Awstraliýa “Çägelik yklym” hem diýilýär. Onuň tutýan meýdanynyň 60 göterimi, ýagny, 4 million inedördül kilometri çägelikdir. Bu ýerde Gibson, Uly Wiktoriýa, Simpson, Günorta Awstraliýa çöllükleri biri-birine sepleşip gidýär.
“Çöl — bu ýylda ygalyň 100 millimetrden az düşýän, ota-çöpe garyp künjekdir” diýilýär. Garagum çölünde ýylda 130 — 200 millimetr möçberde ygal düşýär. Ol ösümlik dünýäsine baýdyr. Onda ösümlikleriň 1 müňden gowrak görnüşiniň bardygy ylmy taýdan subut edilen.
Gadymy arap dilinde Sahara “çöllük sähra” diýmegi aňladýar. Onuň meýdany 11 million inedördül kilometre deňdir.
Sahara çöli diýlende, oňa Liwiýa çöli, Arap çöli, Nubiý çöli degişlidir.
Saharada 60 gradusa ýetýän epgekli jöwza bolýar. Sahara iň az ygal düşýän ýer bolup, onuň ýyllyk mukdary 20 millimetrden geçmeýär.
Saharada ösümlikleriň 1200 görnüşi duş gelýär. Merkezi Sahara bolsa hakyt “Ýylan ýalan ýaly” diýilýäni.
Alžiriň Uly Günbatar Erg hem-de Uly Gündogar Erg çöllüklerine fransuz alymy Anri Lot: “Gündogar Erg Ýer ýüzünde iň uly beýik çöllük, özem üznüksiz öwüsýän ýellerden ýaňa hemişe çäge üfläp duran ýowuz ýer” diýen bahany beripdir.
Tar çöli Hind derýasynyň goşundylarynyň arasynda ýerleşip, 300 müň inedördül kilometre uzalyp gidýär.
Eýranyň günorta-gündogaryndaky Lut çöli iki bölekden ybarat. Uly Lutuň ululygy uzynlygyna 650 kilometre, ini 150 kilometre ýetýär.
Metbugat materiallary esasynda taýýarlan
Sähet HOJAGELDIÝEW.








