Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň yzygiderli ösüşlerine ser salanyňda, hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan beýik işlerine buýsanjyň artýar, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşaýandygyna guwanjyň goşalanýar. Munuň şeýledigine biz her ädimde göz ýetirýäris.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen ajaýyp şygar dillerde sena bolup ýaňlanýar. Bu taryhy ýylyň 27-nji sentýabrynda beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň toýy uludan tutuldy. Nesip bolsa 12-nji dekabrda hemişelik Bitaraplygymyzyň 31 ýyllygynyň toýy dabaraly bellenilip geçiler. Garaşsyzlyk ýyllarynda, Bitaraplygyň saýasynda gazanylýan üstünlikler eziz Diýarymyzyň günsaýyn gülläp ösýändigine şaýatlyk edýär. Şeýle ajaýyp ösüşler bolsa kalbyňy buýsanja besleýär. Çünki, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň il-günümize beren bagty egsilmezdir.
Goý, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda barha gözelleşýän ata Watanymyzyň şan-şöhraty älemi tutsun! Zähmetsöýer halkymyza hemişe bagtyýarlyk we rowaçlyk ýar bolsun! Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli işleri rowaç alsyn!
Gülnahal MUHAMMETAMANOWA.








