Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda atçylygy ösdürmekde, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda tutumly işler rowaç alýar. Golaýda etrabymyzdaky 10-njy orta mekdepde etrap boýunça ýokardaky at bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ony TDP-niň etrap komiteti, TKA-nyň etrap birleşmesi, etrap bilim bölümi we Türkmenistanyň ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň etrap geňeşi bilelikde guradylar. Çärä atlary agzalan edaralaryň we guramalaryň işgärleri, orta mekdepleriň mugallymlary, kitaphanaçylar hem-de okuwçylar gatnaşdylar.
Duşuşykda TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Allanur Sapargeldiýew, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Muhammetberdi Seýitliýew, 10-njy orta mekdebiň kitaphanaçysy Kakabaý Çopanow çykyş etdiler. Olar Gahryman Arkadagymyzyň, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda atçylygy ösdürmekde badalga berýän giň möçberli işleri, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhraty, dünýä ýüzünde gazanylýan üstünlikler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Türkmen bedewleriniň ýyndamlygy, owadanlygy dogrusynda anyk mysallara salgylanyp, gyzykly gürrüň berdiler. Duşuşykdaky çykyşlar oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Muhammetberdi KUŞIÝEW.








