Halallygyň haky (Rowaýat)
Dag etegindäki obalaryň birinde bir oglan ýaşlykdan ýetim galyşyna, öz garry enesi bilen ýaşapdyr. Bu obanyň ýaşaýjylary ýylyň başyndan dag gerişlerine aýlanyp, jülgeleri söküp, gyşda ýakar ýaly odun ýygnar ekenler. Munuň üçin olar howa mümkinçilik berdigi, ýagny, ýazyň ahyryndan tä güýz aýaklap ýagyş-gar ýagýança hepdeläp odun ýygmaga gider ekenler. Bu oglanjyk hem ese-boýa galyp, murty taban ýigit bolup ýetişensoň obadaşlary bilen bile oduna gitmekçi bolupdyr. Bu barada ol enesine:
— Ene, menem indi öz odunymyzy özüm getirjek, goňşy-golamlaram şu çaka çenli gaýrat etdi. Meniň bir hepdelik azygymy taýynlap beräý, iki günden öňki gidenler gelýär. Onsoň, goňşular gitjekmiş, menem şolardan galmaýyn — diýipdir. Enesi agtyjagynyň ýigit çykanyna begenipmi, ýa-da oglunyň ýaşlykdan hojalygyň aladasyna ulaşmaly bolanyna gynanypmy, garaz, gözüne ýaş aýlap, ilki razylyk bermese-de soňlugy bilen agtygynyň aýdanyna unap, razy bolupdyr.
— Men onda hem-ä sähet soraýyn, hemem saňa ak pata alaýyn — diýip, obalaryndaky dili senaly gojanyňka ugrapdyr. Goja garry enäniň aýdanlaryny diňläp, bir sellem gymyldaman, böwrüni diňläp oturşyna birdenem ziňkildäp, tarsa ýerinden turupdyr-da, oglany odun ýygmaga ibermezligi sargapdyr.
Işikden çykyp barýarka gojanyň: «Howp bar, howp bar...” diýip, gaýtalan sözleri enäni üstünden gaýnag suw guýlan ýaly edipdir. Ol indi oglunyň oduna gitmegine çürt-kesik garşy bolupdyr.
— Sen entek ýaş, gaýalarda biten agaçlary çapyp bilmersiň, sen odunlaryň gurap-guramadygynam tanamarsyň, çykap daňyp, eşege-de ýükläp bilmersiň — diýen ýaly dürli bahanalar bilen ony alyp galjak bolupdyr. Emma oglan erjellik görkezip, öz diýenine tutup, odun ýygmaga gidýänlere goşulyp gitmek niýetinden dänmändir.
— Ene, sen hiç zady alada etme — diýip, goňşular hem oglana esewan boljakdyklaryna söz berip, duransoňlar ene: “Alla bardyr, kysmatymda näme bolsa göräýmeli borun-da” diýen pikir bilen, ahyry razy bolup, agtygyny oduna ugradypdyr.
Ene her gününi daga tarap seredip geçiripdir. Bir hepde geçensoň odunçylaryň geler wagty bolupdyr.
Adatça bolşy ýaly, odundan gelýänleriň öňünden çykýan adamlara goşulan ene hem görse, ynha agtygy hem eşegiň jylawyndan tutup, beýlekiler bile oba tarap gaýdýan ýoluň ugry bilen gelýär diýýär. Gidenleri garşylamaga gelen dana goja odunçylar ýanyna ýetenlerinde oglanyň odunyny eşekden düşürmegi buýrupdyr. Özi bolsa elindäki keser bilen daňylgy odunyň ilki birinji üýşmeginiň soňra ikinjisiniň ýüpüni kesip, olary ýabak bile pytratmaklaryny sorapdyr. Birinji üýşmegi pytradypdyrlar, hiç zat çykmandyr, ikinji üýşmegem pytradyp görseler hiç zat ýok diýýär. Onsoň, goja birsellem pikirlenip durşuna oglan bilen bile gelýän goňşusynyň hem goşuny ýazdyryp, üýşmek odunlary pytratmagy buýrupdyr. Ýene-de öňki hereketler gaýatalanypdyr. Oglanyň goňşusynyň ikinji daňysy çözülip pytradylyp başlananda bolsa, odunlyk töňňeler öz-özünden gymyldap başlapdyr. Birhaýukdanam odunlaryň arasyndan sogrulyp çykan ullakan ýylan owsunyp daga tarap süýnüp gidiberipdir. Bu ýagdaýa adamlar haýran galypdyr. Dana goja bolsa:
— Şu ýylan oglany çakmalydy, ýöne näme üçindir çakmandyr, bu ýerde bir hikmet bolmaly — diýipdir.
Oduna oglany ýany bilen alyp giden goňşusy şeýle wakany gürrüň beripdir. Odunlyga ýaraýjak töňňedir şahalar birki gün çapylyp, soňra goş ýazdyrylan ýere, eşekleriň ýanyna çekilip, üýşmek-üýşmek edilip, eşege ýüklemek üçin daňlyp goýulýar eken. Öýlänler birki arka odunyny getirip, indikisini almaga giden oglanyň goňşusy öz getiren odunlaryndan ýogyn-ýogyn töňňeleri oglanyň ýygyp üýşüren odununyň arasyna salandygyny, şeýtmek bilen ol oglanyň odunynyň köpelmegine ýardam etmekçi bolandygyny gürrüň beripdir. Ertesi ir bilen gaýtmakçy bolnup, odunlary eşege ýükläýmeli bolanda oglan: “Bu üýşmek meňki däl” diýip, içi ýogyn töňňelerden ybarat üýşmegi almakdan ýüz öwrüpdir. Şeýle bolansoň goňşusy hem bialaç ýogyn töňňelerden ybarat üýşmegi öz eşegine ýükläp, alyp gaýtmaly bolandygyny, ýylanyň çykyp giden odun üýşmeginiňem oglanyň almakdan ýüz öwren odunlyk töňňeli üýşmekdigini tekrarlapdyr. Dana goja bu gürrüňi eşidip:
— Öz hakyňa kaýyl bolmak— halallykdan nyşan. Halal kişiniň döwleti artar. “Halal işle, haýyr tap” diýleni-dä — diýipdir.
Taýýarlan
Atamyrat ÝAGŞYÝEW.