Her bir güni beýik ösüşlere beslenýän gözel Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde sagdyn durmuş ýörelgeleri giň gerime eýe bolýar, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanýanlaryň sany gün geçdigiçe artýar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýen şygar astynda geçirilýän sport çäreleridir ýaryşlary halkymyzyň buýsanjyna buýsanç, guwanjyna guwanç goşýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek boýunça çäreler milli taglyma öwrüldi.
Sport — bu ynsan durmuşynyň bezegidir. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, sport bilen yzygiderli türgenleşmek adamy diňe bir beden taýdan taplaman, eýsem, onda erkinlik, zähmetsöýerlik, maksadaokgunlylyk duýgusyny ýokarlandyrýar. Her bir raýatyň sagdyn, berk bedenli, ruhubelent bolmagy üçin Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz sport ulgamyny ösdürmekde uly işleri alyp barýarlar. Ýurdumyzyň ähli ýerinde döwrebap sport desgalary köpçülikleýin gurlup, ulanylmaga berilýär. Dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilen sport desgalary häzirki döwürde ulynyň-kiçiniň gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Şäherdir obalaryň keşbini bezäp oturan sport binalary hemmeleriň kalbyna ruhy baýlyk paýlaýar.
Sporty, bedenterbiýäni söýmegiň belent nusgasyny görkezýän, ýurdumyzda sporty ösdürmäge giň ýol açýan Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize tükeniksiz alkyş aýdýarys.
Sülgün AKMYRADOWA.








