Mary welaýatynyň Mary şäheriniň “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanyndaky köpçülikleýin dabaraly çäreleri geçirmäge niýetlenen binasynda ýurdumyzyň gallaçy babadaýhanlarynyň döwlete galla tabşyrmak baradaky borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri hem-de Arkadag şäherinde gurulýan metjidiň “Arkadagyň ruhy” metjidi diýlip atlandyrylmagy mynasybetli toý sadakasy berildi. Döwrebap Arkadag şäherinde gurulýan uly metjidiň il sylagly ýaşulularyň teklibi bilen “Arkadagyň ruhy” metjidi – diýlip atlandyrylmagy hem-de ýurdumyzyň babadaýhanlarynyň döwlete galla tabşyrmak baradaky borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri mynasybetli Mary welaýat häkimliginiň gurnamagynda Hormatly Prezidentimiziň adyndan berlen toý sadakasyna welaýatyň din wekilleri, mährem eneler, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary, edara – kärhanalaryň ýolbaşçylary, bilim, saglyk we medeniýet ulgamlarynyň işgärleri, welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylary gatnaşdylar. Toý sadakasyna gatnaşanlar Arkadag şäherinde gurulýan täze metjidiň mynasyp atlandyrylmagyny goldamak bilen ol ýerde geljekde mukaddes dinimiz bolan yslam dininiň ybadatlaryny ýerine ýetirmek üçin ähli mümkinçilikleriň dörediljekdigini bellediler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň dowamatly işlerini üstünlikli durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrebap metjitler gurlup, milli däp – dessurlarymyzy berjaý etmäge giň ýollar açylýar. Yslam dünýäsinde metjit, köpri we ýol gurmak sogap hem-de parz işleriň biri hasaplanýar. Gahryman Hajy Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Hajy Serdarymyzyň halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin edýän sogaply işleri il – günümiziň ýürek buýsanjyny hasam belende göterýär. Zähmetsöýer babadaýhanlaryň döwlete galla tabşyrmak baradaky borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri, akylly şäher hasaplanylýan Arkadag şäherinde gurulýan metjidiň ýaşulularyň teklibi bilen “Arkadagyň ruhy” metjidi– diýlip atlandyrylmagy mynasybetli berlen toý sadakasynda tagam – duz dadylyp, aýat – töwir okaldy. Toý sadakasynyň dowamynda il agzybirligi, ýurt abadançylygy, Gahryman Hajy Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Hajy Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, umumyadamzat bähbitli işleriniň rowaç bolmagy dileg edildi. Bu ýerde welaýatyň bagşy-sazandalarynyň bu şatlykly waka mynasybetli aýdym-sazly çykyşlary giňden ýaýbaňlandy. Olaryň döwlet Berkararlygyny, ýurt asudalygyny, Watanymyzda gazanylýan beýik ösüşlerini taryplap ýerine ýetiren şirin mukamlary toý sadakasyna gatnaşanlaryň buýsançly başlaryny belende göterdi. Sadakaňyz hakyň keremli dergähinde kabul bolsun Gahryman Hajy Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Hajy Serdarymyz!
Çarymuhammet Saparow








