Ýakynda Mary şäher häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi we ondan gelip çykýan wezipeleri ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen şäher halk maslahatynyň hem-de TMÝG-niň şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda «Halk maslahaty: geňeşli iliň döwletli ýoly» ady bilen maslahat geçirildi. Oňa ýaşuly nesliň wekilleri, şäher halk maslahatynyň agzalary we dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.
Täsirli geçen maslahatda TMÝG-niň şäher geňeşiniň başlygy, şäher halk maslahatynyň başlygy Resul Baýramow, Garagum etrabynyň ýaşaýjysy, il sylagly ýaşuly Çarygylyç Çaryýarow, şäheriň ýaşaýjysy, mährem ene Amanjemal Berdiýewa, TDEI-niň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Merdan Orazmeredow, TDEI-niň talyby Alýoş Amanow we beýlekiler çykyş etdiler. Çykyş edenler gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen taryhy ähmiýetli forumyň üstünlikli geçirilip, onda il-ýurt bähbitli kararlaryň kabul edilendigi hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle beýik işleriň durmuşa geçirilmeginde uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Göwher KAKAGELDIÝEWA.








