Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň oba hojalygy pudagyny ösdürmekde oňyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Jogapkärli möwsümiň dowam edýän günlerinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň agzybir işgärleri etrabyň ekerançylyk meýdanlarynda zähmet çekýän kärendeçileri, ýygymçylary ruhlandyrmak maksady bilen dabaraly duşuşyklary yzygiderli geçirýärler.
Golaýda etrabyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň günorta arakesme wagtynda ýygymçylaryň armasyny ýetirmek maksady bilen aýdym-sazly medeni çäre geçirildi. Medeni çärede ýygymçylaryň öňdebaryjylary TDP-niň etrap komiteti tarapyndan sowgatlar bilen sylaglanyldylar. Bu bolsa pagtaçylary has tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Gymmatly baýlygymyz bolan “ak altynyň” bol hasylyny ýygnap almakda ähli şertleri we mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza etrabymyzyň babadaýhanlary alkyş aýdýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Gunça WELSÄHEDOWA.








