Abadan geljegimiziň wezipeleri
weather mary 11° C Mary
weather mary 11° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Abadan geljegimiziň wezipeleri

45 15.10.2026

Üstümizdäki taryhy ýylyň ýeňişli sepgitleri, şanly wakalary il-günümizde ýokary ruhubelentlik döredýär. Şu ýylyň sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi milli demokratiýamyzyň dabaralanmasy boldy. Halk häkimiýetliligiň gadymdan gelýän milli däplerinden we häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň demokratik kadalaryndan ugur alnyp geçirilen bu forum jemgyýetimiziň dürli nesilleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi.

Bu ählihalk forumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuň manyly çykyşlary üns berlip diňlenildi. Çykyşlarda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi mundan beýläk-de okgunly ösdürmek bilen bagly öňde durýan wajyp wezipeler kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady we medeni taýdan durnukly ösdürmegiň möhüm meseleleriniň üstünde durup geçdi. Şu wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň abadan geljegine kuwwatly itergi berer.

Jemgyýetimiziň giň wekilçiliginiň gatnaşmagynda geçirilen umumymilli forumda ara alnyp maslahatlaşylan meseleler boýunça çözgütler kabul edilip, wajyp wezipeler öňde goýuldy.

Gülşat REJEPOWA.

47
47 18.10.2026
Guşçulyk toplumy — azyk bolçulygyna goşant

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz-tagallalary bilen ýurdumyzda telekeçilik başlangyçlarynyň giň gerimde ösdürilmegi netijesinde ilatymyzy guş eti bilen üpjün etmek işlerine aýratyn üns berilýär.Guş toplumlarynda idedilýän towuklaryň baş sanyny artdyrmakda,halkymyzyň guş etine isleglerini kanagatlandyrmakda Baýramaly etrabynyň çägindäki “Ýaşyl ýaz” hojalyk jemgyýetiniň işçilerem uly işleri durmuşa geçirýärler.Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Ýaşyl ýaz” hojalyk jemgyýetiniň guşgulyk toplumy häzirki zamanyň talaplaryna laýyk ýataklar we degişli enjamlar bilen üpjün edilip,ol ýylyň dowamynda 8 million sany ýumurtga we bir müň tonna guş etini öndürmäge niýetlenipdir.Bu toplumyň ýumurtga öndürýän bölüminde towuklaryň 50 müňüne göwnejaý ideg edilip,olardan ýumurtga almak işlerine guramaçylykly alnyp barylýar.Toplumyň enelik towuklar saklanýan bölüminde hem işler sazlaşykly ýola goýulýar.Enelik towuklaryndan alynýan ýumurtgalar bu bölümde oturdylan inkubatoryň kömegi arkaly işlenip,olardan sagdyn etlik jüýjeler alynýar.Hojalyk jemgyýetiniň işçileriniň yhlasy bilen kadaly we ýyly ýataklarda saklanýan jüýjeler 40-45 günüň dowamynda ýetişdirilýär.Dürli görnüşli ýokumly we witamin goşundyly iýmler bilen baýlaşdyrylyp, belli bir agram derejesine ýetirlen towuklar soňra soýum we gaplaýyş bölümine ugradylýar.Hormatly Prezidentimiziň guş toplumlaryny döwrebaplaşdyrmak we guşlaryň baş sanyny artdyrmak bilen ilatymyzy ýokary hilli guş eti bilen üpjün etmek barada öňde goýýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirýän “Ýaşyl ýaz” hojalyk jemgyýetiniň işewür telekeçileri şu günler has-da joşgunly zähmet çekýärler.Bu ýerde guş etini taýýarlamak işlerini tapgyrlaýyn alyp barýarlar.Taýýarlanýan azyklyk guş etiniň hil derejesine toplumyň barlaghana bölüminiň hünärmenleri tarapyndan yzygiderli gözegçilik edilýär.Işewür telekeçileriň taýýarlaýan ýokary hilli guş eti “Täze aý” haryt nyşanly ýörite owadan gaplara gaplanylýar. Guşçulyk toplumyny ösdürmek baradaky işlere mynasyp goşant goşýan telekeçiler ýylyň dowamynda öz taýýarlaýan ýumurtga we guş etiniň “Täze aý” hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanalaryna hem-de welaýatyň et-süýt söwda kärhanasyna ugratýarlar. Belli bir bölegini bolsa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky ýörite dükanlaryň üsti bilen ilatymyza ýetirýärler. Halkymyzy guş önümleri bilen üpjün etmekde maksada okgunly we netijeli işleri durmuşa geçirýän hojalyk jemgyýetiniň guşçulyk toplumynyň işewür telekeçileri telekeçilik ulgamyny ösdürmekde amala aşyrýan belent maksatly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdýarlar. Çarymuhammet Saparow.

42
42 18.10.2026
Ganat baglap uçar bedew

Ýurdumyzyň atçylyk sport toplumlarynda güýzki at çapyşyk möwsüminiň ýaryşlary dowam edýär. Ýelden ýüwrük bedewleriň arasynda dürli aralyklara guralan ýaryşlar bedew janköýerlerini bir ýere jemleýär. Hoş owazly aýdym-sazlar şatlykly pursatlara aýratyn äheň berýär. Welaýat merkeziniň atçylyk sport toplumy hem geçen ýekşenbede köp adamly boldy. Ilkinji çapyşykda bir müň metr aralyga çapan ikiýaşar atlaryň arasyndan Tarlaň atly dor at öňe saýlandy. Mary döwlet athanasyna degişli, K.Garýagdyýewiň seýislän, B.Sähedowyň çapan bu aty pellehana 1 minut 8,38 sekuntda gelip, özüniň ýyndamlygyny görkezdi. Bir müň metr aralykda güýç synanyşan ikiýaşar bedewleriň ikinji çapyşygy hem gyzykly boldy. Bu gezek 1 minut 11, 60 sekunt wagt bilen Mary welaýat athanasyna degişli Garadaş atly gara dor at ýeňiji boldy. Bu atyň seýsi K.Garýagdyýew, çapyksuwary G.Handurdyýewdir. Üçýaşar atlar bir müň dört ýüz metr aralykda ýaryşyp, Ý.Ilamanowyň hojalygyna degişli Keýmir atly gurt mele at pellehana ilkinji bolup geldi. Ş.Orazgeldiýewiň seýislän, B.Mämmedowyň çapyksuwarlyk eden bu aty bellenilen aralygy 1 minut 39,82 sekuntda geçip, üçünji çapyşygyň ýeňijisi boldy. Dördünji çapyşyk hem üçýaşar atlaryň arasynda bir müň dört ýüz metr aralyga geçirildi. Ş.Şamyradowyň hojalygyna degişli Garajaoglan atly gara at pellehana 1 minut 34,13 sekuntda gelmegi başardy we ýeňiji boldy. Bu aty seýislän D.Amandurdyýew, çapyksuwarlyk eden G.Ýazberdiýew. Tolgundyryjy we çekeleşikli geçen bäşinji çapyşyk dört we uly ýaşar atlaryň arasynda bir müň sekiz ýüz metr aralyga geçirildi. Ş.Orazgeldiýewiň seýislän, B.Mämmedowyň çapyksuwarlyk eden Toýçy atly mele aty R.Läliýewiň hojalyk aty bolup, ol bellenilen aralygy 2 minut 3,26 sekuntda geçdi. Bu at öz janköýerlerini begendirip, bäşinji çapyşygyň ýeňijisi boldy. Şatlykly pursatlara beslenip geçirilen at çapyşyklarynda ýeňiji bolan bedewlere serpaýlar ýapyldy, çapyksuwarlara gymmat bahaly sowgatlar dabara bilen gowşuryldy. Sähet HOJAGELDIÝEW.

46
46 18.10.2026
Halk Maslahatynyň çözgütleri — ösüşiň ygtybarly kepili

       Baýramaly şypahanasynda Baýramaly şäher häkimliginiň hem-de Demokratik partiýanyň Baýramaly şäher we Baýramaly, Garagum etrap komitetleriniň bilelikde gurnamaklarynda geçirilen maslahat hem Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda gazanylan ösüşlere we şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipelere bagyşlandy. Ýaşuly nesliniň wekilleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň we dürli ulgamlarda zähmet çekýän bagtyýar raýatlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen bu maslahatda  edilen çykyşlarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinde täze taryhy eýýamda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan oňyn durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriniň durmuşa ornaşdyrylýanlygy we şol möhüm işleriň halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilendigi dogrusynda buýsanç bilen nygtaldy. Şeýle-de maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda  diýarymyzyň ähli ulgamlarynda gazanylan üstünlikler, milli mirasymyzyň ösdürilişi, ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada-da aýratyn durup geçdiler. Maslahata gatnaşanlar ýurdumyzda il-ýurt bähbitli giň möçberli işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize çyn ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar. Merjen Çaryýarowa.

47
47 17.10.2026
Tagty Süleýmandyr üsti bedewiň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda atçylygy ösdürmekde, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda tutumly işler rowaç alýar. Golaýda etrabymyzdaky 10-njy orta mekdepde etrap boýunça ýokardaky at bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ony TDP-niň etrap komiteti, TKA-nyň etrap birleşmesi, etrap bilim bölümi we Türkmenistanyň ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň etrap geňeşi bilelikde guradylar. Çärä atlary agzalan edaralaryň we guramalaryň işgärleri, orta mekdepleriň mugallymlary, kitaphanaçylar hem-de okuwçylar gatnaşdylar. Duşuşykda TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Allanur Sapargeldiýew, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Muhammetberdi Seýitliýew, 10-njy orta mekdebiň kitaphanaçysy Kakabaý Çopanow çykyş etdiler. Olar Gahryman Arkadagymyzyň, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda atçylygy ösdürmekde badalga berýän giň möçberli işleri, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhraty, dünýä ýüzünde gazanylýan üstünlikler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Türkmen bedewleriniň ýyndamlygy, owadanlygy dogrusynda anyk mysallara salgylanyp, gyzykly gürrüň berdiler. Duşuşykdaky çykyşlar oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Muhammetberdi KUŞIÝEW.

44
44 17.10.2026
Halkyň galkynan ykbaly

Şanly ýylymyzyň möhüm wakasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen çözgütleri, kesgitlenen wezipeleri halkyň arasynda wagyz-nesihat etmek bilen bagly çäreler giň gerime eýe bolýar. Ýakynda “Mary” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda welaýat häkimliginiň, TMÝG-niň welaýat, şäher, etrap geňeşleriniň TDEI-niň bilelikde guramaklarynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. “Halk Maslahaty halkyň galkynan ykbaly, döwletiň sarsmaz sütünidir” atly çärä ýokarda atlary agzalan edaralaryň we guramalaryň işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Mary şäher, etrap halk maslahatlarynyň agzalary gatnaşdylar. Çärede TMÝG-niň Mary etrap geňeşiniň başlygy, welaýat halk maslahatynyň agzasy Yklymmyrat Tuwakmyradow, TDEI-niň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Merdan Orazmeredow, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň baş hünärmeni, welaýat halk maslahatynyň agzasy Ogulşirin Seýidowa, TMÝG-niň Baýramaly şäher geňeşiniň başlygy Gurbanmyrat Şanazarow, welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň lukman laboranty Maýagözel Akmämmedowa, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň hünärmeni Gülşat Çetliýewa çykyş etdiler. Olar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň döwletimizi ähli ugurlar boýunça ösdürmekdäki ähmiýeti barada gürrüň etdiler. Raýat jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmakda eýeleýän möhüm orny dogrusynda durup geçdiler. Maksat BÄŞIMOW.

44
44 17.10.2026
Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Ýakynda etrapdaky sport toplumynyň zalynda TKA-nyň etrap birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň ilkinji guramalaryň başlyklarynyň etrap geňeşiniň bilelikde guramaklarynda orta mekdeplerde bilim alýan okuwçy oglanlaryň arasynda “Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar” diýen at bilen woleýbol boýunça ýaryş geçirildi. Etrapdaky orta mekdeplerde okaýan okuwçy oglanlardan düzülen woleýbolçy toparlar özara bäsleşdiler. Ýaryşyň gidişi türgenleriň bäsleşige taýýarlykly gelendiklerini äşgär etdi. Çekeleşikli geçen ýaryş, onda woleýbolçylaryň çalasyn we ynamly hereketleri orta mekdepleriň bedenterbiýe mugallymlarynyň yhlaslarynyň ýerine düşýändigini görkezdi. Ýaryşda 23-nji orta mekdebiň weloýbolçylary 1-nji, 7-nji orta mekdebiň oglanlary 2-nji, 2-nji orta mekdebiň türgenleri 3-nji orny eýelediler. Woleýbol ýaryşynyň soňunda ýeňiji bolanlara TKA-nyň etrap birleşmesi, Türkmenistanyň ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň etrap geňeşi tarapyndan sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy. Aýbölek BEKNEPESOWA.

44
44 17.10.2026
Ýeňil atletikaçylar bäsleşdiler

Ajap eýýamymyzda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, ilaty, öňi bilenem, ýaşlary sporta köpçülikleýin çekmekde uly işler bitirilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalaryndan gözbaş alýan bu işler sporta höwesek ýaşlaryň sanynyň artmagyna ýardam edýär. Indi sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan ýaşlaryň sany ýylsaýyn artýar. Golaýda Murgap etrabyndaky sport desgasynda ýeňil atletika boýunça ýaryş geçirildi. Welaýatda birinjiligi almak ugrunda guralan bäsleşige toparlaryň 8-si gatnaşyp, özara güýç synanyşdylar. Çekeleşikli geçen ýaryş ýeňil atletikaçylaryň oňa ykjam taýýarlykly gelendiklerini äşgär etdi. Bäsleşikde biziň türgenlerimiziň şowly çykyşlaram guwandyrdy. Has takygy, ýeňil atletikaçylarymyz Pälwan Çaryberdiýew, Serdar Perhadow 1-nji orny eýelemegi başardylar. Türgenlerimiz Seýran Parahadow, Muhammet Röwşenow, Umyt Arslanow bolsa baýrakly orunlara mynasyp boldular. Rahat AŞYROW.

43
43 16.10.2026
Demokratiýanyň dabaralanmagy

Ýakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli geçirilendigini, onda kabul edilen kararlaryň uly ähmiýete eýedigini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen Mary etrap medeniýet öýünde «Türkmenistanyň Halk maslahaty: demokratiýanyň dabaralanmagy» atly maslahat geçirildi. Oňa etrabyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän raýatlar gatnaşdylar. Etrap häkimliginiň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen maslahatda etrap häkiminiň orunbasary, etrap zenanlar bölüminiň başlygy Bahar Hojamgulyýewa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy, welaýat halk maslahatynyň agzasy Yklymmyrat Tuwakmyradow, TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Täzegül Pirsýanowa çykyş etdiler. Olar ýurdumyzda alnyp barylýan beýik işler, umummilli forumdan gelip çykýan wezipeler we kabul edilen kararlar hakynda giňişleýin gürrüň etdiler. Ogulnur BERDIÝEWA.

42
42 16.10.2026
Hususy ulgamyň tagallalary — azyk bolçulygynyň kepili

     Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde eden çuň mazmunly çykyşynda ýurdumyzyň kiçi hem orta telekeçilik ulgamynyň agzalarynyň döwletimiziň ykdysadyýetiniň barha pugtalanmagyna goşýan saldamly goşandyny belläp,olaryň oba hojalyk we azyk,gök,bakja önümleriniň,miwedir ir-iýmişleriň bazar bolçulygyny döredendikleri, ýyladyşhanalarda pomidorlaryň eksport edilýän möçberlerini has-da artdyrandyklary dogrusynda durup geçdi. Döwlet baştutanymyz ýurdumyzda geljekde hem kiçi,orta we iri telekeçiligi ösdürmekligiň dowam etdiriljekdigini nygtap belledi.Döwletimiz tarapyndan bitirýän bähbitli işlerine bildirilýän bu ýokary ynam Mary welaýatynyň işjeň telekeçilerinem has-da döredijilikli işlemeklige ruhlandyrýar. Mary şäherindäki Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan Röwşen aýakgaplary hususy kärhanasynyň telekeçileri täzeçe gözlegler bilen işläp,önümçiligi senagat,gurluşyk ugurly ösdürseler,onuň Röwşenagro önümçilik hojalyk jemgyýetiniň agzalary oba hojalyk maksatly önümçiligi ösdürip,azyk,gök,bakja,miwe,ir-iýmiş önümlerini öndürmeklige barha giň gerim berýärler. Olar şu ýyl ösdürilip ýetişdirilen miweli baglardan 70 tonnadan köpräk hasyl alyp,welaýatyň bazarlarynda ýerleşdirdiler.Häzir hojalyk jemgyýetinde 260-dan köpräk adam zähmet çekýär. Bölünip berlen ýerleriň ylmy esasda gaýtadan özleşdirilmegi, ýyladyşhanalaryň giňeldilmegi bilen bu ýerde ýaşlaryň ýene-de ýüze golaýyna täze iş orunlary dörediler.Telekeçiler şu güýzde hojalyk jemgyýetiniň 17 gektarlyk ýyladyşhanasynda pomidoryň irki bol hasylyny ösdürip ýetişdirip,ony terligine welaýatyň bazarlaryna köpçülikleýin çykaryp,elýeterli nyrhlardan ýerleşdirip başladylar.Olar eýýäm ýygnalýan ekologiýa taýdan arassa hasylyň bir bölegini Russiýa Federasiýasyna-da eksport etdiler.Telekeçi ekerançylaryň gadymy daýhançylyk tejribesi bilen ylmyň iň täze gazananlaryny pugta utgaşdyryp alyp barmaklary olara pomidor hasylyny öňki ýyllardakydan iki hepde ir ýetişdirmeklige mümkinçilik berdi.Hojalyk jemgyýetiniň agzalary “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany”diýen şygar bilen atlandyrylan şu ýylda pomidoryň Gollandiýa döwletinden getirilen ýokary hasylly görnüşleriniň tohumyny öz şitilhanalarynda ekip,nahal edip ýetişdirdiler.Dünýäniň ösen döwletlerinde tejribe toplap gelen ekerançy hünärmenleriň pugta gözegçiliginde,agrotehniki idegleriň doly we dogry berjaý edilmeginde ýetişdirilen pomidorlar bol hasylyny eçildi. Pomidoryň biziň toprak hem howa şertlerimize uýgunlaşdyrylan,kesellere durnukly aýry-aýry görnüşleri ekerançylar tarapyndan göwnejaý ideg edilmegi netijesinde häzir ösüp,bol hasyl toplaýar.Ýyladyşhanada pomidoryň bitginli hasylynyň kemala getirilmegi üçin mör-möjeklere garşy göreş çäreleriniň ylmy esasda geçirilmegi netijeli häsiýete eýe bolýar.Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä,şu ýyl hojalyk jemgyýetiniň ýyladyşhanasynda ekologiýa taýdan arassa,ýokary hilli pomidor hasylynyň üç müň bäş ýüz tonnasyny öndürmeklik meýilleşdirilýär.Telekeçi ekerançylar irki pomidor hasylynyň esasy bölegini ýurdumyzyň içki bazarlarynda alyjylara ýetirmekligi,galan bölegini bolsa baglaşylan şertnama esasynda Russiýa Federasiýasyna, Belarusiýa Respublikasyna, Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan Respublikalaryna eksport etmekligi maksat edinýärler. Röwşenagro  önümçilik hojalyk jemgyýetiniň şu ýyl bölünip berlen ýerlerde ýokary tehnologiýada gurnalan ýyladyşhanada dört gektar meýdana subtropiki ekin bolan banan ösümligini ekip,ösdürip ýetişdirdiler.Baglary suwarmak işi suw tygşytlaýjy gurallar arkaly,damjalaýyn usulda geçirilýär. Ýyladyşhanada Gollandiýa döwletiniň dünýä belli RIDDER kompaniýasynyň enjamlary ýerleşdirilipdir. Ýyladyşhananyň içiniň çyglylandyryş, howalandyryş, suwaryş, ýyladyş ulgamlary hut şu doly awtomatlaşdyrylan enjamlaryň kömegi arkaly takyk sazlanylýar hem-de baglaryň kadaly ösüşi üpjün edilýär.Ýaňy-ýakynda ýyladyşhananyň ýene-de dokuz gektarynda bananyň ýokary hasyl berýän görnüşleriniň nahallary oturdyldy.Olar geljekde ýyladyşhanada banan ösümliginiň umumy meýdanyny 50 gektara ýetirmekligi göz öňünde tutýarlar.Röwşenagro önümçilik hojalyk jemgyýetiniň agzalary telekeçiligi ösdürmeklige giň şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza,hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsun aýdyp,olaryň janlarynyň sag,ömürleriniň uzak,alyp barýan il-halk, döwlet bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýärler.    Sapardurdy Ýaýlymow.

46
46 18.10.2026
Halk Maslahatynyň çözgütleri — ösüşiň ygtybarly kepili

       Baýramaly şypahanasynda Baýramaly şäher häkimliginiň hem-de Demokratik partiýanyň Baýramaly şäher we Baýramaly, Garagum etrap komitetleriniň bilelikde gurnamaklarynda geçirilen maslahat hem Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda gazanylan ösüşlere we şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipelere bagyşlandy. Ýaşuly nesliniň wekilleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň we dürli ulgamlarda zähmet çekýän bagtyýar raýatlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen bu maslahatda  edilen çykyşlarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinde täze taryhy eýýamda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan oňyn durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriniň durmuşa ornaşdyrylýanlygy we şol möhüm işleriň halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilendigi dogrusynda buýsanç bilen nygtaldy. Şeýle-de maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda  diýarymyzyň ähli ulgamlarynda gazanylan üstünlikler, milli mirasymyzyň ösdürilişi, ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada-da aýratyn durup geçdiler. Maslahata gatnaşanlar ýurdumyzda il-ýurt bähbitli giň möçberli işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize çyn ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar. Merjen Çaryýarowa.

47
47 17.10.2026
Tagty Süleýmandyr üsti bedewiň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda atçylygy ösdürmekde, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda tutumly işler rowaç alýar. Golaýda etrabymyzdaky 10-njy orta mekdepde etrap boýunça ýokardaky at bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ony TDP-niň etrap komiteti, TKA-nyň etrap birleşmesi, etrap bilim bölümi we Türkmenistanyň ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň etrap geňeşi bilelikde guradylar. Çärä atlary agzalan edaralaryň we guramalaryň işgärleri, orta mekdepleriň mugallymlary, kitaphanaçylar hem-de okuwçylar gatnaşdylar. Duşuşykda TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Allanur Sapargeldiýew, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Muhammetberdi Seýitliýew, 10-njy orta mekdebiň kitaphanaçysy Kakabaý Çopanow çykyş etdiler. Olar Gahryman Arkadagymyzyň, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda atçylygy ösdürmekde badalga berýän giň möçberli işleri, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhraty, dünýä ýüzünde gazanylýan üstünlikler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Türkmen bedewleriniň ýyndamlygy, owadanlygy dogrusynda anyk mysallara salgylanyp, gyzykly gürrüň berdiler. Duşuşykdaky çykyşlar oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Muhammetberdi KUŞIÝEW.

44
44 17.10.2026
Halkyň galkynan ykbaly

Şanly ýylymyzyň möhüm wakasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen çözgütleri, kesgitlenen wezipeleri halkyň arasynda wagyz-nesihat etmek bilen bagly çäreler giň gerime eýe bolýar. Ýakynda “Mary” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda welaýat häkimliginiň, TMÝG-niň welaýat, şäher, etrap geňeşleriniň TDEI-niň bilelikde guramaklarynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. “Halk Maslahaty halkyň galkynan ykbaly, döwletiň sarsmaz sütünidir” atly çärä ýokarda atlary agzalan edaralaryň we guramalaryň işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Mary şäher, etrap halk maslahatlarynyň agzalary gatnaşdylar. Çärede TMÝG-niň Mary etrap geňeşiniň başlygy, welaýat halk maslahatynyň agzasy Yklymmyrat Tuwakmyradow, TDEI-niň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Merdan Orazmeredow, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň baş hünärmeni, welaýat halk maslahatynyň agzasy Ogulşirin Seýidowa, TMÝG-niň Baýramaly şäher geňeşiniň başlygy Gurbanmyrat Şanazarow, welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň lukman laboranty Maýagözel Akmämmedowa, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň hünärmeni Gülşat Çetliýewa çykyş etdiler. Olar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň döwletimizi ähli ugurlar boýunça ösdürmekdäki ähmiýeti barada gürrüň etdiler. Raýat jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmakda eýeleýän möhüm orny dogrusynda durup geçdiler. Maksat BÄŞIMOW.

43
43 16.10.2026
Demokratiýanyň dabaralanmagy

Ýakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli geçirilendigini, onda kabul edilen kararlaryň uly ähmiýete eýedigini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen Mary etrap medeniýet öýünde «Türkmenistanyň Halk maslahaty: demokratiýanyň dabaralanmagy» atly maslahat geçirildi. Oňa etrabyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän raýatlar gatnaşdylar. Etrap häkimliginiň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen maslahatda etrap häkiminiň orunbasary, etrap zenanlar bölüminiň başlygy Bahar Hojamgulyýewa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy, welaýat halk maslahatynyň agzasy Yklymmyrat Tuwakmyradow, TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Täzegül Pirsýanowa çykyş etdiler. Olar ýurdumyzda alnyp barylýan beýik işler, umummilli forumdan gelip çykýan wezipeler we kabul edilen kararlar hakynda giňişleýin gürrüň etdiler. Ogulnur BERDIÝEWA.

45
45 15.10.2026
Ýokary ruhubelentlik döretdi

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň uly toýunyň öň ýanynda ýokary derejede geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm waka boldy. Bu ählumumy forumda döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli çözgütlerdir Kararlar kabul edilip, halkymyzyň beýik geljegine gönükdirildi. Halk häkimiýetiniň gadymdan gelýän milli däplerinden, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň demokratik ýörelgelerinden ugur alnyp geçirilen bu mejlis halkymyzda ýokary ruhubelentlik döretdi. Mejlisde Türkmenistan döwletimizi durmuş-ykdysady we medeni taýdan sazlaşykly ösdürmegiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle işlere goşantly bolmak her birimiziň jana-jan borjumyzdyr. Mejlisde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz taryhy çykyş edip, il-ýurdumyzyň parahat, asuda, bagtyýar, bolelin durmuşy hakynda edilýän aladalar barada giňişleýin durup geçdi. Ýurdumyzy mundan beýläk-de ählitaraplaýyn ösdürmek, halkara gatnaşyklaryny has-da berkitmek hakyndaky parasatly pikirleri öňe sürdi. Şeýle hem mejlisde Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eden taryhy çykyşy halkymyzyň buýsançly başyny göge ýetirdi, geljekki ösüşlerimize badalga berdi. Peder ýoluna eýerýän hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän beýik işleri netijesinde okamaga, işlemäge, döretmäge, gurmaga ähli şertler bar. Il-ýurduň has-da ösmegi üçin döredilýän giň mümkinçiliklerden ruhlanyp zähmet çekýän agzybir halkymyz Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize tükeniksiz alkyş aýdýar. Atajan HOJALYÝEW.

44
44 15.10.2026
Abadan geljegimiziň wezipeleri

Üstümizdäki taryhy ýylyň ýeňişli sepgitleri, şanly wakalary il-günümizde ýokary ruhubelentlik döredýär. Şu ýylyň sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi milli demokratiýamyzyň dabaralanmasy boldy. Halk häkimiýetliligiň gadymdan gelýän milli däplerinden we häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň demokratik kadalaryndan ugur alnyp geçirilen bu forum jemgyýetimiziň dürli nesilleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi. Bu ählihalk forumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuň manyly çykyşlary üns berlip diňlenildi. Çykyşlarda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi mundan beýläk-de okgunly ösdürmek bilen bagly öňde durýan wajyp wezipeler kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady we medeni taýdan durnukly ösdürmegiň möhüm meseleleriniň üstünde durup geçdi. Şu wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň abadan geljegine kuwwatly itergi berer. Jemgyýetimiziň giň wekilçiliginiň gatnaşmagynda geçirilen umumymilli forumda ara alnyp maslahatlaşylan meseleler boýunça çözgütler kabul edilip, wajyp wezipeler öňde goýuldy. Gülşat REJEPOWA.

46
46 15.10.2026
Bagtyýar eýýamyň okgunly gadamlary

,,Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda ýokary guramaçylykly geçirilen Türkmenistanyň halk maslahatnyň mejlisinden gelip çykýan wezipelere we ýurdumyzyň ajaýyp ösüşlerine bagyşlanyp  Mary welaýat häkimliginiň, Demokratik partiýasynyň Mary welaýat we Mary şäher we Mary etrap komitetleriniň bilelikde  gurnamagynda  “Bagtyýar zamananyň batly gadamlary” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Mary myhmanhanasynda ýokary guramaçylykly geçirlen bu duşuşyga Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap Halk Maslahatynyň agzalary, partiýanyň işjeň agzalary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.  Bu ýerde  çykyş edenler Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda geçirilen Türkmenistanyň halk maslahatynyň mejlisinde kabul edilen kararlardyr çözgütler we şol çözgütleriň hem il-ýurt bähbidine gönükdirilendigi barada buýsanç bilen bellediler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýetilen belent sepgitler, dürli ulgamlarda gazanylýan üstünlikler dogrusyndaky gürrüňler hem wagyz-nesihat duşuşygynyň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Duşuşyga gatnaşanlar halkymyzy eşretli zamanada ýaşadýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler. Merjen Çaryýarowa.

44
44 14.10.2026
Rowaçlyklara beslenen dabaraly ýol

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň yzygiderli ösüşlerine ser salanyňda, hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan beýik işlerine buýsanjyň artýar, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşaýandygyna guwanjyň goşalanýar. Munuň şeýledigine biz her ädimde göz ýetirýäris. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen ajaýyp şygar dillerde sena bolup ýaňlanýar. Bu taryhy ýylyň 27-nji sentýabrynda beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň toýy uludan tutuldy. Nesip bolsa 12-nji dekabrda hemişelik Bitaraplygymyzyň 31 ýyllygynyň toýy dabaraly bellenilip geçiler. Garaşsyzlyk ýyllarynda, Bitaraplygyň saýasynda gazanylýan üstünlikler eziz Diýarymyzyň günsaýyn gülläp ösýändigine şaýatlyk edýär. Şeýle ajaýyp ösüşler bolsa kalbyňy buýsanja besleýär. Çünki, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň il-günümize beren bagty egsilmezdir. Goý, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda barha gözelleşýän ata Watanymyzyň şan-şöhraty älemi tutsun! Zähmetsöýer halkymyza hemişe bagtyýarlyk we rowaçlyk ýar bolsun! Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli işleri rowaç alsyn! Gülnahal MUHAMMETAMANOWA.

45
45 14.10.2026
Garaşsyzlygyň we özygtyýarlylygyň ak ýoly bilen

Özbaşdaklygyň, özygtyýarlygyň ak ýoluna düşen Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlygynyň 35 ýylynda tanalmaz derejede ösdi we özgerdi. Ata Watanymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda berkarar döwlet hökmünde dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edildi. Ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrüldi. Çünki, Garaşsyzlygymyzyň ýyllarynda Diýarymyzyň ähli ýerlerinde täze tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklary işe girizildi. Senagatda, oba hojalygynda, gurluşykda we beýleki pudaklarda örän uly üstünliklere eýe bolundy. Hemişelik Bitarap döwlet hökmünde halkara abraýy arşa göterildi. Munuň özi Garaşsyzlygymyzyň il-günümize peşgeş beren datly miwesidir. Garaşsyz Türkmenistanymyzda özbaşdaklygymyz, özygtyýarlygymyz bilen birlikde, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi hem baýdak kimin belentde görülýär. Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly içeri hem daşary syýasaty rowaçlyklara beslenýär. Şeýle öňegidişlikler egsilmez gözbaşyny Garaşsyzlygymyzdan alyp gaýdýar. Adamzat taryhy üçin bolsa juda gysga döwürde — 35 ýylda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň halkara at-abraýy dünýä doldy. Garaşsyzlykda galkynýan eziz Diýarymyzy bu günki günde görmäge göz gerek, taryplamaga söz. Adam hakdaky alada döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolmak bilen, “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer taglymatyň çäklerinde uly işler üstünlikli amal edilýär. Täze önümçilik kärhanalary ulanmaga berlip, ilatyň iş bilen üpjünçiliginde netijeli işler bitirilýär. Türkmen halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç alsyn! Maksat BABANYÝAZOW.

2265
2265 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

2090
2090 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

2332
2332 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

2273
2273 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

2176
2176 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

2646
2646 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

2062
2062 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

2437
2437 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2026 | Ähli hukuklar goragly.