Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri uly üstünliklere beslenip, şanly wakalary bilen şöhratlanýar. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýetilýän belent sepgitler beýleki ulgamlarda gazanylýan üstünlikler bilen utgaşýar. “Döwlet adam üçindir!” diýen taglymatdan gözbaşly adam hakda alada giň möçberli işlerde durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda döwrebap täze şäherçeler gurlup, ulanylmaga berilýär. Döwletli zaman şäherçesi bu gün behişdi mekany ýadyňa salsa, Wekilbazar, Türkmengala, Sakarçäge etraplarynda täze şäherçeleriň gurluşygy dowam edýär. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem welaýatymyzyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçäni gurmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, bu şäherçäni 2026 — 2030-njy ýyllarda tapgyrlaýyn gurmak bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kabul eden bu Karary welaýatymyzyň ýaşaýjylarynda ýokary ruhubelentlik, çäksiz hoşallyk, buýsanç duýgularyny döretdi. Döwlet baştutanymyz welaýatymyza iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Bu şanly waka Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirilen tutumly işleriň rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.
Hormatly Prezidentimiz welaýatymyza iş saparynda Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçäniň gurluşygyna ak pata berdi. 22,5 müňden gowrak ýaşaýja niýetlenen täze şäherçede jemi 4500 sany ýaşaýyş jaýlaryny gurmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem bu döwrebap şäherçede orta mekdepleriň 6-syny, çagalar baglarynyň 8-sini gurup, ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. 800 gektar meýdany tutjak täze şäherçäniň çäginde hassahana hem-de iki sany saglyk merkezlerini gurmak meýilleşdirilýär. Bu döwrebap şäherçede onuň ýaşaýjylary üçin ähli amatlyklaryň göz öňünde tutulandygyny ýatlamak ýakymlydyr.
Elbetde, täze şäherçäniň gurluşygyna berlen ak pata “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” şygarly ýylymyzyň şanly wakalarynyň biri bolup, guwanç duýgusyny döretdi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-gün bähbitli tagallalarynyň ýeňişlere beslenýändigine şaýatlyk edýär. Şanly ýylymyzyň iri möçberli tutumly işleri rowaç alyp, olar il-günümiziň eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Medeni-durmuş babatda ähli amatlyklar dörediljek täze şäherçäniň gurluşygyna ak pata berilmegi möhüm waka bolup, il-günümizde guwanç we buýsanç duýgusyny döretdi.
Täze şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasynda şirinden-şirin aýdym-sazlaryň owazy belentden ýaňlanyp, tansçylaryň şowhunly tanslary dabaranyň şatlyk-şagalaňyny artdyrdy.
Baýram AMANOW.








