Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän ykdysady syýasatynda oba hojalyk pudagyny ösdürmeklige, ene toprakdan bol hasyl almaklyga uly ähmiýet berilýär. Bu iri pudagyň üstünlikli gadamlary “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda barha batlanýar. Beýleki oba hojalyk ekinleri bilen birlikde, “ak altynyň” bol hasylyny ýetişdirmekde ýokary netijeler gazanylýar. Şu günler bolsa, Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň uly toýunyň toýlanyljak ýylynyň bereketli pagta hasylyny kemala getirmek bilen bagly ýaz ekişi gyzgalaňly alnyp barylýar.
Pagta hasyly ýurdumyzyň dokma senagatynyň kärhanalary üçin gymmatly çig mal bolup, pagta arassalaýjy kärhanalarynda ony gaýtadan işlemekde uly işler bitirilýär. Pagta arassalaýjy kärhanamyzda “ak altynyň” hasylyny gaýtadan işlemekde tutanýerli zähmet çekilýär. Kärhanada pagtany guradyjy we arassalaýjy, byçgy, oklaw hem-de mehaniki - bejeriş sehleri hereket edýär. Olarda önümçilik ýokary depginde alnyp barylýar. Sehlerde önümçilik kuwwatlyklarynam netijeli peýdalanylyp, tehnologiki düzgünleriň gyşarnyksyz berjaý edilmegi gazanylýar. Tehniki howpsuzlygyň hem-de zähmeti goramagyň kadalarynyň berk berjaý edilmegine hemişe uly üns berilýär. Bu bolsa, howpsuz zähmetiň üpjün edilmegi bilen bagly meseledir.
Halypa-şägirtlik ýörelgesiniň ýol alýan ýerinde işem depginli barýar. Baý iş tejribeli halypalaryň ýörelgesine eýerýän ýaş işçileriň bilelikdäki tagallalary ýokary görkezijileriň gazanylmagyna getirýär. Kärhanamyzyň zähmetsöýer adamlary şanly ýylymyzy zähmet üstünliklerine beslemek ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Kärhanamyzyň öndürýän önümleri bolsa, ýurdumyzyň dokma senagatyny gymmatly çig mal bilen üpjün etmekde saldamly goşant bolýar.
Kerwen ZYRRYÝEW.








