Bagryň ýanmak — nebsiň agyrmak, haýpyň gelmek, gynanmak.
Bagryňy kebap etmek — biriniň ýa-da bir zadyň ugrunda jepa çekmek, azap görmek, ýanyp bişmek, horlanmak.
Bagryň ezilmek — örän gynanmak, rehmiň gelmek, haýpyň gelmek.
Bagta töwekgellik etmek — bagty synap görmek, bir işi etmäge synanyşmak.
Bagtyňa boran (gar) ýagmak — şowsuzlyga sezewar bolmak, işiň şowsuz bolmak, işiň gaýtmak.
Bagtyň daş ýarmak — bagtyň getirmek, işiň şowuna bolmak, edeniň oňuna bolmak.
Bazar gurmak — 1. Köp bolup üýşmek, ýygnanyşmak. 2. Jedel, dawa döretmek, gykylyk turuzmak.
“Türkmen diliniň frazeologik sözlügi” kitabyndan.








