Ajap eýýamymyzyň ýyllarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ösüş-özgerişli aýdyň ýoly bilen “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly rowaç alýar. Ýurdumyzy syýasy, ykdysady-durmuş we medeni taýdan çalt depginlerde ösdürmekde belent sepgitlere ýetilýär. Bitarap döwletimiziň halkara giňişligindäki at-abraýy täze belentliklere çykýar.
Ösüş-özgerişlerimiziň gözbaşynda bolsa, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary durýar. Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz, Bitarap döwletimizi ähli ugurlar boýunça çalt depginlerde ösdürmekde giň möçberli işlere badalga berýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly we öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Türkmen halkynyň maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Şeýle tutumly işler bolsa, “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer taglymatyň rowaç alýandygyna şaýatlyk edýär.
Mälim bolşy ýaly, ýurt Baştutanymyzyň öňe süren “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen şygaryna eýerýän türkmen ili eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekýär. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” çäklerinde uly işler amala aşyrylýar. Öňdebaryjy tehnologiýaly döwrebap kärhanalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Sanly ykdysadyýetiň halk hojalygynyň ähli pudaklaryna, beýleki ulgamlara giňden ornaşdyrylmagynda uly işler bitirilýär. Önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalary we desgalary gurmakda ýokary netijeler gazanylýar. Şeýle ösüş-özgerişler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda-da rowaçlanýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde ähli tagallalar edilýär. Has takygy, milli ykdysadyýetimiziň iri pudagy bolan oba hojalygynda belent sepgitlere eýe bolunýar. Daýhanlarymyz döwlet Baştutanymyzyň berýän goldaw-ýardamyna daýanyp, dänäniň, pagtanyň, gant şugundyrynyň, gök we bakja önümleriniň, miwäniň bol hasylyny almakda uly ýeňişleri gazanýarlar. Şeýle ösüş-özgerişler bolsa, Garaşsyz döwletimiziň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryndaky ornunyň has-da pugtalandyrylmagyna kuwwatly itergi berýär. Ýurt Baştutanymyzyň tagallalary bilen telekeçiligiň ösdürilmegine uly üns berilýär. Bu bolsa täze öndüriji güýjüň milli ykdysadyýetimizde uly orna eýe bolmagyna ýardam edýär. Hususyýetçilerimiziň yhlas-tagallalary bilen halkyň köp sarp edýän harytlarynyň we önümleriniň bolçulygy döredilýär.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp ýöredýän öňdengörüjilikli daşary syýasaty uly üstünliklere beslenýär. Hemişelik Bitaraplygy BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalarynyň üçüsi bilen ykrar edilen Türkmenistan Watanymyzy bütin dünýä parahatçylyksöýüji döwlet hökmünde tanaýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň täze belentliklere çykýandygyna aýdyň subutnamadyr.
Türkmen halky Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň uly toýuny toýlar. Giňden belleniljek bu şanly sene Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň şan-şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylar we bu uly toýuň dabarasy dag aşar.
Baýram AMANOW.








