Welaýat häkimliginde hoşallyk maslahaty geçirilip, ol Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy buýrosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmaklarynda Ýolöten etrabynda “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň IV tapgyrynda ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany gurmak we şol möçberde harytlyk gazy çykarmak üçin ýeterlik boljak ulanyş guýularyny burawlamak işlerine badalga bermek dabarasyna bagyşlanyldy. Maslahata welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary, edara-kärhanalaryň, syýasy we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar.
Şanly ýylymyzyň möhüm wakasy mynasybetli geçirilen hoşallyk maslahatynda welaýatyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew, Sakarçäge etrabynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Allaberdi Çaryýew, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow, Mary etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň mugallymy Muhammet Allagulyýew, Murgap etrabynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Annamyrat Hotjyýew we beýlekiler çykyş etdiler. Olar “Galkynyş” gaz käniniň çäginde düýbi tutulan desganyň tebigy gazy senagat taýdan gaýtadan işläp, sarp edijilere ugratmakdaky ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň etdiler. Täze desganyň gurlup, ulanylmaga berilmeginiň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna mümkinçilik berjekdigi dogrusynda durup geçdiler. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri buýsançly ýaňlandy.
Maslahatda hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edildi.
Dabarada medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna tomaşa edildi.
Baýram AMANOW.








