Sahawatly türkmen topragynda giňden bellenilýän Gurban baýramynyň göwün göteriji toý çäreleri Mary welaýatynda hem ýokary ruhybelentlige beslenip bellenilip geçilýär. Mary welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Agrar we Demokratik, Senagatçylar we telekeçiler partiýalarynyň Mary welaýat komitetleriniň, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň, Mary welaýat Medeniýet Müdürliginiň we welaýat Zenanlar bölüminiň bilelikde gurnamaklarynda geçirilen baýramçylyk dabarasy hem şatlyk-şowhuna beslenip, göwünleri göterdi. “Türkmeniň ak öýi” binasynyň daş töweregini bagtyýarlyk ruhuna beslän bu dabara il sylagly ýaşulylar, kümüş saçly eneler, jemgyýetçilik ulgamynyň wekilleri, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamynyň işgärleri we welaýatyň bagtyýar raýatlary ir säherden toý ýörişi bilen geldiler. Ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan Milli Gurban baýramy adamlaryň köňlüni päkläp, ýagşylyga çagyrýar. Bu gadymy baýramyň jemgyýetimizi medeni-ruhy taýdan kämilleşdirmekde hem-de baýlaşdyrmakda, agzybirligimizi we jebisligimizi pugtalandyrmakda ähmiýeti örän ulydyr. Toý meýdançasynda gurnalan bezemen ak öýler halkymyzyň sada dünýäsini, şahandazlyk we myhmansöýerlik däbini şöhlelendirdi. Baýramçylyk dabarasynda toý gazanlary atarylyp, milli tagamlaryň dürli görnüşleri taýýarlanyldy. Guş gursak dänäniň unundan bişirilen gatlama, pişme, etli çörek, ýagly çörek, petir ýaly dürli nygmatlary bolsa toý märekesine hödür – kerem edildi. Ýokary guramaçylykly geçirilen bu baýramçylyk dabarasynda welaýatyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleriniň, medeniýet we sungat ussatlarynyň, meşhur esdrada aýdymçylarynyň, görnükli tans toparlarynyň, çagalar döredijilik toparlarynyň Gurban baýramy mynasybetli taýýarlan göwün göteriji, döwrebap çykyşlaryna giňden orun berildi. Şatlyk-şowhun, uly buýsanç bilen ýerine ýetirlen çykyşlaryň her birinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Watanymyzy ösdürmekdäki alyp barýan belent maksatly rowaç işleriniň waspy, musulman ymmatynyň hormat bilen belleýän Gurban baýramynyň özboluşly aýratynlyklary, halkymyzyň bagtyýar durmuşy, eziz ýurdumyzyň ösüşli menzilleri uly joşgun bilen wasp edildi. Bu ýerde döredijilik toparlarynyň bagtyýar halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, azat, erkana durmuşyny, ynsana goýulýan belent sarpany aňladýan Gurban baýramynyň milli däp-dessurlaryny giňden beýan edýän folklor çykyşlary hasam täsirli boldy. Bu ýerde görkezilen joşgunly çykyşlaryň her biri ruhy tämizligiň baýramy bolan milli Gurban baýramyna halkymyzyň goýýan hormatynyň belent nyşanyny görkezdi. Toý ruhunda gurnalan belent hiňňilliklerde oglan-gyzlaryň batly uçmaklary päk niýetleriň we haýyr-sahawatyň baýramy bolan Gurban baýramynyň şatlygyny has-da artdyrdy. Turuwbaşdan ýokary ruhybelentlik häsiýetine eýe bolan dabarada welaýatyň ussat türgenleriniň arasynda türkmen göreşi, ýalyga towusmak, tanap çekmek ýaly milli oýunlaryň oýnalmagy, bagşy-sazandalaryň şirin owazly mukamlary çalyp aýdymlary aýtmagy toýuň şatlyk-şowhunyny has-da belende göterdi. Giň gerimde ýaýbaňlanan baýramçylyk çäresinde bagtyýar nesilleriň çaga dünýäsine mahsus gyzykly oýunlary oýnamaklary Gurban baýramynyň ýokary guramaçylykda geçirilýändigini ýene bir ýola subut etdi. Halkymyzyň milli ruhuna ýugrulan toý meýdançasynda hatar tutup otyran alty ganat ak öýüň ýanynda milli lybasda geýnen ene-mamalarymyz, gelin-gyzlarymyz hünärli gollarynyň miwesi bolan haly we haly önümleriniň, gülli keçeleriniň, kürte, çabyt, don, çäkmen ýaly milli el işleriniň, şöhratly taryhymyzy şöhlelendirýän muzeý gymmatlyklarynyň, ezber elli ussalaryň yhlasyndan dörän milli saz gurallaryň, zergärleriň ussatlyk bilen ýasan şaý-sepleriniň we beýleki önümleriň baý sergisiniň gurnalmagy baýramçylyga aýratyn bezeg berip, bu ýere gelenlerde ýakymly täsirleri galdyrdy. Toý joşhunly dabara gatnaşan adamlar halkymyzyň milli däp-dessurlaryny dikeldip, toý-baýramlaryny ýokary derejede bellemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Suwhan Kulyýew








