Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň bilelikde gurnamaklarynda “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylyna “Türkmenistanyň Halk Maslahaty – demokratiýanyň milli nusgasy” diýen at bilen maslahat geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, halk maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Çykyş edenler Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda gazanylýan beýik ösüşler, milli mirasymyza goýulýan sarpa we erkana, asuda watanymyzda alynyp barylýan üstünlikler barada aýratyn durlup geçildi. Şeýle hem ýurt Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýuna görülýän taýýarlyk işleri we bu baýramy zähmet üstünliklerine beslemek bilen bagly gürrüňler hem maslahatda edilen çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Şeýlede bu ýerde çykyş edenler Watanymyzyň ösmegine öz mynasyp goşantlary goşmaklaryny ündediler hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Maýa Annameredowa.








