Ir döwürlerde bir küren oba bolupdyr. Ol obanyň adamlary örän agzybir ýaşapdyrlar hem-de bir-biregi biçak sylapdyrlar. Uz ýaşmakly gelinleriň sesi öýden daşary çykmandyr. Olar biri-biri bilen örän mylaýym gepleşipdirler.
Şol obanyň golaýyndan bol suwly ýap akyp geçipdir. Oba adamlary şol ýapdan agyz suwuny içipdirler. Mala-gara, ekin-dikine hem şol ýabyň suwundan peýdalanypdyrlar.
Tomsuň yssy günleriniň birinde obanyň gelinleriniň biri şol ýapdan çaý suwy almaga gidipdir. Ol akar ýabyň boýuna baryp, gaplaryny çaýkaşdyryp, suwdan doldurypdyr-da salkynjyraýyn diýip, özüniň kümüşden ýasalan ýaşmaklygyny aýryp börügine ildirip, el-ýüzüni ýuwmaga oturypdyr. Şol pursat gaýynatanyň ýoly hem ýaňky güzeriň üstünden düşäýipdir. Gözi güzerde oturan gelnine düşen gaýynata gelniniň tisginäýmeginden ätiýaç edip aljyrapdyr. Elini suwa sokan gelin hem agzynyň ýaşmaksyzlygyndan ejap edip, aljyrap, ýaşmaklygyny sermeýär. Gyssagarada ýaşmaklygy eline ilmänsoň, ol ýabyň ýakasynda biten gamyşyň ýapragyny dişleýär. Ýaprakda gelniň dişleriniň yzy galýar...
Gamşyň ýapraklaryna syn etseň, ýaprakda dişiň yzy ýaly kertijekler bardyr. “Şol kertijekler gelniň ýaprakda galan sadap dişleriniň yzy bolmalymyş” diýip, rowaýatda aýdylýar.
Taýýarlan
Ogulbäbek AGAJANOWA.








