Türkmen halky üçin Garaşsyzlyk asyrlaryň dowamynda pederlerimiziň köňlünde beslän, taryhyň ak säheri bolup dörän mukaddes bir gymmatlykdyr. Bu mukaddeslik parahatçylygyň, asudalygyň we kämil döwletlilik ýörelgesiniň belent owazydyr. Çünki, onda milletiň taryhy ýoly, şu günki galkynyşy hem-de geljekki nesilleriň abadan durmuşy jemlenendir. Şanly 35 ýyllyk menziliň sepgidinde bu owaz has-da belentden ýaňlanyp, döwletlilik binýadymyzyň sarsmazlygyny bütin dünýä äşgär edýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylymyz hem beýik sepgitleriň hem-de belent maksatlara ýetmegiň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Welaýatymyzyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde guruljak täze, döwrebap şäherçe geljekki nesilleriň abadan durmuşyna goýlan iň uly maýadyr. 800 gektardan gowrak meýdany tutjak bu döwrebap şäherçede 22 müň 500-den gowrak ilat üçin 4 müň 500 sany ýaşaýyş jaýy, mekdepler, çagalar baglary, saglyk merkezleri, medeniýet öýi we metjit ýaly durmuş maksatly desgalar toplumy gurlar.
Ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap bilim goruna eýe bolmagy, ylym-bilim kuwwatynyň berkidilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Geçen ýylda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze binasynyň açylmagy hem-de Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň döredilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Şonuň ýaly-da, şu ýylyň maý aýynda Türkmenbaşy şäherindäki «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda täze gurlan «Gadamly» gury ýük gämisiniň suwa goýberilmegi halkara üstaşyr-ulag geçelgelerini ösdürmekde şanly waka öwrüldi.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň toýy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze taryhy sepgitlere tarap okgunly öňe gitmegimiziň kepilidir. Garaşsyzlyk mukamy biziň geçmişimiziň mirasy, şu günümiziň ruhy kuwwaty we geljegimiziň egsilmez owazydyr. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durnukly ösüş ýoly biziň bagtyýarlygymyzyň hemişelik badalgasydyr.
Maksat JANMYRADOW.








