Bedew bady bilen öňe barýan gözel Diýarymyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bu ajaýyp şygar astynda geçirilýän sport çäreleridir ýaryşlary halkymyzyň buýsanjyna buýsanç, guwanjyna guwanç goşýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýol-ýörelgelerine eýerýän hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek boýunça nusgalyk işler edilýär.
Hormatly Prezidentimiz her bir raýatyň sagdyn, berk bedenli, ruhubelent bolmagy üçin sport ulgamyny ösdürmekde beýik işleri durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň ähli ýerinde döwrebap sport desgalary köpçülikleýin gurlup, ulanylmaga berilýär. Dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilen sport desgalary häzirki döwürde ulynyň-kiçiniň gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Şäherdir obalaryň keşbini bezäp oturan sport binalary hemmeleriň kalbyna ruhy baýlyk paýlaýar. Mundan başga-da, saglyk ýolundaky ýörişler, welosipedli ýöriş ýaly sportuň ruhlandyryjy görnüşleri hem saglygyň berkemegine getirýär. Türkmen türgenleriniň halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmagy üçin giň ýol açylyp, şol ýaryşlarda ýeňiş gazanyp gelýän ýaşlarymyza bütin halkymyz guwanýar.
Sport — ynsan durmuşynyň bezegi. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, sport bilen yzygiderli türgenleşmegiň adamy diňe bir beden taýdan taplaman, eýsem, ol erkinlik, zähmetsöýerlik, maksada okgunlylyk duýgusyny ýokarlandyrýar.
Jennet BEGENJOWA.








