Golaýda etrabymyzyň merkezi kitaphanasynda “Türkmenistanyň Halk Maslahaty — taryhy özgertmeleriň başlangyjy” atly maslahat geçirildi. Maslahat sentýabr aýynda guramaçylykly geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine bagyşlanyldy. Wagyz-nesihat çäresini TDP-niň etrap komiteti, TMÝG-niň etrap geňeşi, etrap bilim bölümi we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilelikde guradylar. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary ýokarda atlary agzalan guramalaryň işgärleri hem-de edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.
Işjeň ýagdaýda geçen maslahatda TDP-niň etrap komitetiniň başlygy, etrap halk maslahatynyň başlygy Muhammetnazar Täşliýew, etrapdaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 33-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Akmuhammet Bekmyradow, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bölüm müdiri Tylla Rahmedowa we beýlekiler çykyş etdiler. Olar ählumumy forumyň ýokary derejede geçendigi, onda döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy barada gürrüň etdiler. Öňde durýan wajyp wezipeleri durmuşa geçirmegiň çözgütleriniň maslahatlaşylandygy dogrusynda durup geçdiler.
Babajan MUHAMMEDOW.








