Ata-babalarymyz “Daýhan mert — ýer jomart” diýip, örän jaýdar aýdypdyr. Çünki, yhlasly zähmet çekip, topragyň hyzmatyny ýetirseň, ýer berekedini bolluk bilen eçilýär. Munuň şeýledigini her bir kärendeçi zähmet tejribesinde göre-göre gelýär. Ýere yhlasly ideg edip, zähmetsöýer kärendeçiler ýurdumyzda azyk bolçulygyna mynasyp goşant goşmaga çalyşýarlar.
Şu günler gallaçy kärendeçiler bol hasyl ugrunda aladalanyp, ak ekiniň idegini agrotehnikanyň talaplaryna görä alyp barýarlar. Döküni, suwy ýetik bugdaýlar kadaly boý alýarlar. Ene topraga yhlasly ýer eýeleriniň zähmeti bilen töwerege gözellik berýän ýaşyl maýsalar orak möwsümine çenli dok maňyz däneler bolup ýetişer.
Her bir kärendeçiniň maksady “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda saçaklarymyzyň berekedi bolan ak bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmekden ybarat. Hormatly Prezidentimiziň toprakdan bol hasyl almak üçin döredýän mümkinçilikleri, berýän kömek goldawlary her bir zähmet adamsyny ýokary netijeleri gazanmaga ruhlandyrýar.
Halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy üçin ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan işleri hemişe üstünliklere beslensin!
Arzygül JAPAROWA.








