Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen türkmen topragynyň tebigatyny goramakda, daşky gurşawyň ýagdaýyny sagdynlaşdyrmakda giň möçberli işlere badalga berilýär. Bu ulgamyň kanunçylyk-hukuk binýady kämilleşdirilip, bu babatda öňde durýan meseleleriň oňyn çözgütlerine giň ýol açyldy. Hakykatdanam, gözel tebigatymyz öýümiz bolany üçin onuň baý we gaýtalanmajak haýwanat hem-de ösümlik dünýäsini aýawly saklamaga çalyşmalydyrys.
Bu wezipe juda derwaýys bolany üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyz şu meseläni hemişe üns merkezinde saklaýar. Onsoňam, tebigatymyzy aýawly saklamakda her birimiziň saldamly goşandymyz bolmalydyr. Sebäbi, gözel ülkämiziň haýwanat we ösümlik dünýäsiniň köpdürlüligini saklap, ony geljekki nesillere ýetirmek şu günki nesliň derwaýys wezipesidir.
Güneşli Diýarymyzyň gözel tebigatyny goramak, onuň haýwanat we ösümlik dünýäsini, köpdürlüligini aýawly saklamak bilen tutumly işlere, bu ulgamyň kanunçylyk-hukuk binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Bu babatda ençeme kanunlar hereket edip, tebigaty goramagyň, tebigy baýlyklarymyzdan rejeli peýdalanmagyň kanunçylygyny kesgitleýär. Bu bolsa bagy-bossanly geljegimiziň wajyp meselesiniň bähbitli çözgüdine ýardam edýär. Tebigatymyza söýgini, oňa örän aýawly çemeleşmegi terbiýelemek hem wajyp wezipe bolmagynda galýar. Şol bir wagtda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek bilen bagly döwletimiz boýunça geçirilýän çäreleriňem ähmiýeti uludyr. Tebigaty goramak her birimiziň jana-jan borjumyz bolany üçin bu işden hiç birimiz çetde galmaly däldiris.
Maýsa KURBANOWA.








