Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar.
Ýakynda etrapdaky sport toplumynyň zalynda TKA-nyň etrap birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň ilkinji guramalaryň başlyklarynyň etrap geňeşiniň bilelikde guramaklarynda orta mekdeplerde bilim alýan okuwçy oglanlaryň arasynda “Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar” diýen at bilen woleýbol boýunça ýaryş geçirildi.
Etrapdaky orta mekdeplerde okaýan okuwçy oglanlardan düzülen woleýbolçy toparlar özara bäsleşdiler.
Ýaryşyň gidişi türgenleriň bäsleşige taýýarlykly gelendiklerini äşgär etdi. Çekeleşikli geçen ýaryş, onda woleýbolçylaryň çalasyn we ynamly hereketleri orta mekdepleriň bedenterbiýe mugallymlarynyň yhlaslarynyň ýerine düşýändigini görkezdi. Ýaryşda 23-nji orta mekdebiň weloýbolçylary 1-nji, 7-nji orta mekdebiň oglanlary 2-nji, 2-nji orta mekdebiň türgenleri 3-nji orny eýelediler. Woleýbol ýaryşynyň soňunda ýeňiji bolanlara TKA-nyň etrap birleşmesi, Türkmenistanyň ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň etrap geňeşi tarapyndan sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy.
Aýbölek BEKNEPESOWA.








