Bir adam jahyllykda eden bir işiniň telekdigine düşünip, günäsini ýuwmagyň ugruna çykýar. Ol adam säher bilen turup, doga-dileg etmegi ýüregine düwýär. Ýöne her näçe synanyşsa-da, ukudan oýanyp bilmeýär. Çünki, hemişe Gün dogynça ýatar eken. Bu-da endige öwrülip gidipdir. Ýaňky adam obalaryndaky köpi gören ýaşuludan maslahat soramak kararyna gelipdir we onuň ýanyna baryp, ýagdaýyny gürrüň beripdir. Onda ýaşuly:
— Oglum, ýagşy niýeti ýüregiňe düwüpsiň, iň esasy zat ýalňyşyňa düşünip, toba etmekdir, galan zadyň bir alajy tapylar. Sen säher bilen turmakdan kösenýän bolsaň, şu gije ýatma-da, daň atandan soň, obada ukuda ýatan öý haýwany bar bolsa tapyp, üstünden üç mertebe ätle, şonda bu işi başararsyň — diýip maslahat beripdir.
Ol adam hoşallyk bildirip, öýüne gaýdypdyr. Şol gijäni daň atynça ýatman, daşarda gezmeläp geçiripdir. Jahan ýagtylyp başlan badyna ýaşulynyň maslahatyny ýerine ýetirmegiň ugruna çykypdyr. Ýöne näçe agtarsa-da, ukuda ýatan ýekeje-de öý haýwany tapylmandyr. Ahyry, ol lapykeç bolup öýüne dolanypdyr we pikire batypdyr: “Beh, hatda haýwan janawarlaram säher bilen oýanýan eken. Asyl, men haýwança-da, ýok ekenim” diýip, başyny ýaýkap, örän namys edipdir we säher bilen turmagy ymykly ýüregine düwüpdir.
Hut şeýle-de bolupdyr. Ol her gün ir-säher turup, ýagşy dilegler edipdir. Birnäçe gün geçeninden soň, ýaňky adam ýaşula minnetdarlyk bildirmek üçin onuň ýanyna barypdyr we ähli bolan zatlary birin-birin aýdyp beripdir. Ýaşuly agras nazaryny aýlap:
— Gördüňmi? Säher bilen ähli janly-jandarlar oýanýandyr, üstüňe Gün dogynça ýatmak gabahatdyr. Ir bilen turup, päk ýürekden edilen doga-dilegleriň kabul bolýandyr. Ýalňyşyňa düşünip, zeleliň ýarysyndan gaýtmak hem peýdadyr — diýip, ýagşy dilegleriniň hasyl bolmagyny arzuw edipdir.
Taýýarlan
Şatlyk JEPBAROW.








