Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýleki pudaklar bilen bir hatarda ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz oba hojalygynda alnyp barylýan işleri ünsden düşürmezligi geçirýän iş maslahatlarynda aýratyn belläp geçýär. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzy tutuş ýylyň dowamynda ter gök önümler bilen üpjün etmek baradaky tabşyryklarynyň ýerine düşýändigine ýurdumyzyň ak bazarlaryna, söwda nokatlaryna baranyňda hem aýdyň göz ýetirýärsiň. Munuň özi bolsa rysgyny toprakdan alýan daýhanlaryň zähmet çekip, ondan ýokary hasyl almak üçin döredilip berilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýandyklarynyň aýdyň alamatydyr.
Zähmetsöýer ýer eýeleri pagtanyň, bugdaýyň, gök önümleriň bereketli hasylyny ýetişdirip, Watanymyzyň oba hojalygynyň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar. Şeýle-de ýer eýeleri topragy gurplandyrmak, girdejilerini artdyrmak maksady bilen ikinji ekin bolan aralyk ekinleri hem ekip, bol hasyl ýetişdirýärler. Tutanýerlilik görkezýän ýer eýeleri her ýyl gant şugundyryndan ýokary hasyl almagy başarýarlar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda hem welaýatymyzyň kärendeçileri gant şugundyrynyň bol hasylyny ýetişdirmek ugrunda aladalanýarlar.
Welaýatymyzda gant şugundyrynyň agramly bölegi Garagum etrabynyň ekerançylyk meýdanlarynda ekilýär. Etrabyň kärendeçileri bu ekiniň bol hasylyny kemala getirmekde ýeterlik tejribe topladylar. «Maryşeker» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşan etrabyň hasyl ussatlary otag, ýekeleme, iýmitlendiriş, suw tutmak işlerini agrotehnikanyň talaplaryna görä ýerine ýetirip, bu günki günde bol hasyl ýetişdirdiler. Kärendeçilere ekiniň idegini ýetirmekde daýhan birleşikleri, şeýle hem “Maryşeker” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tehnikalary bilen ýakyndan ýardam berýärler.
Watanymyzyň ykdysady ösüşine hemişe mynasyp goşant goşmagy maksat edinýän şugundyrçy kärendeçiler özleri hakynda edýän aladalary üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdýarlar.
Durdynabat BAÝRAMOWA.








