Özbaşdaklygyň, özygtyýarlygyň ak ýoluna düşen Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlygynyň 35 ýylynda tanalmaz derejede ösdi we özgerdi. Ata Watanymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda berkarar döwlet hökmünde dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edildi. Ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrüldi. Çünki, Garaşsyzlygymyzyň ýyllarynda Diýarymyzyň ähli ýerlerinde täze tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklary işe girizildi. Senagatda, oba hojalygynda, gurluşykda we beýleki pudaklarda örän uly üstünliklere eýe bolundy. Hemişelik Bitarap döwlet hökmünde halkara abraýy arşa göterildi. Munuň özi Garaşsyzlygymyzyň il-günümize peşgeş beren datly miwesidir.
Garaşsyz Türkmenistanymyzda özbaşdaklygymyz, özygtyýarlygymyz bilen birlikde, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi hem baýdak kimin belentde görülýär. Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly içeri hem daşary syýasaty rowaçlyklara beslenýär. Şeýle öňegidişlikler egsilmez gözbaşyny Garaşsyzlygymyzdan alyp gaýdýar. Adamzat taryhy üçin bolsa juda gysga döwürde — 35 ýylda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň halkara at-abraýy dünýä doldy. Garaşsyzlykda galkynýan eziz Diýarymyzy bu günki günde görmäge göz gerek, taryplamaga söz. Adam hakdaky alada döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolmak bilen, “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer taglymatyň çäklerinde uly işler üstünlikli amal edilýär. Täze önümçilik kärhanalary ulanmaga berlip, ilatyň iş bilen üpjünçiliginde netijeli işler bitirilýär.
Türkmen halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç alsyn!
Maksat BABANYÝAZOW.








