Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdyn iýmitlenmek saglygy berkitmegiň we keselleriň öňüni almagyň ygtybarly serişdesi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary esasynda biziň geljegimiz bolan çagalaryň sagdyn ösmegi, olaryň fiziki we akyl taýdan kämil bolmagy we orta mekdeplerde ýokary hilli bilim almagy üçin birnäçe aladalar edilýär.
Soňky ýyllarda çagalaryň we uly adamlaryň arasynda semizlik meselesi dünýä derejesinde uly alada döredýär. Munuň esasy sebäpleri nädogry iýmitlenmek, fiziki işjeňligiň azlygy, ýokary kaloriýaly iýmitleriň köp ulanylmagy hasaplanylýar. Şeýle ýagdaýlarda mekdepde berilýän sapaklaryň, esasan hem himiýa dersiniň gowy özleşdirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Sebäbi, himiýa sapagynda diňe bir teoriýa, kesgitlemeler we formulalar öwredilmän, eýsem, iýmitlik maddalaryň düzümi we bedendäki aýlanyşygy hem öwredilýär.
Himiýa dersinde okuwçylar beloklar, uglewodlar, ýaglar, witaminler we minerallar barada maglumat alýarlar. Bu maddalaryň hersiniň bedende ýerine ýetirýän aýratyn wezipesi bar. Mysal üçin, beloklar bedeniň ösüşi we dokumalaryň dikeldilmegi üçin zerur bolup, bedende gurluşyk materialy bolup hyzmat edýär. Şeýle-de, beloklar bedende bolup geçýän hadysalary işjeňleşdirýär, gormonal sazlaşygy saklaýar we kesellere garşy immuniteti ýokarlandyrýar. Adam günde 80 — 100 gram belogy harçlaýar. Şonuň üçin ol süýt önümlerini, ýumurtgany, balygy köpräk iýmeli bolýar.
Uglewodlar esasy energiýa çeşmesi hasaplanylýar, olaryň synalaryň ösmeginde we ýaralaryň bitmeginde ornunyň uludygyny aýtmak gerek. Ýöne olaryň artykmaç mukdary ýag görnüşinde toplanyp, semizlige sebäp bolup biler.
Witaminler iýmitimiziň iň gymmatly bölegidir. Olar synalaryň biologik işjeňligini artdyrmak bilen, esasy iýmit maddalarynyň kadaly, tygşytly, doly we dogry siňmegini üpjün edýär, süňkleriň ösmegine ýardam berýär, görüjiligi artdyrýar, bagryň, beden mäzleriniň işleýşini kadalaşdyrýar, süňkleri, dişleri, saçy berkidýär, derini tämizleýär.
Umuman, himiýa dersi diňe bir bilim bermek bilen çäklenmän, çagalaryň saglygyny goramakda hem ähmiýeti uludyr. Ol iýmitiň düzümini düşünmäge, zyýanly önümleri tanamaga we sagdyn ýaşaýyş ýörelgelerini ösdürmäge kömek edýär.
Gözelnabat UMMADOWA.








