Döwrebap kärhana ulanylmaga berildi
weather mary 10° C Mary
weather mary 10° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Döwrebap kärhana ulanylmaga berildi

16 02.11.2026

Döwrebap kärhana ulanylmaga berildi

Ajap eýýamymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmekde giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Welaýatymyzda telekeçileriň ýadawsyz yhlas-tagallalary bilen ilatyň azyk önümlerine, dürli görnüşli harytlara bolan islegini kanagatlandyrmakda netijeli işler bitirilýär. Täze iş orunlary döredilýär. “Täze aý önümleri” hojalyk jemgyýetiniň telekeçileri ilaty azyk önümleri bilen üpjün etmekde netijeli işleri alyp barýarlar. Önümçilik kuwwatlyklaryny täze, döwrebap kärhanalaryň hasabyna has-da giňeldýärler.

Mälim bolşy ýaly, Mary etrabynyň Täze güýç geňeşliginiň çäginde tejribeli telekeçi Guwançmyrat Orazowa bölünip berlen 3,5 gektar meýdanda süýdi gaýtadan işleýän kärhananyň gurluşygy tamamlanyp, ulanylmaga berildi. Kärhananyň ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge mümkinçiligi bolup, ilaty ýokary hilli süýt önümleri bilen üpjün etmekde zerur şertler döredildi. Döwrebap kärhananyň gurluşyk-gurnama işleri “Täze aý önümleri” hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary tarapyndan ýerine ýetirildi. Kärhananyň binalarynyň we desgalarynyň gurluşygyna zerur bolan gurluşyk materiallary we harytlary Türkiýe döwletiniň “EMKA METAL ÇELIK ÝAPI SANAÝI VE TICARET LIMITED ŞIRKETI” kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama esasynda satyn alyndy.

Täze kärhanada oturdylan önümçilik enjamlary Türkiýe, Germaniýa döwletleriniň öňdebaryjy önümleri bolup, olaryň ýokary önümçilik mümkinçiligi bellärliklidir. Bu ýerde öndüriljek süýt önümleri üçin çig mallaryň esasy bölegi ýerli sygyr süýdi bolup durýar. Çig mallaryň beýleki görnüşlerini Türkiýe, Daniýa, Russiýa, Malaýziýa, Hytaý ýaly döwletlerden getirmek göz öňünde tutulýar. Bu ýerde her ýylda gaýtadan işlenilmeli 50 müň tonna süýtden 3 müň tonna gury süýt, 1050 tonna mesge ýagy, 8 müň tonna gatyk-gaýmak önümlerini, bir-bir ýarym tonna aralygynda peýnir hem-de 10 müň tonna doňdurma öndürmek göz öňünde tutulýar. Şu önümleri öndürmek boýunça bolsa, her günde 140-150 tonna süýt gerek bolar.

Täze kärhananyň ulanylmaga berilmegi guwançly waka boldy. Bu döwrebap kärhananyň işe girizilmegi haryt bolçulygynyň döredilmeginde möhüm ädim bolar.

Baýram AMANOW.

Suratlar

8
8 02.11.2026
Älemgoşar (Aýdym)

Ýene gökde älemgoşar doguldy, Gagyldaşyp gazlar geçdi üstümden. Ýene başym, başym aşak egildi, Çykabilmän ýatlamalaň astyndan. Biri ýaşyl, biri sary, biri ak — Älemgoşar, ýaşlygymyň ýoly sen! Görüpdiň sen bizi munda ikiçäk, Şol dilberiň toý lybasy ýaly sen! Geçip barýar aýlar, ýyllar, gyş, ýazlar, Ýene bahar sepeleýär çabgasyn... Haýsy ýana alyp gitdi ak gazlar, Ganatynda şol dildaryň nagmasyn?! Bilmen, bu gün bu çal sepen başyma, Ak gazlaryň ak ýelegi gaçdymy? Ýanyp köýýän gursagyma — döşüme, Ýene köne söýgiň közi düşdümi! ... Ýene gökde älemgoşar doguldy, Doguldy-da eräp gitdi gözümde. Ap-ak gazlaň hatarlary sowuldy — Söýgi galdy bu dünýäniň gözünde. Annaberdi AGABAÝEW. Türkmenistanyň halk ýazyjysy.

8
8 02.11.2026
Gabahat iş

Bir adam jahyllykda eden bir işiniň telekdigine düşünip, günäsini ýuwmagyň ugruna çykýar. Ol adam säher bilen turup, doga-dileg etmegi ýüregine düwýär. Ýöne her näçe synanyşsa-da, ukudan oýanyp bilmeýär. Çünki, hemişe Gün dogynça ýatar eken. Bu-da endige öwrülip gidipdir. Ýaňky adam obalaryndaky köpi gören ýaşuludan maslahat soramak kararyna gelipdir we onuň ýanyna baryp, ýagdaýyny gürrüň beripdir. Onda ýaşuly: — Oglum, ýagşy niýeti ýüregiňe düwüpsiň, iň esasy zat ýalňyşyňa düşünip, toba etmekdir, galan zadyň bir alajy tapylar. Sen säher bilen turmakdan kösenýän bolsaň, şu gije ýatma-da, daň atandan soň, obada ukuda ýatan öý haýwany bar bolsa tapyp, üstünden üç mertebe ätle, şonda bu işi başararsyň — diýip maslahat beripdir. Ol adam hoşallyk bildirip, öýüne gaýdypdyr. Şol gijäni daň atynça ýatman, daşarda gezmeläp geçiripdir. Jahan ýagtylyp başlan badyna ýaşulynyň maslahatyny ýerine ýetirmegiň ugruna çykypdyr. Ýöne näçe agtarsa-da, ukuda ýatan ýekeje-de öý haýwany tapylmandyr. Ahyry, ol lapykeç bolup öýüne dolanypdyr we pikire batypdyr: “Beh, hatda haýwan janawarlaram säher bilen oýanýan eken. Asyl, men haýwança-da, ýok ekenim” diýip, başyny ýaýkap, örän namys edipdir we säher bilen turmagy ymykly ýüregine düwüpdir. Hut şeýle-de bolupdyr. Ol her gün ir-säher turup, ýagşy dilegler edipdir. Birnäçe gün geçeninden soň, ýaňky adam ýaşula minnetdarlyk bildirmek üçin onuň ýanyna barypdyr we ähli bolan zatlary birin-birin aýdyp beripdir. Ýaşuly agras nazaryny aýlap: — Gördüňmi? Säher bilen ähli janly-jandarlar oýanýandyr, üstüňe Gün dogynça ýatmak gabahatdyr. Ir bilen turup, päk ýürekden edilen doga-dilegleriň kabul bolýandyr. Ýalňyşyňa düşünip, zeleliň ýarysyndan gaýtmak hem peýdadyr — diýip, ýagşy dilegleriniň hasyl bolmagyny arzuw edipdir. Taýýarlan Şatlyk JEPBAROW.

7
7 02.11.2026
Peýdaly maslahatlar

Güýz paslynda howanyň derejesiniň üýtgäp durýandygyny nazara alyp, paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda geýinmeli. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, zyýanly endiklerden daşda durmaly. Ir säher we agşamara gezelenç etmeli. Beden berkidiji maşklary ýerine ýetirmeli. Sagdyn we kadaly iýmitlenmeli. Günüň dowamynda mümkin boldugyça pesinden 5 - 6 sany gök önümleri we miweleri kabul etmeli. Gök we miwe önümleri kabul edeniňizde, gigiýeniki talaplary berk berjaý etmeli. Şeýle-de, günüň dowamynda kabul edilýän nahar duzunyň 3 — 5 gramdan artyk bolmazlygyna çemeleşmeli. Gerekli mukdarda 2 litrden az bolmadyk arassa agyz suwuny günüň dowamynda kabul etmeli. Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berk berjaý etmeli. Elleriňizi elmydama arassa saklamaly, ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwup durmaly. Iş ýeriňizde we öýleriňizde otaglaryň tämiz bolmagyny gazanmaly. Wagtal-wagtal üzärlik dermanlyk ösümliginden peýdalanyp, otaglaryň howasyny çalşyp durmaly. Maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, möwsümleýin döreýän keselleriň öňüni almak maksady bilen milli tagamlarymyz bolan gyzyl burç goşulan unaşy içmeli. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.

15
15 02.11.2026
Alkyş — zähmetimiziň miwesi

Ýurdumyzda il-günümiziň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Il-gün bähbitli bu wezipede halkymyzyň saglygy ýurdumyzyň baýlygy hasaplanylýar. Şu maksat bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işini döwrüň ösen talabyna laýyklykda döwrebaplaşdyrmakda belent sepgitlere ýetilýär. Diýarymyzyň çar künjeginde gurlup, ulanylmaga berilýän häzirki zaman saglygy goraýyş edaralary ilata edilýän lukmançylyk hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Etrabymyzyň ilatynyň saglygyny goramakda, halka lukmançylyk hyzmatyny etmekde bölümimiziň lukmanlary we şepagat uýalary degerli tagallalary edýärler. Maslahat beriş we keselleri anyklaýyş bölümimize gelýänleri lukmanlarymyzdyr şepagat uýalarymyz güler ýüz bilen garşylap, olaryň möhümleriniň gysga wagtda ýerine ýetirilmegi ugrunda aladalanýarlar. Bölümimize ýüz tutup gelýän näsaglaryň kesellerini anyklap, olara degişli maslahatlary berýärler. Bu bolsa olaryň degerli bejergi alyp, saglyklaryny dikeltmäge zerur şertleri döredýär. Lukmanlarymyzyň maslahat beriş we keselleri anyklamak bilen bagly ýüze çykýan meseleleriň bähbitli çözgüdi bolsa, ilatyň saglygyny goramakda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Bölümimiziň otaglary häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp, olarda ilata ýokary hilli hyzmat etmäge ähli mümkinçilikler bar. Biz halkyň saglygyny goramakda ähli tagallalary edip, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylyny uly üstünliklere beslemegi maksat edinýäris. Tawus BABAÝEWA.

16
16 02.11.2026
Ruhubelentlik — bagtyýarlygyň çeşmesi

Halkymyzyň saglygyny ähli zatdan ilerde goýýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen il-günümiziň saglygyny goramaga we berkitmäge gönükdirilen işler giň gerime eýe bolýar. Halkyň saglygyny goramak bilen bagly wezipäniň çözgüdinde bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň hem ähmiýeti uludyr. Sebäbi sport sagdynlygyň we ruhubelentligiň egsilmez çeşmesidir. Durmuş tejribesinden äşgär bolşy ýaly, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan adam sagdyn we ruhubelent bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan sport syýasatynyň düýp maksadam Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň sport abraýyny täze belentliklere çykarmakdan ybaratdyr. Şol bir wagtda bu syýasat halkymyzyň saglygyny berkidip, jemgyýetimizde sagdyn durmuşyň dabaralanmagyny nazarlaýar. Ýurdumyzyň çar künjeginde gurlup, ulanylmaga berlen döwrebap stadionlarda, sport mekdeplerinde we desgalarynda tejribeli tälimçileriň ýolbaşçylygynda ýaşlara sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga ähli mümkinçilikler bar. Olarda ýaş türgenler özleriniň ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrýarlar. Şonuň netijesinde bolsa, türgenlerimiz dünýä çempionatlarynda, halkara ýaryşlarynda ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň halkara sport abraýynyň ýokarlanmagyna mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Dünýä çempionatlarynda ýokary netijeleri gazanýan türgenlerimiziň hormatly Prezidentimiz tarapyndan awtoulaglardyr pul baýraklary bilen sylaglanmaklary olary ýeňişli menzillere ruhlandyrýar. Türkmen türgenleriniň şowly çykyşlaram, sport bilen baglanyşykly Türkmenistanyň başlangyçlary esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynda kabul edilýän Kararnamalaram döwlet Baştutanymyzyň sport syýasatynyň gadamlarynyň batlanýandygyna şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň sport syýasaty halkymyzyň saglygyny berkitmäge, jemgyýetimizde sagdyn durmuşyň dabaralanmagyna gönükdirilendir. Merdan DURDYÝEW.

15
15 02.11.2026
Döwrebap kärhana ulanylmaga berildi

Döwrebap kärhana ulanylmaga berildi Ajap eýýamymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmekde giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Welaýatymyzda telekeçileriň ýadawsyz yhlas-tagallalary bilen ilatyň azyk önümlerine, dürli görnüşli harytlara bolan islegini kanagatlandyrmakda netijeli işler bitirilýär. Täze iş orunlary döredilýär. “Täze aý önümleri” hojalyk jemgyýetiniň telekeçileri ilaty azyk önümleri bilen üpjün etmekde netijeli işleri alyp barýarlar. Önümçilik kuwwatlyklaryny täze, döwrebap kärhanalaryň hasabyna has-da giňeldýärler. Mälim bolşy ýaly, Mary etrabynyň Täze güýç geňeşliginiň çäginde tejribeli telekeçi Guwançmyrat Orazowa bölünip berlen 3,5 gektar meýdanda süýdi gaýtadan işleýän kärhananyň gurluşygy tamamlanyp, ulanylmaga berildi. Kärhananyň ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge mümkinçiligi bolup, ilaty ýokary hilli süýt önümleri bilen üpjün etmekde zerur şertler döredildi. Döwrebap kärhananyň gurluşyk-gurnama işleri “Täze aý önümleri” hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary tarapyndan ýerine ýetirildi. Kärhananyň binalarynyň we desgalarynyň gurluşygyna zerur bolan gurluşyk materiallary we harytlary Türkiýe döwletiniň “EMKA METAL ÇELIK ÝAPI SANAÝI VE TICARET LIMITED ŞIRKETI” kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama esasynda satyn alyndy. Täze kärhanada oturdylan önümçilik enjamlary Türkiýe, Germaniýa döwletleriniň öňdebaryjy önümleri bolup, olaryň ýokary önümçilik mümkinçiligi bellärliklidir. Bu ýerde öndüriljek süýt önümleri üçin çig mallaryň esasy bölegi ýerli sygyr süýdi bolup durýar. Çig mallaryň beýleki görnüşlerini Türkiýe, Daniýa, Russiýa, Malaýziýa, Hytaý ýaly döwletlerden getirmek göz öňünde tutulýar. Bu ýerde her ýylda gaýtadan işlenilmeli 50 müň tonna süýtden 3 müň tonna gury süýt, 1050 tonna mesge ýagy, 8 müň tonna gatyk-gaýmak önümlerini, bir-bir ýarym tonna aralygynda peýnir hem-de 10 müň tonna doňdurma öndürmek göz öňünde tutulýar. Şu önümleri öndürmek boýunça bolsa, her günde 140-150 tonna süýt gerek bolar. Täze kärhananyň ulanylmaga berilmegi guwançly waka boldy. Bu döwrebap kärhananyň işe girizilmegi haryt bolçulygynyň döredilmeginde möhüm ädim bolar. Baýram AMANOW.

23
23 02.11.2026
Halk bähbitli çözgütler

Ýakynda Ýolöten etrap medeniýet öýünde etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýokary guramaçylykly geçirilendigine bagyşlanylyp maslahat geçirildi. Maslahata etrap häkimliginiň jogapkär işgärleri, etrap halk maslahatynyň agzalary, TDP-niň etrap komitetiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda Ýolöten etrabynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Jumanazar Jumamyradow, TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Akmuhammet Agajumaýew, TKA-nyň etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni Orazgeldi Gylyjow çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýokary guramaçylykly geçirilendigi, Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň taryhy ähmiýetli çykyşy, milli demokratiýamyzyň döwrebap derejede kämilleşdirilişi dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Toýly ANYŞOW.

17
17 01.11.2026
Parahatçylyk: çagalaryň sesi

Ýakynda Mary şäherindäki 8-nji orta mekdepde ýaş nesli watançylyk, parahatsöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň tebigy zehinlerini ýüze çykarmak, döredijilik ukyplaryny ösdürmek hem-de çagalaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan egsilmez buýsanjyny has-da artdyrmak maksady bilen Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli döredijilik bäsleşigi geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň, TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» ady bilen yglan eden döredijilik bäsleşiginiň Mary şäher tapgyrynda şäherdäki umumybilim berýän orta mekdepleriň 4 — 12-nji synp okuwçylary gatnaşdylar. Okuwçylar «Dünýä dursun parahat!» diýen temada ýazan düzmelerini, çeken suratlaryny we ýasan maketlerini bäsleşige hödürlediler. Olaryň döredijilik işine emin agzalary tarapyndan baha berlip, netijede, düzme ýazmak boýunça şäherdäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Aýjahan Batyrowa 1-nji, 7-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Mähriban Azadyýewa 2-nji, 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Güljeren Muhammetdurdyýewa 3-nji, surat çekmek boýunça iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw derslerini çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Tumar Geldiýewa 1-nji, 5-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Nuranaý Päliwanowa 2-nji, 14-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Nowruz Gasanow 3-nji, maket ýasamak boýunça 27-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Aýnur Gylyçdurdyýewa 1-nji, ýene-de şol mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Reşit Rahadow 2-nji, 14-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Berdi Bekişow 3-nji orunlara mynasyp boldular. Öňe saýlanyp, ýeňiji bolan okuwçylara TMÝG-niň şäher geňeşi tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Göwher KAKAGELDIÝEWA.

18
18 01.11.2026
Saglyk — baş baýlygymyz

Golaýda TGÝMJ-niň welaýat bölüminiň, welaýat baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda Mary şäherindäki 23-nji orta mekdepde lukmana çenli ilkinji kömegi bermegi öwretmek boýunça meýletinçiler bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga TGÝMJ-niň welaýat bölüminiň wekilleri, welaýat baş bilim müdirliginiň hünärmenleri, şäherdäki orta mekdepleriň mugallymlary we ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar. Duşuşykda TGÝMJ-niň welaýat bölüminiň adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak we maddy-enjamlaýyn üpjünçilik bölümçesiniň müdiri Muhammetgeldi Allaýarow, TGÝMJ-niň welaýat bölüminiň wekili Oguljuma Saparmuhammedowa çykyş etdiler. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimizde her bir raýatyň, aýratyn-da, ýaş nesilleriň saglygy hakynda uly alada edilýändigi, adatdan daşary ýagdaýlarda ejir çeken adama lukmana çenli ilkinji kömegi bermegiň guralyşy hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Gunça ÇARYÝEWA.

23
23 02.11.2026
Halk bähbitli çözgütler

Ýakynda Ýolöten etrap medeniýet öýünde etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýokary guramaçylykly geçirilendigine bagyşlanylyp maslahat geçirildi. Maslahata etrap häkimliginiň jogapkär işgärleri, etrap halk maslahatynyň agzalary, TDP-niň etrap komitetiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda Ýolöten etrabynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Jumanazar Jumamyradow, TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Akmuhammet Agajumaýew, TKA-nyň etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni Orazgeldi Gylyjow çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýokary guramaçylykly geçirilendigi, Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň taryhy ähmiýetli çykyşy, milli demokratiýamyzyň döwrebap derejede kämilleşdirilişi dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Toýly ANYŞOW.

25
25 01.11.2026
Milli buýsanjymyz döwlet goragynda

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi milli atçylyk medeniýetiniň hukuk esaslaryny has-da pugtalandyrýan möhüm waka boldy. Kabul edilen Kanunyň esasy maksady arassa ganly ahalteke bedewlerini we olaryň genofonduny gorap saklamakdan, baş sanyny artdyrmakdan, şejere ugurlarynyň dowamlylygyny üpjün etmekden hem-de milli atçylyk sungatyny ösdürmekden ybaratdyr. Her bir ahalteke bedewiniň döwlet tarapyndan hasaba alynmagy, Döwlet tohumçylyk kitabyna girizilmegi, çiplenilmegi we gelip çykyşynyň genetiki barlaglar arkaly tassyklanylmagy bu ugurdaky işleriň döwrebap esasda alnyp barylmagyna mümkinçilik berýär. Ahalteke bedewiniň gymmaty onuň tohumçylyk aýratynlyklary bilen bir hatarda, onuň bilen baglanyşykly milli sungatda hem öz beýanyny tapýar. Seýisçilik, atlary bezemek, milli at şaý-seplerini taýýarlamak ýaly gadymy däpler halkymyzyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Kanun bu däpleri gorap saklamaga, olaryň dowam etdirilmegine we seýisleriň hem-de atşynaslaryň işiniň goldanylmagyna hukuk esasyny döredýär. Milli mirasy goramakda ylym we döwrebap tehnologiýalar möhüm orun eýeleýär. Şoňa görä-de, Kanunda ahalteke bedewleri baradaky golýazmalaryň, taryhy ýazuw çeşmeleriniň we beýleki maglumatlaryň ýygnanylmagy, saklanylmagy we ylmy taýdan öwrenilmegi bilen bir hatarda, sanly maglumat gorlarynyň we beýleki innowasion ulgamlaryň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Bu mümkinçilikler ahalteke bedewleriniň taryhyny we tohumçylyk maglumatlaryny bitewi ulgamda jemlemäge şert döreder. Kanun ýaş nesli milli atçylyk medeniýetine çekmek meselesine hem aýratyn ähmiýet berýär. Çagalaryň we ýaşlaryň atlara bolan söýgüsini we sarpasyny ösdürmek, bilim edaralarynda okuw-amaly sapaklary we gezelençleri guramak, şeýle hem atçylyk pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça işleriň alnyp barylmagy milli atçylygyň geljegine gönükdirilen möhüm ädimlerdir. Türkmen bedewiniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak hem Kanunyň möhüm ugurlarynyň biridir. Halkara duşuşyklarynyň, ylmy maslahatlaryň, bäsleşikleriň we sergileriň geçirilmegi, daşary ýurtlar we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ahalteke bedewleriniň dünýä atçylyk giňişligindäki ornunyň has-da pugtalandyrylmagyna hyzmat eder. Arassa ganly ahalteke bedewleriniň halkara derejeli tohumçylyk kitabyny döretmek boýunça başlangyçlaryň goldanylmagy hem bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetini görkezýär. Täze Kanun şol beýik mirasyň ygtybarly döwlet goragyny üpjün edýän möhüm hukuk binýadydyr. Asyrlaryň jümmüşinden şu günlere gelip ýeten türkmen bedewiniň şanly ýoluny dowam etdirmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwlet bähbitli işleri hemişe rowaç alsyn! Maksat JANMYRADOW.

24
24 01.11.2026
Beýik tutumlar rowaçlyklara beslenýär

Parahatçylygyň we asudalygyň mekany hökmünde dünýäde uly abraýa eýe bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan agzybir halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir ýylyny uly üstünliklere, taryhy wakalara besleýär. Biz ýap-ýaňy şanly senäni — beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny uly dabara bilen belläp geçdik. Ata Watanymyz Garaşsyzlyk ýyllary içinde ösüşiň şöhratly menzillerini geçdi. 35 ýyllyk döwre ser salanyňda, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, halkara derejesinde ýurdumyzyň abraý-mertebesini belende galdyrmak boýunça tutumly işleriň durmuşa geçirilendiginiň şaýady bolýarsyň. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzy has-da ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar, durmuş-ykdysady, ylym-bilim, medeni, jemgyýetçilik syýasy özgertmeler üstünlikli amala aşyryldy. Ata Watanymyz syýasy, ykdysady we medeni taýdan dünýäniň iň çalt ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Ýurdumyzy ösüşleriň ak ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri rowaçlyklara beslensin! Myratgeldi ÇARYÝEW.

206
206 21.10.2026
Halal zähmet — hözirli geljek

Ajap eýýamymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz ösüş-özgerişleriň aýdyň ýoly bilen has-da bagtyýar ertirine barýar. Garaşsyz döwletimiziň ösüşli ýolunyň üstünliklere beslenmegine türkmen ýaşlary özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan bagtyýar ertirimiziň eýeleri boljak ýaşlarymyza uly ynam bildirilýär. Şeýle ynam bolsa ýaşlarda ýokary borç duýgusyny döredýär. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda ýaşlaryň ylym-bilim almaklaryna, saýlap-seçen hünärleriniň eýeleri bolmaklaryna ähli şertler döredilýär. Eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekmeklerine hemme mümkinçilikleriň bardygyny bellemelidiris. Ýaşlaryň hukuklarynyň goralmagyny, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmekde uly işler bitirilip, olaryň talaba laýyk dynç almaklary barada edilýän aladalaram guwanç duýgusyny döredýär. Ýaşlar barada edilýän şeýle tagallalar bolsa türkmen ýaşlaryny has-da döredijilikli zähmet çekip, ajap eýýamymyzyň mynasyp adamlary bolup ýetişmeklerine borçly edýär. Onsoňam, döwlet Baştutanymyz “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynda: “Ýaşlar Watanymyzyň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir” diýmek bilen, türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýär. Şu ynamyň aňyrsynda ýokary jogapkärçilik durýar. Ýokary jogapkärçilikden ugur alýan ýaşlar “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylyny uly üstünliklere beslemek ugrunda gujur-gaýratly zähmet çekýärler. Mähri TOÝLYÝEWA.

304
304 18.10.2026
Halk Maslahatynyň çözgütleri — ösüşiň ygtybarly kepili

       Baýramaly şypahanasynda Baýramaly şäher häkimliginiň hem-de Demokratik partiýanyň Baýramaly şäher we Baýramaly, Garagum etrap komitetleriniň bilelikde gurnamaklarynda geçirilen maslahat hem Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda gazanylan ösüşlere we şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipelere bagyşlandy. Ýaşuly nesliniň wekilleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň we dürli ulgamlarda zähmet çekýän bagtyýar raýatlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen bu maslahatda  edilen çykyşlarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinde täze taryhy eýýamda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan oňyn durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriniň durmuşa ornaşdyrylýanlygy we şol möhüm işleriň halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilendigi dogrusynda buýsanç bilen nygtaldy. Şeýle-de maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda  diýarymyzyň ähli ulgamlarynda gazanylan üstünlikler, milli mirasymyzyň ösdürilişi, ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada-da aýratyn durup geçdiler. Maslahata gatnaşanlar ýurdumyzda il-ýurt bähbitli giň möçberli işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize çyn ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar. Merjen Çaryýarowa.

302
302 17.10.2026
Tagty Süleýmandyr üsti bedewiň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda atçylygy ösdürmekde, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda tutumly işler rowaç alýar. Golaýda etrabymyzdaky 10-njy orta mekdepde etrap boýunça ýokardaky at bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ony TDP-niň etrap komiteti, TKA-nyň etrap birleşmesi, etrap bilim bölümi we Türkmenistanyň ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň etrap geňeşi bilelikde guradylar. Çärä atlary agzalan edaralaryň we guramalaryň işgärleri, orta mekdepleriň mugallymlary, kitaphanaçylar hem-de okuwçylar gatnaşdylar. Duşuşykda TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Allanur Sapargeldiýew, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Muhammetberdi Seýitliýew, 10-njy orta mekdebiň kitaphanaçysy Kakabaý Çopanow çykyş etdiler. Olar Gahryman Arkadagymyzyň, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda atçylygy ösdürmekde badalga berýän giň möçberli işleri, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhraty, dünýä ýüzünde gazanylýan üstünlikler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Türkmen bedewleriniň ýyndamlygy, owadanlygy dogrusynda anyk mysallara salgylanyp, gyzykly gürrüň berdiler. Duşuşykdaky çykyşlar oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Muhammetberdi KUŞIÝEW.

317
317 17.10.2026
Halkyň galkynan ykbaly

Şanly ýylymyzyň möhüm wakasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen çözgütleri, kesgitlenen wezipeleri halkyň arasynda wagyz-nesihat etmek bilen bagly çäreler giň gerime eýe bolýar. Ýakynda “Mary” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda welaýat häkimliginiň, TMÝG-niň welaýat, şäher, etrap geňeşleriniň TDEI-niň bilelikde guramaklarynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. “Halk Maslahaty halkyň galkynan ykbaly, döwletiň sarsmaz sütünidir” atly çärä ýokarda atlary agzalan edaralaryň we guramalaryň işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Mary şäher, etrap halk maslahatlarynyň agzalary gatnaşdylar. Çärede TMÝG-niň Mary etrap geňeşiniň başlygy, welaýat halk maslahatynyň agzasy Yklymmyrat Tuwakmyradow, TDEI-niň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Merdan Orazmeredow, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň baş hünärmeni, welaýat halk maslahatynyň agzasy Ogulşirin Seýidowa, TMÝG-niň Baýramaly şäher geňeşiniň başlygy Gurbanmyrat Şanazarow, welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň lukman laboranty Maýagözel Akmämmedowa, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň hünärmeni Gülşat Çetliýewa çykyş etdiler. Olar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň döwletimizi ähli ugurlar boýunça ösdürmekdäki ähmiýeti barada gürrüň etdiler. Raýat jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmakda eýeleýän möhüm orny dogrusynda durup geçdiler. Maksat BÄŞIMOW.

305
305 16.10.2026
Demokratiýanyň dabaralanmagy

Ýakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli geçirilendigini, onda kabul edilen kararlaryň uly ähmiýete eýedigini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen Mary etrap medeniýet öýünde «Türkmenistanyň Halk maslahaty: demokratiýanyň dabaralanmagy» atly maslahat geçirildi. Oňa etrabyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän raýatlar gatnaşdylar. Etrap häkimliginiň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen maslahatda etrap häkiminiň orunbasary, etrap zenanlar bölüminiň başlygy Bahar Hojamgulyýewa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy, welaýat halk maslahatynyň agzasy Yklymmyrat Tuwakmyradow, TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Täzegül Pirsýanowa çykyş etdiler. Olar ýurdumyzda alnyp barylýan beýik işler, umummilli forumdan gelip çykýan wezipeler we kabul edilen kararlar hakynda giňişleýin gürrüň etdiler. Ogulnur BERDIÝEWA.

289
289 15.10.2026
Ýokary ruhubelentlik döretdi

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň uly toýunyň öň ýanynda ýokary derejede geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm waka boldy. Bu ählumumy forumda döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli çözgütlerdir Kararlar kabul edilip, halkymyzyň beýik geljegine gönükdirildi. Halk häkimiýetiniň gadymdan gelýän milli däplerinden, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň demokratik ýörelgelerinden ugur alnyp geçirilen bu mejlis halkymyzda ýokary ruhubelentlik döretdi. Mejlisde Türkmenistan döwletimizi durmuş-ykdysady we medeni taýdan sazlaşykly ösdürmegiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle işlere goşantly bolmak her birimiziň jana-jan borjumyzdyr. Mejlisde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz taryhy çykyş edip, il-ýurdumyzyň parahat, asuda, bagtyýar, bolelin durmuşy hakynda edilýän aladalar barada giňişleýin durup geçdi. Ýurdumyzy mundan beýläk-de ählitaraplaýyn ösdürmek, halkara gatnaşyklaryny has-da berkitmek hakyndaky parasatly pikirleri öňe sürdi. Şeýle hem mejlisde Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eden taryhy çykyşy halkymyzyň buýsançly başyny göge ýetirdi, geljekki ösüşlerimize badalga berdi. Peder ýoluna eýerýän hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän beýik işleri netijesinde okamaga, işlemäge, döretmäge, gurmaga ähli şertler bar. Il-ýurduň has-da ösmegi üçin döredilýän giň mümkinçiliklerden ruhlanyp zähmet çekýän agzybir halkymyz Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize tükeniksiz alkyş aýdýar. Atajan HOJALYÝEW.

2413
2413 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

2258
2258 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

2488
2488 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

2425
2425 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

2327
2327 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

2831
2831 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

2219
2219 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

2602
2602 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2026 | Ähli hukuklar goragly.