Parahatçylygyň we asudalygyň mekany hökmünde dünýäde uly abraýa eýe bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan agzybir halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir ýylyny uly üstünliklere, taryhy wakalara besleýär.
Biz ýap-ýaňy şanly senäni — beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny uly dabara bilen belläp geçdik. Ata Watanymyz Garaşsyzlyk ýyllary içinde ösüşiň şöhratly menzillerini geçdi. 35 ýyllyk döwre ser salanyňda, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, halkara derejesinde ýurdumyzyň abraý-mertebesini belende galdyrmak boýunça tutumly işleriň durmuşa geçirilendiginiň şaýady bolýarsyň.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzy has-da ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar, durmuş-ykdysady, ylym-bilim, medeni, jemgyýetçilik syýasy özgertmeler üstünlikli amala aşyryldy. Ata Watanymyz syýasy, ykdysady we medeni taýdan dünýäniň iň çalt ösýän döwletleriniň birine öwrüldi.
Ýurdumyzy ösüşleriň ak ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Myratgeldi ÇARYÝEW.








