Ruhy çeşmäm, ýüregimiň damary,
Eý, mähriban enem, jana-jan enem!
Seň ýüzüňde mydam Güneşiň nury,
Eý, mähriban enem, jana-jan enem!
Seň kalbyňy giň asmana meňzetdim,
Seň mähriňi giň ummana meňzetdim,
Her sözüňi şirin jana meňzetdim,
Eý, mähriban enem, jana-jan enem!
Gahrymanlary hem döredýänler siz,
Mähribanlary hem döredýänler siz,
Şeýle uly siziň ýürekleriňiz,
Eý, mähriban enem, jana-jan enem!
Enelere boýun bütin Ýer şary,
Tümlügi ýagtyldar ýüzňüziň nury,
Siz bilen barýarys biz öňe sary,
Eý, mähriban enem, jana-jan enem!
Ogulgerek GULLAÝEWA.








