleri, taryhy wakalary bilen şöhratlanýan “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylan ýylymyzda-da tutanýerli zähmet joş urup, Garaşsyz döwletimiziň ösüşli menzilleri has-da abadan geljege uzaýar. Şanly ýylymyzda ýetilýän belent sepgitler, dabarasy dag aşan taryhy wakalaryň buýsançly ýaňy il-günümizde ýokary ruhubelentligi döretdi. Ak şäherimiz Aşgabatdaky Maslahat köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi, Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň dabarasy, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi hem-de Hazar ekologiýa sammiti “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” şygarly ýylymyzyň taryhy wakalary bolup, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Üstünliklere beslenýän ýylymyzyň ýeňişli menzillerine goşantly bolmak her birimiziň jana-jan borjumyzdyr. Gurbangül MÄDENOWA.

238
238 02.11.2026
Halk bähbitli çözgütler

Ýakynda Ýolöten etrap medeniýet öýünde etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýokary guramaçylykly geçirilendigine bagyşlanylyp maslahat geçirildi. Maslahata etrap häkimliginiň jogapkär işgärleri, etrap halk maslahatynyň agzalary, TDP-niň etrap komitetiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda Ýolöten etrabynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Jumanazar Jumamyradow, TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Akmuhammet Agajumaýew, TKA-nyň etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni Orazgeldi Gylyjow çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýokary guramaçylykly geçirilendigi, Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň taryhy ähmiýetli çykyşy, milli demokratiýamyzyň döwrebap derejede kämilleşdirilişi dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Toýly ANYŞOW.

232
232 01.11.2026
Milli buýsanjymyz döwlet goragynda

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi milli atçylyk medeniýetiniň hukuk esaslaryny has-da pugtalandyrýan möhüm waka boldy. Kabul edilen Kanunyň esasy maksady arassa ganly ahalteke bedewlerini we olaryň genofonduny gorap saklamakdan, baş sanyny artdyrmakdan, şejere ugurlarynyň dowamlylygyny üpjün etmekden hem-de milli atçylyk sungatyny ösdürmekden ybaratdyr. Her bir ahalteke bedewiniň döwlet tarapyndan hasaba alynmagy, Döwlet tohumçylyk kitabyna girizilmegi, çiplenilmegi we gelip çykyşynyň genetiki barlaglar arkaly tassyklanylmagy bu ugurdaky işleriň döwrebap esasda alnyp barylmagyna mümkinçilik berýär. Ahalteke bedewiniň gymmaty onuň tohumçylyk aýratynlyklary bilen bir hatarda, onuň bilen baglanyşykly milli sungatda hem öz beýanyny tapýar. Seýisçilik, atlary bezemek, milli at şaý-seplerini taýýarlamak ýaly gadymy däpler halkymyzyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Kanun bu däpleri gorap saklamaga, olaryň dowam etdirilmegine we seýisleriň hem-de atşynaslaryň işiniň goldanylmagyna hukuk esasyny döredýär. Milli mirasy goramakda ylym we döwrebap tehnologiýalar möhüm orun eýeleýär. Şoňa görä-de, Kanunda ahalteke bedewleri baradaky golýazmalaryň, taryhy ýazuw çeşmeleriniň we beýleki maglumatlaryň ýygnanylmagy, saklanylmagy we ylmy taýdan öwrenilmegi bilen bir hatarda, sanly maglumat gorlarynyň we beýleki innowasion ulgamlaryň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Bu mümkinçilikler ahalteke bedewleriniň taryhyny we tohumçylyk maglumatlaryny bitewi ulgamda jemlemäge şert döreder. Kanun ýaş nesli milli atçylyk medeniýetine çekmek meselesine hem aýratyn ähmiýet berýär. Çagalaryň we ýaşlaryň atlara bolan söýgüsini we sarpasyny ösdürmek, bilim edaralarynda okuw-amaly sapaklary we gezelençleri guramak, şeýle hem atçylyk pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça işleriň alnyp barylmagy milli atçylygyň geljegine gönükdirilen möhüm ädimlerdir. Türkmen bedewiniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak hem Kanunyň möhüm ugurlarynyň biridir. Halkara duşuşyklarynyň, ylmy maslahatlaryň, bäsleşikleriň we sergileriň geçirilmegi, daşary ýurtlar we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ahalteke bedewleriniň dünýä atçylyk giňişligindäki ornunyň has-da pugtalandyrylmagyna hyzmat eder. Arassa ganly ahalteke bedewleriniň halkara derejeli tohumçylyk kitabyny döretmek boýunça başlangyçlaryň goldanylmagy hem bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetini görkezýär. Täze Kanun şol beýik mirasyň ygtybarly döwlet goragyny üpjün edýän möhüm hukuk binýadydyr. Asyrlaryň jümmüşinden şu günlere gelip ýeten türkmen bedewiniň şanly ýoluny dowam etdirmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwlet bähbitli işleri hemişe rowaç alsyn! Maksat JANMYRADOW.

227
227 01.11.2026
Beýik tutumlar rowaçlyklara beslenýär

Parahatçylygyň we asudalygyň mekany hökmünde dünýäde uly abraýa eýe bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan agzybir halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir ýylyny uly üstünliklere, taryhy wakalara besleýär. Biz ýap-ýaňy şanly senäni — beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny uly dabara bilen belläp geçdik. Ata Watanymyz Garaşsyzlyk ýyllary içinde ösüşiň şöhratly menzillerini geçdi. 35 ýyllyk döwre ser salanyňda, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, halkara derejesinde ýurdumyzyň abraý-mertebesini belende galdyrmak boýunça tutumly işleriň durmuşa geçirilendiginiň şaýady bolýarsyň. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzy has-da ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar, durmuş-ykdysady, ylym-bilim, medeni, jemgyýetçilik syýasy özgertmeler üstünlikli amala aşyryldy. Ata Watanymyz syýasy, ykdysady we medeni taýdan dünýäniň iň çalt ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Ýurdumyzy ösüşleriň ak ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri rowaçlyklara beslensin! Myratgeldi ÇARYÝEW.

366
366 21.10.2026
Halal zähmet — hözirli geljek

Ajap eýýamymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz ösüş-özgerişleriň aýdyň ýoly bilen has-da bagtyýar ertirine barýar. Garaşsyz döwletimiziň ösüşli ýolunyň üstünliklere beslenmegine türkmen ýaşlary özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan bagtyýar ertirimiziň eýeleri boljak ýaşlarymyza uly ynam bildirilýär. Şeýle ynam bolsa ýaşlarda ýokary borç duýgusyny döredýär. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda ýaşlaryň ylym-bilim almaklaryna, saýlap-seçen hünärleriniň eýeleri bolmaklaryna ähli şertler döredilýär. Eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekmeklerine hemme mümkinçilikleriň bardygyny bellemelidiris. Ýaşlaryň hukuklarynyň goralmagyny, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmekde uly işler bitirilip, olaryň talaba laýyk dynç almaklary barada edilýän aladalaram guwanç duýgusyny döredýär. Ýaşlar barada edilýän şeýle tagallalar bolsa türkmen ýaşlaryny has-da döredijilikli zähmet çekip, ajap eýýamymyzyň mynasyp adamlary bolup ýetişmeklerine borçly edýär. Onsoňam, döwlet Baştutanymyz “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynda: “Ýaşlar Watanymyzyň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir” diýmek bilen, türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýär. Şu ynamyň aňyrsynda ýokary jogapkärçilik durýar. Ýokary jogapkärçilikden ugur alýan ýaşlar “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylyny uly üstünliklere beslemek ugrunda gujur-gaýratly zähmet çekýärler. Mähri TOÝLYÝEWA.

2525
2525 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

2376
2376 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

2597
2597 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

2537
2537 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

2440
2440 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

2964
2964 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

2332
2332 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

2728
2728 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2026 | Ähli hukuklar goragly.