“Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň döwlet energetika institutynda, “Türkmenistanyň konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni” mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi we şäher, etrap Geňeşleri hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bilelikde guramaklarynda “Baýdagymyz-başymyzyň täjidir, Kanunymyz-kalbymyzyň güýjidir” atly aýdym-sazly maslahat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň işgärleri, institutyň professor mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda alynyp barylýan işler we Garaşsyzlyk ýyllary içinde milli ykdysadyýetimizi ähli taraplaýyn ösdürmekde Esasy Kanunymyzyň ähmiýeti we Watanymyzyň asudalygynyň, jebisliginiň, erkana ýaşaýşymyzyň nyşany hökmünde belentde parlaýan ýaşyl Tugumyzyň mukaddesligi dogrusynda giňişleýin gürrüňler etdiler. Maslahata gatnaşanlar il-ýurt bähbitli uly işleri durmuşa geçirýän, Watanymyzyň halkara abraýyny belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar. Şeýle-de bu ýerde talyp ýaşlaryň aýdym-sazly çykyşlaryna-da uly orun berildi.
Nurjahan Mämmedowa.








