«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny ýeňişlere besleýän türkmen ili Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda has-da bagtyýar ertirine barýar. Ajap eýýamymyzda toýlary goşa-goşadan gelýän halkymyz uly toýuna taýýarlyk görýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň baýramynyň buýsançly aýratynlygy Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň berkararlygynda jemlenýänligindedir. Esasy Kanunymyz ýurdumyzyň berkararlygyny hukuk taýdan ykrar edip, ähli ugurlardaky ösüşlerimiziň hukuk binýadyny pugtalandyrýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen güni gadymy türkmen halkynyň demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmakdaky wajyp hem-de aýgytly ädimi hökmünde taryha girdi. Bilşimiz ýaly, Konstitusiýamyz Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň Esasy Kanuny bolmak bilen, ýurdumyzyň hereket edýän kanunçylygynyň binýady bolup durýar. Onda döwletiň gurluşynyň hukuk ýagdaýy kesgitlenilýär.
Esasy Kanunymyzda Döwlet baýdagymyzyň Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlaryň biridigi bellenen. Döwlet baýdagymyz döwletimiziň özygtyýarlylygyny we berkararlygyny alamatlandyrýan mukaddeslikdir. Merdana ata-babalarymyz şan-şöhrata beslenen gahrymançylykly asyrlary aşyp, bu gün türkmen ili abraý-mertebesi dünýä dolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletine guwanýar we buýsanýar.
Güljeren MYRADOWA.








