,,Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini, ýeten sepgitlerini wagyz etmek maksady bilen Mary welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň we şäher, etrap Geňeşleriniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hem-de Mary welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamaklarynda ,,Ösüşlere beslenýän, bedew batly at-myratly Watanym“ atly maslahat duşuşygy geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Mary welaýat şäher ,etrap geňeşliginiň işjeň agzalary hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bagtyýar raýatlaryň asuda , bolelin durmuşda ýaşamaklary üçin döwlet derejesinde edilýän ägirt uly aladalar hem-de ýaş nesilleriň beden taýdan berk, ruhy taýdan sagdyn bolmaklary barada giňişleýin gürrüňler edildi. Maslahata gatnaşanlar il-ýurt bähbitli giň möçberli işleri amala aşyrýan we ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň saglygyny hemme zatdan ileri tutýan Hormatly Prezidentimiziň adyna çyn ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.
Nurjahan Mämmedowa.








