Geçen ýekşenbe güni Mary atçylyk sport toplumy dabaralara beslenip, köp adamly boldy. Bedew janköýerlerini bir ýere jemlän at çapyşygy şatlyk-şowhuna beslendi.
Birinji çapyşyk üçýaşar bäş bedewiň gatnaşmagynda geçirilip, olar 1200 metr aralyga çapuwa goýberildi. Bu çapyşykda A. Garageldiýewiň hojalyk aty bolan Keramat atly gyr at öz ýyndamlygyny görkezdi. K. Garýagdyýewiň seýislän, T. Annaçaryýewiň ussatlyk bilen çapan bu aty pellehana 1 minut, 29,08 sekuntda gelmegi başardy.
Gyzykly geçen ikinji çapyşyk üçýaşar atlaryň arasynda 1400 metr aralykda geçirilip, oňa 4 sany at gatnaşdyryldy. Bu çapyşykda B. Rejepowyň hojalyk aty bolan Guwanar diýen gara at öňdeligi eýeledi. D. Amandurdyýewiň seýislän bu aty 1 minut, 39,71 sekunt wagt bilen pellehana ilkinji bolup geldi. Oňa Ý. Amannazarow ezberlik bilen çapyksuwarlyk etdi.
Üçýaşar atlaryň arasynda 1400 metr aralykda geçirilen üçünji çapyşyga bäş sany bedew gatnaşdyryldy. Onda Ş. Şamyradowyň hojalyk aty bolan gara ata ýyndamlykda taý tapylmady. Bu atyň seýsi hem çapyksuwary bolan D. Amandurdyýew bolup, ol bellenilen aralygy 1 minut, 44, 41 sekuntda geçmegi başardy.
Dördünji we bäşinji çapyşyklar dörtýaşar we uly ýaşar atlaryň arasynda 1800 metr aralykda geçirildi. Dördünji çapyşyga dört bedew gatnaşdyryldy we G. Amanowyň hojalyk aty bolan Alçep atly dor at ýeňiji boldy. Ol bellenilen aralygy 2 minut, 9,93 sekuntda geçdi. Onuň seýsi Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Y. Potraýew, çapyksuwary G. Ýazberdiýew.
Bäşinji, jemleýji at çapyşygyna bolsa, 4 sany bedew gatnaşdyrylyp, olardan R. Läliýewiň hojalyk aty bolan Toýçy diýen mele at pellehana birinji bolup geldi. Ş. Orazgeldiýewiň seýislän, B. Gurbanowyň çapyksuwarlyk eden bu aty 1800 metr aralygy 2 minut, 0,33 sekuntda geçdi.
Çapyşyklarda ýeňiji bolan bedewlere serpaý ýapylyp, çapyksuwarlara gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Sähet HOJAGELDIÝEW.








