Ýakynda Mary şäherindäki 8-nji orta mekdepde ýaş nesli watançylyk, parahatsöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň tebigy zehinlerini ýüze çykarmak, döredijilik ukyplaryny ösdürmek hem-de çagalaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan egsilmez buýsanjyny has-da artdyrmak maksady bilen Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli döredijilik bäsleşigi geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň, TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» ady bilen yglan eden döredijilik bäsleşiginiň Mary şäher tapgyrynda şäherdäki umumybilim berýän orta mekdepleriň 4 — 12-nji synp okuwçylary gatnaşdylar.
Okuwçylar «Dünýä dursun parahat!» diýen temada ýazan düzmelerini, çeken suratlaryny we ýasan maketlerini bäsleşige hödürlediler. Olaryň döredijilik işine emin agzalary tarapyndan baha berlip, netijede, düzme ýazmak boýunça şäherdäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Aýjahan Batyrowa 1-nji, 7-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Mähriban Azadyýewa 2-nji, 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Güljeren Muhammetdurdyýewa 3-nji, surat çekmek boýunça iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw derslerini çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Tumar Geldiýewa 1-nji, 5-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Nuranaý Päliwanowa 2-nji, 14-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Nowruz Gasanow 3-nji, maket ýasamak boýunça 27-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Aýnur Gylyçdurdyýewa 1-nji, ýene-de şol mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Reşit Rahadow 2-nji, 14-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Berdi Bekişow 3-nji orunlara mynasyp boldular.
Öňe saýlanyp, ýeňiji bolan okuwçylara TMÝG-niň şäher geňeşi tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Göwher KAKAGELDIÝEWA.








