Hususy ulgamyň tagallalary — azyk bolçulygynyň kepili
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde eden çuň mazmunly çykyşynda ýurdumyzyň kiçi hem orta telekeçilik ulgamynyň agzalarynyň döwletimiziň ykdysadyýetiniň barha pugtalanmagyna goşýan saldamly goşandyny belläp,olaryň oba hojalyk we azyk,gök,bakja önümleriniň,miwedir ir-iýmişleriň bazar bolçulygyny döredendikleri, ýyladyşhanalarda pomidorlaryň eksport edilýän möçberlerini has-da artdyrandyklary dogrusynda durup geçdi. Döwlet baştutanymyz ýurdumyzda geljekde hem kiçi,orta we iri telekeçiligi ösdürmekligiň dowam etdiriljekdigini nygtap belledi.Döwletimiz tarapyndan bitirýän bähbitli işlerine bildirilýän bu ýokary ynam Mary welaýatynyň işjeň telekeçilerinem has-da döredijilikli işlemeklige ruhlandyrýar. Mary şäherindäki Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan Röwşen aýakgaplary hususy kärhanasynyň telekeçileri täzeçe gözlegler bilen işläp,önümçiligi senagat,gurluşyk ugurly ösdürseler,onuň Röwşenagro önümçilik hojalyk jemgyýetiniň agzalary oba hojalyk maksatly önümçiligi ösdürip,azyk,gök,bakja,miwe,ir-iýmiş önümlerini öndürmeklige barha giň gerim berýärler. Olar şu ýyl ösdürilip ýetişdirilen miweli baglardan 70 tonnadan köpräk hasyl alyp,welaýatyň bazarlarynda ýerleşdirdiler.Häzir hojalyk jemgyýetinde 260-dan köpräk adam zähmet çekýär. Bölünip berlen ýerleriň ylmy esasda gaýtadan özleşdirilmegi, ýyladyşhanalaryň giňeldilmegi bilen bu ýerde ýaşlaryň ýene-de ýüze golaýyna täze iş orunlary dörediler.Telekeçiler şu güýzde hojalyk jemgyýetiniň 17 gektarlyk ýyladyşhanasynda pomidoryň irki bol hasylyny ösdürip ýetişdirip,ony terligine welaýatyň bazarlaryna köpçülikleýin çykaryp,elýeterli nyrhlardan ýerleşdirip başladylar.Olar eýýäm ýygnalýan ekologiýa taýdan arassa hasylyň bir bölegini Russiýa Federasiýasyna-da eksport etdiler.Telekeçi ekerançylaryň gadymy daýhançylyk tejribesi bilen ylmyň iň täze gazananlaryny pugta utgaşdyryp alyp barmaklary olara pomidor hasylyny öňki ýyllardakydan iki hepde ir ýetişdirmeklige mümkinçilik berdi.Hojalyk jemgyýetiniň agzalary “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany”diýen şygar bilen atlandyrylan şu ýylda pomidoryň Gollandiýa döwletinden getirilen ýokary hasylly görnüşleriniň tohumyny öz şitilhanalarynda ekip,nahal edip ýetişdirdiler.Dünýäniň ösen döwletlerinde tejribe toplap gelen ekerançy hünärmenleriň pugta gözegçiliginde,agrotehniki idegleriň doly we dogry berjaý edilmeginde ýetişdirilen pomidorlar bol hasylyny eçildi. Pomidoryň biziň toprak hem howa şertlerimize uýgunlaşdyrylan,kesellere durnukly aýry-aýry görnüşleri ekerançylar tarapyndan göwnejaý ideg edilmegi netijesinde häzir ösüp,bol hasyl toplaýar.Ýyladyşhanada pomidoryň bitginli hasylynyň kemala getirilmegi üçin mör-möjeklere garşy göreş çäreleriniň ylmy esasda geçirilmegi netijeli häsiýete eýe bolýar.Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä,şu ýyl hojalyk jemgyýetiniň ýyladyşhanasynda ekologiýa taýdan arassa,ýokary hilli pomidor hasylynyň üç müň bäş ýüz tonnasyny öndürmeklik meýilleşdirilýär.Telekeçi ekerançylar irki pomidor hasylynyň esasy bölegini ýurdumyzyň içki bazarlarynda alyjylara ýetirmekligi,galan bölegini bolsa baglaşylan şertnama esasynda Russiýa Federasiýasyna, Belarusiýa Respublikasyna, Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan Respublikalaryna eksport etmekligi maksat edinýärler. Röwşenagro önümçilik hojalyk jemgyýetiniň şu ýyl bölünip berlen ýerlerde ýokary tehnologiýada gurnalan ýyladyşhanada dört gektar meýdana subtropiki ekin bolan banan ösümligini ekip,ösdürip ýetişdirdiler.Baglary suwarmak işi suw tygşytlaýjy gurallar arkaly,damjalaýyn usulda geçirilýär. Ýyladyşhanada Gollandiýa döwletiniň dünýä belli RIDDER kompaniýasynyň enjamlary ýerleşdirilipdir. Ýyladyşhananyň içiniň çyglylandyryş, howalandyryş, suwaryş, ýyladyş ulgamlary hut şu doly awtomatlaşdyrylan enjamlaryň kömegi arkaly takyk sazlanylýar hem-de baglaryň kadaly ösüşi üpjün edilýär.Ýaňy-ýakynda ýyladyşhananyň ýene-de dokuz gektarynda bananyň ýokary hasyl berýän görnüşleriniň nahallary oturdyldy.Olar geljekde ýyladyşhanada banan ösümliginiň umumy meýdanyny 50 gektara ýetirmekligi göz öňünde tutýarlar.Röwşenagro önümçilik hojalyk jemgyýetiniň agzalary telekeçiligi ösdürmeklige giň şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza,hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsun aýdyp,olaryň janlarynyň sag,ömürleriniň uzak,alyp barýan il-halk, döwlet bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýärler.
Sapardurdy Ýaýlymow.