Ýurdumyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda giň mümkinçilikler döredilýär. Mekdep okuwçylarynyň arasynda dürli ders hem taslama, döredijilik bäsleşikleri yzygiderli guralýar. Şeýle bäsleşiklere gatnaşyp, öz ukyp-başarnyklaryny aýan edýän ýaşlaryň bardygyna biz — mugallymlar, diýseň, guwanýarys. Biziň mekdebimizde hem okuwçy gyzlardyr oglanlar şeýle bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Olaryň gazanýan her bir üstünligi bolsa, biziň üstünligimiz bolup durýar.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda öz okuwçylarymyň birnäçesi ders hem taslama bäsleşiginiň şäher, welaýat we döwlet tapgyrlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara eýe boldular. Has takygy, mekdep okuwçylarynyň arasynda robot tehnikasy, takyk we tebigy ugurly okuw dersleri boýunça geçirilen ylmy-döredijilik bäsleşiginde mekdebimiziň 12-nji synp okuwçylary Leýli Batyrowanyň hem-de Resul Setdarowyň bilelikde alyp baran taslama işi şäher tapgyrynda 1-nji, welaýat tapgyrynda 3-nji, döwlet tapgyrynda 1-nji orunlara mynasyp boldy. Şeýle-de, şol bäsleşikde mekdebimiziň 12-nji synp okuwçylary Maral Çaryýarowanyň hem-de Arslan Mekanmyradowyň taslama işi şäher tapgyrynda 2-nji, welaýat, döwlet tapgyrlarynda 1-nji orunlary eýeledi. Ady agzalan okuwçylarymyzyň şu ýylda “Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşigiň çäginde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen taslama (ylmy-döredijilik) bäsleşiginiň fizika hem-de matematika dersleri boýunça welaýat tapgyrynda 2-nji, döwlet tapgyrynda 3-nji orunlara mynasyp bolandygyny hem aýratyn bellemek gerek.
Bulardan başga-da, okuwçylarymyz “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly ders bäsleşigine-de gatnaşýarlar. Üstümizdäki ýylda bu bäsleşikde okuwçymyz Leýli Batyrowa fizika dersi boýunça gatnaşyp, welaýat hem-de döwlet tapgyrlarynda 3-nji orny eýelemegi başardy. Okuwçymyzyň bu üstünligi ähli mugallymlaryň şatlygyna şatlyk goşdy.
Şeýle ajaýyp zamanada ýaş nesilleriň döwrebap şertlerde oňat bilim almagy, ylym bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlarymyzy aýdýarys.
Sona ATAGULYÝEWA.








