Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň Medeniýet öýünde her ýylyň 3-nji noýabrynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli Mary welaýat häkimliginiň, Baýramaly şäher we Baýramaly etrap häkimlikleriniň, welaýat Zenanlar bölüminiň, Demokratik we Agrar partiýalarynyň welaýat komitetleriniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň hem-de welaýat Medeniýet müdirliginiň bilelikde gurnamaklarynda dabara geçirilip, ol uly ruhubelentlige beslendi. Baýramçylyk dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap halk maslahatlarynyň agzalary, welaýatyň gurluşyk we senagat kärhanalarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, medeniýet ulgamlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar Watanymyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda ýetilen belent sepgitler dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda täze döwrebap kärhanalaryň,ýaşaýyş,durmuş maksatly jaýlaryň yzygiderli gurulýandygyny we ozalky bar bolan kärhanalarda düýpli durkuny täzeleýiş, abatlaýyş işleriniň geçirilýändigini buýsançly bellediler. Bu döwrebap kärhanalaryň häzirki zamanyň tehnikalary,sanly ulgam bilen enjamlaşdyrylmagy netijesinde ýerli çig mallardan bäsleşige ukyply, ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa täze senagat,gurluşyk önümleriniň öndürilýändigini nygtap bellediler hem-de dabara gatnaşanlary baýramçylyk mynasybetli mähirli gutladylar.Bu baýramçylyk dabarasynda welaýatyň gurluşyk we senagat kärhanalarynyň öňdebaryjy işgärlerine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly baýramçylyk sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Dabaranyň dowamy welaýatyň estrada aýdymçylarynyň, tans toparlarynyň egsilmez ruhubelentlige beslenen çykyşlary bilen utgaşdy. Ýerine ýetirilen joşgunly çykyşlar tomaşaçylarda ýakymly duýgulary oýardy. Ýaňlanan aýdym – sazlarda, ýerine ýetirilen döwrebap tanslarda şan-şöhraty dünýä dolýan asuda,erkana ata Watanymyz,hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli belent tutumly işleri,Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri, ,,Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany”ýyly joşgun bilen wasp edildi.Ýokary ruhubelentlikde geçirilen baýramçylyk dabarasynda göwünlere şatlyk paýlan çykyşlaryň ählisi halkymyzy erkana durmuşda ýaşadýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözleri bolup ýaňlandy.
Sapardurdy Ýaýlymow.








