Aslynda, ýaş nesil hakda edilýän şu günki alada bagtyýar ertirimiziň aladasydyr. Munuň özi mugallymyň päk zähmetiniň datly miwesiniň has-da abadan geljegimiziň bilimli, edep-terbiýeli, zähmetsöýer ýaşlarynyň kemala gelmeginde jemlenýändigini aňladýar. Has anygyny aýtsak, abadan ertirimiziň aladasy şu günden başlanýar. Şonuň üçinem hormatly Prezidentimiz ýaş nesliň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli, watansöýüji, zähmetsöýer adamlary bolup ýetişmegini üpjün etmek bilen bagly möhüm wezipeleri öňde goýýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işi döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirilýär.
Men okuwçylara fizika dersinden bilim bermek bilen geçýän her bir sapagymyň okuwçylar üçin gyzykly bolmagy ugrunda aladalanýaryn. Munuň üçinem mugallymyň ukyp-başarnygy, işine yhlasy zerur. Hakykatdanam, mugallym işine ökde bolanda haýsy dersdigine garamazdan çagalar sapaga höwes bilen gatnaşýarlar. Fizika dersi boýunça sapak berlende okuw-görkezme esbaplary, tehniki serişdeler dürli tejribeler uly ähmiýete eýe bolýar. Mysal üçin, tehniki serişdeleriň kömegi bilen ol ýa-da beýleki tema degişli synag geçirilende okuwçylarda uly täsir galdyrýar. Olara geçilýän temany ymykly özleşdirmeklerine ýardam edýär.
Gülälek AKMYRADOWA.








