Welaýatymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, etrabymyzda hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinden gelip çykýan çözgütleri ilatyň arasynda düşündirmek boýunça wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Etrabymyzyň Mollanepes şäherçesindäki medeniýet öýünde etrap häkimliginiň, TDP-niň, TAP-nyň etrap komitetleriniň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda etrap häkiminiň orunbasary Akgözel Muradowa, TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Tawus Gylyjowa, etrabyň Mülkýusup geňeşliginiň Parahatlyk obasynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Berdi Şirow, etrabyň Mülkamaşa geňeşliginiň ýaşaýjysy Ejekeýik Nurýagdyýewa, etrapdaky 35-nji orta mekdebiň müdiri Juma Şirmämmedow çykyş etdiler.
Olar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli möhüm wezipelerini, ara alyp maslahatlaşmak, eziz Watanymyzy mundan beýläk hem ösdürmek barada gürrüň etdiler. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ylymly-bilimli ýaşlary ýetişdirmek, olaryň döredijilik başlangyçlaryny goldamak babatda giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigi dogrusynda durup geçdiler.
Çykyşlarda Watanymyzy, halkymyzy nurana geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.
Oguljan ORAZGELDIÝEWA.








