Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda Hatyra güni giňden bellenilip geçilýär. Hatyra gününde Watanymyzyň azatlygy, erkinligi ugrundaky söweşlerde wepat bolan ildeşlerimizi hem-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde şehit bolan merhumlary hatyralamaklyga bagyşlanan çäreler geçirilýär. Şu gün Mary welaýatynda-da Hatyra çäreleri geçirildi. Mary welaýat häkimliginiň gurnamagynda Mary Nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň Mary Welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenji guraldy. Muzeý işgärleri talyp ýaşlary 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda ildeşlerimiziň Watanymyzyň azatlygy ugrundaky söweşlerde görkezen gahrymançylygyny hem-de mertligini aňladýan muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdyrdylar. Bu muzeý gymmatlyklarynyň ýaş neslimizi watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki, halkymyzyň milli däp – dessurlaryna, ýol – ýörelgelerine hormat goýmakdaky ähmiýeti dogrusynda beren çuň mazmunly gürrüňleri talyp ýaşlarda aýratyn täsir galdyrdy. Gezelenç wagtynda muzeý işgärleri 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde şehit bolan ildeşlerimizi hatyralap, olary ýagşylykda ýatladylar.
Sapardurdy Ýaýlyýew.








